Türkmenistanda Hatyra güni bellenildi

Türkmenistanda Hatyra güni bellenildi

Şu gün Türkmenistanda Hatyra güni bellenildi, 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalary, şeýle-de ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlar hatyralandy.

Şunuň bilen baglylykda, Aşgabat şäherinde ýerleşýän Halk hakydasy ýadygärlikler toplumyna gül goýmak hatyra çäresi geçirildi. Çärä gatnaşmak üçin Türkmenistanyň müňlerçe raýaty ir säher bilen ýadygärlikler toplumyna geldi.

Gül goýmak çäresinde 1948-nji ýylyň 5-nji oktýabryndan 6-njy oktýabryna geçilýän gijesinde Aşgabat ýertitremesinde şehit bolanlaryň ýagty ýadygärligi hatyralandy. 170 müňden gowrak adamyň ömür tanapyny kesen tebigy betbagtçylyk türkmen paýtagtyny weýran edipdi. Şol pajygaly wakadan bäri 75 ýyl geçdi.

Mälim bolşy ýaly, Aşgabadyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän Halk hakydasy ýadygärlikler toplumy gaýduwsyz gahrymanlara uly sarpa, türkmen halkynyň öz geçmişine hormat goýmagynyň özboluşly nyşany hasaplanýar.

Ýene degişli makalalar

1-nji awgustda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Türkmenistanyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň serhet wekilleriniň duşuşygy
Srebrenina Genosidinde Pida Bolanlar Hatyralanar
Gurbanguly Berdimuhamedow Eýranyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň Hatyra kitabyna ýazgy ýazdy
Türkmenistanyň Prezidenti Hatyra güni mynasybetli çärelere gatnaşdy
Hormatly Prezidentimiz Hatyra güni mynasybetli çärelere gatnaşdy