12-nji awgustda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Hazar deňziniň güni dabaraly bellenildi.
Mälim bolşy ýaly, Hazar deňziniň gününi bellemek hakyndaky çözgüt 2007-nji ýylyň maýynda Baku şäherinde geçirilen Tähran Konwensiýasynyň birinji maslahatynda Hazarýaka ýurtlar (Russiýa Federasiýasy, Azerbaýjan Respublikasy, Eýran Yslam Respublikasy, Gazagystan Respublikasy we Türkmenistan) tarapyndan kabul edildi. 2006-njy ýylyň 12-nji awgustynda Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak hakynda Çarçuwaly konwensiýa güýje girdi.
Tähran Konwensiýasy Hazaryň deňiz gurşawyny aýawly saklamaga, dikeltmäge we gorap saklamaga gönükdirilendir. Öňde goýlan wezipeler tebigaty goramagyň ykrar edilen halkara ýörelgeleriň birnäçesine, hususan-da, Hazar deňziniň biologik baýlyklaryndan rejeli peýdalanmaga, daşky gurşawa ýetirilýän täsirlere baha bermäge, oňa gözegçilik etmäge esaslanýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistan bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygyň işjeň gatnaşyjysy bolup, ähli gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar bilen, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde durnukly ösüşiň üpjün edilmegine, Hazaryň deňiz gurşawynyň goralmagyna gönükdirilen oňyn gatnaşyklary çuňlaşdyrmak ugrunda çykyş edýär.
Hazarýaka sebitde ýaşaýan halklaryň, şol sanda dünýädäki ähli halklaryň abadançylygynyň hatyrasyna gönükdirilen, has takygy, täsin suw giňişliginiň baýlyklaryny aýawly saklamak we artdyrmak, daşky gurşawyň abadançylygyna aýawly çemeleşmek maksatlary durýar. Şu gezekki dabaralar hem ýurdumyzyň alyp barýan ekologiýa syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky aýdyň beýany boldy.
Baýramçylygyň çäklerinde ylmy-amaly maslahat, sergi, sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar geçirildi. “Hazar deňzi: durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk” atly ylmy-amaly maslahat hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi we Hazar deňzi instituty tarapyndan Daşary işler ministrliginiň goldaw bermeginde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky “Berkarar” myhmanhanasynda guraldy.
Maslahata Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ugurdaş düzümleriň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri, ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri gatnaşdylar.Myhmanlaryň hatarynda Hazarýaka döwletleriň, şeýle-de Türkiýäniň, Gruziýanyň, Rumyniýanyň, Beýik Britaniýanyň, Täjigistanyň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň, abraýly halkara we sebit guramalarynyň wekilhanalarynyň, şol sanda BMG-niň hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasynyň, Ösüş maksatnamasynyň, Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky merkeziniň, BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň Merkezi Aziýada we Kawkazda balykçylyk we akulakultura boýunça komissiýasynyň, Bütindünýä bankynyň, Halkara deňiz hukugy boýunça institutynyň, Halkara ummanlar institutynyň we beýlekileriň wekilleri bar.
Myhmanhananyň eýwanynda Hazar deňziniň tebigy gözelliklerini, ýurdumyzyň tebigaty goramak ulgamynda ýeten sepgitlerini görkezýän sergi ýaýbaňlandyryldy.
Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Hazar deňzi: durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk atly ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Gutlagda oňyn Bitaraplyk syýasatyna esaslanyp, Türkmenistanyň Hazar deňziniň parahatçylygyň, ynanyşmagyň we dostlugyň deňzi bolmagy ugrunda tagallalaryny dowam etdirýändigi bellenilýär.
Maslahatyň gün tertibine Hazarýaka ýurtlaryň hyzmatdaşlygynyň ykdysady, durmuş, ekologik meseleleriň birnäçesiniň çözgüdini özünde jemleýän durnukly ösüşi üpjün etmek bilen bagly möhüm meseleleri girizildi. Çykyşlarda degişli ulgamda sebit döwletlerinde, “Hazar ekologiýa maksatnamasy” atly sebit maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde alnyp barylýan köptaraply işler giňişleýin beýan edildi.
Foruma gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, Hazarýaka döwletleriň bäşisiniň Hökümetleri tarapyndan tassyklanan Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak hakynda Çarçuwaly konwensiýa (Tähran Konwensiýasy) Hazar ekologiýa maksatnamasynyň möhüm üstünligi boldy.Häzirki wagtda bu resminamada kesgitlenen halkara hukuk esaslary Hazar meselesiniň dürli ugurlaryny kadalaşdyrmaga gönükdirilen täze hukuk namalarynyň işlenip taýýarlanylmagynda we kabul edilmeginde öz beýanyny tapýar.
Hazar deňziniň kenarýaka zolagynyň tebigatyny goramak boýunça çäreleri düzgünleşdirýän başga-da birnäçe resminamalaryň, şol sanda Eýranyň Ramsar şäherinde BMG-niň suwda ýaşaýan guşlaryň ýaşaýan ýerleri hökmünde halkara ähmiýetli Suw-batgalyk ýerler hakynda Konwensiýasynyň (Ramsar Konwensiýasy) kabul edilendigi nygtaldy.
Ol tutuşlygyna ekoulgamlaryň bir görnüşine ýa-da habitatlaryň bir görnüşine — haýsydyr bir anyk biologik görnüşiň ýa-da görnüşleriň ýaşaýan tebigy gurşawyna (tokaýlar, ýerasty gowaklar, köller, derýalar we beýlekiler) bagyşlanan ilkinji ählumumy halkara ylalaşyk bolup durýar.
Hazarýaka döwletleriň diplomatik wekilhanalarynyň wekilleriniň çykyşlarynda häzirki günde sebitde howpsuzlyk, ykdysadyýet, ekologiýa we tebigy serişdelerden peýdalanmak ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumyny öz içine alýan şertnama-hukuk binýadynyň kemala gelendigi nygtaldy.
Deňizde hyzmatdaşlyk etmegiň möhüm meselelerine degişli bäştaraplaýyn pudaklaýyn resminamalaryň taslamalary işlenip taýýarlanyldy.Hazar deňzi kenarýaka ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, foruma gatnaşyjylar Hazar deňziniň durnukly ösüşiniň, tebigy ekoulgamy daşky gurşawyň durnuklylygyny kepillendirýän derejesine çenli yzygiderli dikeltmegiň kenarýaka döwletleriň ählisiniň bilelikdäki tagallalary netijesinde mümkin boljakdygyny bellediler.
Bu ugurda alnyp barylýan bilelikdäki işleriň netijeliligini artdyrmak maksady bilen, BMG Türkmenistanyň Hazar deňziniň suw gurşawynyň ekologik taýdan howpsuzlygyny üpjün etmek, onuň bioserişdelerini hem-de gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryny rejeli peýdalanmak baradaky garaýyşlaryny, türkmen tarapynyň Hazarda ylmy barlaglary geçirmek hakynda Ylalaşygy işläp taýýarlamak boýunça başlangyjyny goldaýar diýip, maslahata gatnaşyjylar nygtadylar.
Hazary parahatçylygyň we ylalaşygyň mekanyna, ähli meseleleri diňe syýasy-diplomatik serişdeler arkaly, döwletleriň özygtyýarlylygyna hem-de çäk bitewüligine hormat goýmak esasynda çözmegiň nusgasyna öwürmek ugrundaky umumy maksatlardyr tagallalar özara gatnaşyklaryň kesgitleýji şerti bolup durýar. Hazaryň biologik serişdeleriniň, deňiz gurşawynyň ýagdaýyna yzygiderli gözegçiligi amala aşyrmak, bu ugurda ylmy barlaglaryň giň toplumyny geçirmek hem möhüm wezipeleriň hataryndadyr.
Çykyşlarda ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi bilen gatnaşyklaryň ugurlary giňişleýin beýan edildi.Merkez Türkmenistanyň ekologiýa we ykdysady howpsuzlygy pugtalandyrmaga, sebitleýin hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen başlangyçlaryny goldaýar. ÝHHG tarapyndan sebit derejesinde durmuşa geçirilýän iri başlangyçlaryň we taslamalaryň hatarynda ekologik taýdan arassa, ýaşyl energiýany ilerletmek bilen birlikde, birnäçe köpugurly wezipeleri çözmäge gönükdirilen Hazar deňzi sebitinde ýaşyl portlara we özara baglanyşyga ýardam bermek taslamasyna aýratyn üns çekildi.
Maslahata gatnaşyjylar forumyň netijelerini jemläp, Hazarýaka ýurtlarda bellenilýän Hazar deňziniň gününiň sebitde hyzmatdaşlygy, parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmagyň möhümdigini ýene-de bir gezek äşgär etmek üçin mümkinçilikdigini bellediler hem-de Hazar deňziniň ygtybarly ekologik goraglylygyny, onuň umumy abadançylygyň, ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän mümkinçiliklerini ösdürmegi üpjün etmekde halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmegiň zerurdygyny aýtdylar.
Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.Onda bildirilen myhmansöýerlik we şu gezekki çäräniň guramaçylygynyň ýokary derejesi, forumy geçirmek üçin döredilen ajaýyp şertler, tebigaty goramak çärelerine berilýän üns, tebigy serişdeleriň rejeli peýdalanylmagyny, Hazaryň daşky gurşawynyň netijeli goralmagyny üpjün etmek ugrunda ekologik maksatly wajyp taslamalaryň durmuşa geçirilýändigi üçin hoşallyk beýan edilýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hazar deňziniň güni mynasybetli guralan çäre oňa gatnaşyjylarda we myhmanlarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyryp, Ýer ýüzüniň bu täsin tebigy “merjenini” gorap saklamak ugrunda hyzmatdaşlygy berkitmegiň ýolunda ýene bir möhüm ädim boldy.
Myhmanlar üçin Awaza milli syýahatçylyk zolagyna gezelençleri göz öňünde tutýan medeni maksatnama taýýarlandy.