Türkmenistanda hepdäniň ahyrynda gar ýagmagyna garaşylýar

Türkmenistanda hepdäniň ahyrynda gar ýagmagyna garaşylýar

Hepdäniň ahyrynda, ýagny şenbe güni Türkmenistanyň tutuş çäginde diýen ýaly garyň ýagmagyna garaşylýar.

12-nji martda Aşgabatda howanyň temperaturasy +12 gradus bolar, 80%-e çenli ähtimallyk bilen gar gatyşykly ýagynyň ýagmagy mümkin. 13-nji martda, ýagny şenbe güni garyň ýagmak ähtimallygy 100%-e barabar bolup, gündizine howa -2 gradusa, agşam bolsa -7 gradusa çenli sowar. Sowuk howa ertesi gün hem dowam eder, ýöne 15-ne howanyň azda-kände ýylamagy mümkin.

Ahal welaýatynyň Änew, Tejen, Bäherden etraplarynda hem, çen bilen, şeýle howanyň bolmagyna garaşylýar.

12-nji martda Balkan welaýatynda-da ýagyş ýagar. Şemal gündogardan öwser we agşam günorta-gündogara ugruny üýtgeder. Gije ýagyş gara öwrülip, temperatura +5 gradusa çenli bolar. 13-nji martda günüň dowamynda az-kem gar ýagar, howa gündizine - 0, agşam - 2 gradus bolar. 14-nji martda howa açylar.

12-nji martda Daşoguz welaýatda bulutly howa bolar, gündiz howanyň temperaturasy +1 .. +3 derejä ýetip, şemalyň demirgazyk-gündogardan öwüsmegine garaşylýar.Martyň 12-sinden 13-ine geçilýän gije garyň ýagmagy mümkin. Şenbe güni günuzyn garyň ýagmagyna, howanyň temperaturasynyň -4 ... -6 gradus bolmagyna garaşylýar. 14-nji martda açyk we güneşli howa bolup, howanyň temperaturasynyň -5 gradusa çenli noldan aşak düşmegi ähtimal. 15-nji martda gündiz howanyň 0 ... + 2 gradusa çenli maýlamagyna garaşylýar.

Mary welaýatynda 12-nji martda howa bulutly, ýöne +20 gradusa çenli maýyl bolar. Gijelerine azajyk ýagyş ýagar. 13-nji martda - şenbe güni günüň dowamynda ýagyşly howa garaşylýar, howanyň temperaturasy + 1 ... + 2 gradus bolar. Agşam ýagşyň gara öwrülmegi mümkin, temperatura -5 gradusa çenli aşak düşer. 14-nji martda howa açylyp, gündizine temperatura + 3 ... + 4 gradus bolar.

Lebap welaýatynda howanyň 12-nji martda bulutly bolmagyna, gündizine howanyň temperaturasynyň + 17 ... + 21 gradusa ýetmegine garaşylýar.Agşam howanyň temperaturasy +12 gradusa ýetip, ýagşyň ýagmagy we onuň 13-nji mart - şenbe güni hem dowam etmegi ähtimal.

Günüň ortalarynda güýçli bolmadyk ýagşyň haýaljak gara öwrülmegi mümkin.Agşam howanyň temperaturasy -6 gradusa düşer. 14-nji martda günortan howa açylyp, temperatura 0 ... - 2 gradus bolar. 15-nji martda +8 gradusa çenli maýyl we açyk howa bolar diýlip çaklanylýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda gar ýagdy, käbir sebitlerde tok we gaz üpjünçiligi kesildi, ýol hadysalary köp boldy
Türkmenistanda hepdäniň ahyrynda garyň ýagmagyna garaşylýar
Türkmenistanda howa öňümizdäki üç günüň dowamynda ýene garly we aýazly bolar
Ýangyjy nädip tygşytlamaly?
Asmandaky pamyklar
Tolkun nädip emele gelýär?