Türkmengeologiýa Döwlet korporasiýasynyň bölümleri Hazar deňziniň kenarýaka zolagynda nebit-gazly täze ýerleri gözläp tapma, şeýle hem eýýäm kesgitlenen ýataklarda barlag we goşmaça barlag taslamalaryny üstünlikli durmuşa geçirýärler.
Türkmenistan: Altyn asyr web saýtynda habar berlişi ýaly, häzirki wagtda Türkmengeologiýa döwlet korporasiýasynyň Balkan geofiziki ekspedisiýasynyň hünärmenleri bu zolagyň Gögerendag Ekerem gaz-nebitli sebitinde 2D we 3D seýsmik barlag hem grawimetrik işlerini alyp barýarlar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, Türkmengeologiýa döwlet korporasiýasy bilen Ýug-Neftegaz Private Limited şereketiniň arasynda Goturdepe ýatagynyň gündogar böleginde 3D seýsmik barlaglary geçirmek, Balkan etegi nebit-gazly sebitiň Günorta Burun meýdançasynda bolsa 2D seýsmik barlaglary geçirmek barada şertnama baglaşyldy. Şu ýyl başlanmagy meýilleşdirilýän kenarýaka zolagynyň bu kyn sebitlerinde alnyp barylýan işler, agtaryş-barlag burawlama arkaly gaz-nebitli ýerleri mundan beýläk-de öwrenmek üçin täze mümkinçilikleri açar.
Hazar deňziniň kenarýaka zolagynda Türkmengeologiýa döwlet korporasiýasynyň Balkannebitgazgözleg, Lebapnebitgazgözleg we Marynebitgazgözleg ekspedisiýalary nebit-gazly ýerleri tapmak üçin, çuň guýulary burawlamak boýunça meýilnamalary durmuşa geçirýär.
Häzirki wagtda bu ekspedisiýalar Gögerendag Ekerem gaz-nebitli sebitiň Akpatlawuk, Keýmir, Ekerem, Gamyşlyja, Günbatar Körpeje, Maşat, Garadaşly meýdançalarynda; Gyzylgum gaz-nebitli ýerde bolsa Ördekli we Uzynada meýdançalarda; Balkan nebit-gazly sebitiň Demirgazyk Goturdepe, Barsagelmez we Günorta Kelkor meýdançalarynda buraw işlerini alyp barýarlar.
Soňky agzalan sebitiň meýdançalaryndaky çuň guýularyň agtaryş-barlag işleriniň ýokarda ady agzalan şereket tarapyndan öň geçirilen 2D we 3D seýsmik barlag netijelerine esaslanyp geçirilýär.
Şeýle-de okaň: