Türkmenistanda Hasyl toýy dabaraly bellenildi

Şu gün ýurdumyzda türkmen topragynyň rysgal-berekedini, oba hojalyk işgärleriniň zähmetsöýerligini, ekerançylarymyzyň tagallasy bilen ýetişdirilen bol hasyly alamatlandyrýan Hasyl toýy giňden bellenildi.Türkmenistan — rowaçlygyň Watany şygary bilen geçýän şu ýyl ýurdumyzyň pagtaçylary ak altynyň 1 million 50 müň tonnadan gowragyny ýygnap, öz üstüne alan borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler.

Gallaçylarymyz hem Watan harmanyna 1 million 600 müň tonnadan gowrak bugdaý tabşyryp, borçnamany abraý bilen ýerine ýetirdiler.Miwe, gök-bakja önümlerini öndürijiler hem bol hasyl ösdürip ýetişdirdiler.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan giň gerimli oba hojalyk özgertmeleriniň çäklerinde türkmen ekerançylary uly üstünlikler gazandylar. Ýer we suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, dolandyryş ulgamyny hem-de obasenagat toplumyny sebitler boýunça ýöriteleşdirmek işleriniň kämilleşdirilmegi, ekerançylyk işine bazar gatnaşyklarynyň oýlanyşykly ornaşdyrylmagy hem-de beýleki möhüm çäreler döwlet oba hojalyk syýasatynyň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny hem-de bu ugurda anyk netijeleri şertlendirdi.

Ekerançylara uly ýeňillikler berilýär, pudak tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrylýar, iň täze tehnologiýalar we ylmy işläp taýýarlamalar işjeň ornaşdyrylýar, bu çäreler ata-babalarymyzyň ekerançylyk ýerlerinden rejeli peýdalanmagyň köp asyrlyk tejribesi bilen bilelikde, oba hojalygyny okgunly ösdürmegiň ygtybarly binýadyny emele getirýär. Ýurdumyzda oba hojalyk önümlerini öndürijilere hemmetaraplaýyn döwlet goldawynyň yzygiderli berilmegi, türkmen obasyny mundan beýläk-de ösdürmek üçin kuwwatly ykdysady binýadyň üpjün edilmegi häzirki wagtda pudakda önümçiligiň möçberleriniň artdyrylmagynyň ygtybarly kepilidir.

Oba hojalyk meýdanlaryny suw bilen üpjün etmegi hem-de olaryň meliorasiýa ýagdaýyny gowulandyrmak babatynda, täze tarp ýerleri özleşdirmek, täze oba hojalyk tehnologiýalaryny peýdalanmak, maldarçylykda seçgiçilik hem-de tohumçylyk işlerini kämilleşdirmek ulgamynda anyk çäreler geçirilýär.

Bu çäreler toplumynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ekerançylary ýylyň-ýylyna gymmatly, oba hojalyk ekinleriniň, ozaly bilen bolsa, bugdaýyň we pagtanyň bol hasylyny ýetişdirýärler. Şunlukda, oba hojalyk işgärleri ýurdumyzyň azyk howpsuzlygynyň binýadyny pugtalandyrýarlar hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyryklaryny ýerine ýetirmek bilen, ýurdumyzyň ýokary hilli oba hojalyk önümleriniň eksport edilýän mukdaryny yzygiderli artdyrmak üçin zerur şertleri döredýärler.

Ekerançylyk ýerleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmakda hem-de tohumçylyk-seçgiçilik işlerini ösdürmekde ylma möhüm orun degişlidir.Bu gün ugurdaş ylmy-barlag institutlarynyň tutuş toplumy, tejribe-synag hojalyklary, ylmy-önümçilik merkezleri türkmen alymlarynyň ygtyýaryndadyr, bu edaralar dünýäniň iň gowy tejribesini öwrenmekde, barlag işlerini geçirmekde, geljegi uly işläp taýýarlamalary önümçilige ornaşdyrmakda hakyky tejribe meýdançalaryna öwrüldi. Şanly waka mynasybetli däp boýunça paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda hasyl ussatlaryny sarpalamak, dürli medeni-köpçülik we sport çäreleri, ýörite maslahatlar hem-de sergiler geçirildi, bereketli saçaklar giňden ýazyldy.

Hasyl toýunyň öň ýanynda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň binasynda öňdebaryjy kärendeçileri, pagtaçylary, mehanizatorlary, agronomlary, seçgiçi alymlary we bu pudagyň ösdürilmegine mynasyp goşant goşýan beýleki hünärmenleri sarpalamak dabarasy guraldy.Dabaranyň barşynda şu ýyl has ýokary netijeleri gazanan oba hojalygynyň öňdebaryjylaryna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda döwlet sylaglary gowşuryldy.

Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Türkmenistan — rowaçlygyň Watany: oba hojalyk önümleri we dünýä bazary atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.Aşgabat atçylyk sport toplumy ýurdumyzda geçirilýän baýramçylyk çäreleriniň merkezi boldy, onuň göwnejaý bezelen meýdançasynda şu gün ir bilen oba hojalyk pudagynyň öňdebaryjylaryna gutlag sözleri beýan edildi.

Dabara Ministrler Kabinetiniň agzalary, Mejlisiň ýolbaşçylary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň baştutanlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň paýtagtymyzyň hem-de welaýat häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ylym, medeniýet we sungat işgärleri, hormatly ýaşulular, talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Bu ýere Aşgabadyň köp sanly ýaşaýjylary we myhmanlary ýygnandylar, olar baýramçylyk çärelerine gatnaşyp, ýokary hasyl ussatlarynyň, tanymal ekerançylaryň adyna öwgüli sözler aýtdylar, ekerançylaryň tutanýerli zähmeti bilen şu ýyl bol hasyl ýetişdirildi.

Asylly milli däplere laýyklykda, hemmeler duz-çörek bilen garşylanylýar, bereketli saçak başyna çagyrylýar. Ýörite gurnalan sahnada estrada aýdymçylary hem-de welaýatlaryň we paýtagtymyzyň döredijilik toparlary oňyn özgertmeleriň başyny başlan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Watanymyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleri wasp etdiler.

Laçyn, Serpaý, Näzli tans we folklor toparlarynyň ýerine ýetirmeginde oba zähmetkeşlerine, asyrlaryň dowamynda bereketli türkmen topragynda bol hasyl ýetişdirýän ýer eýelerine bagyşlanan edebi-sazly çykyşlar ýaňlandy.Bu köp öwüşginli sahnalar ähli dabaralara aýratyn joşgunlylyk çaýdy, onuň maksatnamasyna häzirki zaman äheňlerinde gaýtadan işlenen gadymy halk aýdymlary we tanslary, sahnalaşdyrylan täsin däp-dessurlar we beýlekiler girizildi.

Baý many-mazmunly baýramçylyk tomaşasynda milli sungatyň baýlygy we özboluşlylygy, dürli ugurlary, dowamatlylygy beýan edildi. Çykyşlardan ruhlanan tomaşaçylar milli Küştdepdi tansyna el çarpdylar, bu gadymy tansda gözellik we sazlaşyk hem-de çuňňur many-mazmun beýan edilýär. ýygnananlar hem bu tansa goşuldylar.

Bu özboluşly tans gadymyýetde peýda bolup, soňra has kämilleşdirildi we biziň günlerimize çenli gelip ýetdi.Mälim bolşy ýaly, 2017-nji ýylda Küştdepdi ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.

Belli estrada aýdymçylarynyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan Size ömür--bize döwür, Arkadag!atly watançylyk aýdymy konsertiň jemlenmesi boldy, onuň belent joşguny baýramçylyga gatnaşyjylaryň we myhmanlaryň kalbynda Watanymyza, onuň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa belent buýsanç duýgusyny oýardy.Tomaşaçylar hem agzybirlikde bu joşgunly aýdyma goşulyşdylar. Ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň hem-de gaýtadan işleýän senagatynyň gazananlaryny beýan edýän açyk asmanyň astynda sergi guraldy.

Bu ýerde obasenagat toplumynyň düzümleri öz önümlerini görkezdiler.Pagtaçylyk we gallaçylyk, maldarçylyk pudaklarynyň, azyk senagatynyň, dokma senagatynyň önümleri, iň täze oba hojalyk tehnikasynyň nusgalary hemmelerde uly gyzyklanma döretdi. Şeýle hem bu ýerde iň täze oba hojalyk tehnikasynyň nusgalary goýlupdyr.

Bu ýere gelýänler kombaýnlardan pagtanyň we dänäniň awtoulaglara ýüklenilişini synlap bilýärler.Döwletimiz obasenagat toplumyny innowasiýa esasynda inžener-tehniki üpjünçilik meselelerini oňyn çözmek arkaly öndürijiligini kämilleşdirilen iň täze kysymly tehnikalary satyn alyp, oba hojalyk önümçiliginiň mukdaryny yzygiderli ýokarlandyrmak, şol sanda meýdan işlerini bellenen agrotehniki möhletde hem-de ýokary hilli ýerine ýetirmegiň hasabyna hasyllylygy artdyrmak üçin ähli şertleri döredýär.

Oba hojalyk işgärleriniň zähmet öndürijiligi hem-de hünär derejesi, iş şertleri kämilleşdirilýär, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, munuň özi hem-de oba hojalygynyň netijeliligini we girdejililigini ýokarlandyrmagyň möhüm şertidir.

Tehnikalara hyzmat etmek işleri ýerlerde hem, ähli welaýatlarda döredilen hyzmat merkezlerinde hem alnyp barylýar.Bu merkezleriň işgärleri Ýewropa ýurtlarynda we ABŞ-da okuw tejribeligini geçdiler.Kompaniýalaryň Türkmenistandaky hyzmat merkezlerinde, öndüriji zawodlaryň okuw merkezlerinde yzygiderli guralýan okuwlarda türkmen hünärmenleriniň bilimini artdyrmagy hem özüniň oňat netijesini berýär.

