Türkmenistanda hepdäniň başynda ýagyşly howa bolar

Türkmenistanda hepdäniň başynda ýagyşly howa bolar

Şu hepdäniň dowamynda Türkmenistanyň ähli sebitlerinde ýagyş ýagar. Bu Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň Türkmenistanda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumatynda aýdylýar. Türkmenistan gazetinde çap edilen habarda şeýle bellenilýär:

Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -1... +4 gradusdan +4... +9 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +20... +25 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +11... +16 gradus maýyl bolar.

Ahal welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -1... +4 gradusdan +5... +10 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +7... +12 gradusdan +20... +25 gradus aralygynda maýyl bolar.

Mary welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -2... +3 gradusdan +5... +10 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +7... +12 gradusdan +20... +25 gradus aralygynda maýyl bolar.

Lebap welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -3... +2 gradusdan +4... +9 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +6... +11 gradusdan +18... +23 gradus aralygynda maýyl bolar.

Daşoguz welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine 0... -5 gradus sowukdan +2... +7 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +3... +8 gradusdan +15... +20 gradus aralygynda maýyl bolar.

Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 10 — 12 metrden 13 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine 0... +2 gradusdan +6... +8 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +9... +11 gradusdan +20... +22 gradus aralygynda maýyl bolar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda hepdäniň dowamynda ýagyş ýagmagyna garaşylýar
Türkmenistanda ýagyş ýagmagyna garaşylýar
Hepdäniň dowamynda Türkmenistanyň ähli sebitlerinde gar gatyşykly ýagyş ýagar
Şu hepde Türkmenistanda howanyň sowamagyna garaşylýar
Türkmenistanda howanyň -8 gradusa çenli sowamagyna garaşylýar
Lebapda ýene güýçli tozanly ýel turdy
Türkmenistanda hepdäniň dowamynda ýagyşly howa bolar