Hormatly Prezidentimiziň görkezmesi boýunça ýurdumyzyň ugurdaş ýokary okuw mekdeplerinde iň döwrebap oba hojalyk enjamlaryny talabalaýyk ulanmak boýunça täze dersler girizildi, ýörite okuw tapgyrlary guraldy. Özboluşly, uly bolmadyk emeli pagta meýdany sergä gelýänleriň aýratyn ünsüni çekdi.

Türkmenistan ýurdumyz üçin örän möhüm bolan pagtany ösdürip ýetişdirmegiň taryhy ýörelgelerini gorap saklamak we baýlaşdyrmak bilen dünýäde ýokary hilli iri pagta öndürijileriň biri bolup durýar.Milli Liderimiz bu ugurda ýurdumyzyň dünýä bazaryndaky ornuny pugtalandyrmak üçin ähli tagallalary edýär.

Pagta süýümi Diýarymyzda dokma senagatynyň onlarça döwrebap kärhanalary üçin möhüm çig maldyr.Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu pudagyň okgunly ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär.Türkmenistanda öndürilýän nah ýüplükler we matalar, örme hem-de jinsi matalar, häzirki zaman dizaýnerlik hem-de tehnologiýa çözgütleri esasynda olardan taýýarlanylan önümler daşary ýurtlarda uly islege eýedir.

Sergide orta süýümli we aýratyn gymmatly inçe süýümli pagtanyň saýlama görnüşleri bilen tanşyp bolýar, şolaryň her biri türkmen seçgiçileriniň köp ýyllyk işleriniň ajaýyp miwesidir. Ýumşajyk ak pagta süýüminden diňe bir ýüplük, mata ýa-da egin-eşik taýýarlanylman, ondan lukmançylyk pamygy, kosmetika serişdeleri, dokalmaýan önümler we tehniki maksatly beýleki serişdeler hem öndürilýär.

Pagta birnäçe azyk önümlerini taýýarlamak üçin hem çig mal bolup hyzmat edýär, şolaryň hatarynda pagta ýagy bar, gowaçanyň güllerinden ýygnalan ary baly bolsa üýtgeşik tenakärlik häsiýeti bilen tapawutlanýar. Şeýle hem ýurdumyzyň welaýatlarynyň sergi bölümlerinde pagtadan doldurylan horjunlar, altyn başly bugdaý sümmülleri, tamdyrda täze bişirilen çörekler, pişmeler, beýleki milli tagamlar görkezilýär.

Sergide bugdaýyň iň gowy görnüşleriniň nusgalary bilen tanşyp bolýar, olar köp ýyllyk önümçilik synaglarynyň jemidir, şol synaglaryň netijeleri ýurdumyzyň dürli sebitleriniň toprak-howa şertlerinde iş tejribesinde tassyklanyldy.Hasar, Degirmen, Tomus ady bilen owadan gaplara gaplanan çörek, unaş hem-de süýji-köke önümleriniň görnüşleri sergini bezeýär.

Bularyň ählisi hususy telekeçiligiň gazanan üstünlikleridir, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow olary gadymdan gelýän, şeýle hem döwrebap tehnologiýalary peýdalanmak arkaly ýokary hilli önümleri öndürmek işlerine gönükdirýär.Köp görnüşli ýokary hilli azyk önümleriniň önümçiligini giňeltmek Diýarymyzyň telekeçileriniň öňünde goýlan möhüm wezipeleriň biridir.

Soňky ýyllarda ýurdumyzda un çykarýan kärhanalaryň, çörek bişirilýän kiçi kärhanalaryň, unaş we süýji-köke önümlerini öndürmek boýunça bölümleriň tutuş toplumy peýda boldy, bu önümler ýerli çig malyň binýadynda taýýarlanylýar. Öndürilýän önümleri göwnejaý gaplamak üçin mümkinçilikler döredildi, pudagyň tehniki binýady düýpli pugtalandyryldy, bu bolsa täze bişirilen çörek önümlerini sarp edijilere gysga gyzgyny bilen ýetirmäge mümkinçilik berýär. Ýurdumyzyň her sebiti üçin mahsus bolan milli tagamlar toýa gatnaşyjylaryň we myhmanlaryň aýratyn ünsüni çekdi, şolary taýýarlamak sungaty öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar, aýawly goralyp saklanylýar hem-de nesilden-nesle geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, milli aşpezlik sungatdy islendik halkyň medeniýetiniň aýrylmaz bölegidir hem-de onuň taryhy we durmuş ýörelgeleri barada gyzykly maglumatlary berip biler.Welaýatlaryň sergi bölümleriniň tekjelerinde ýerleşdirilen çörek önümleriniň dürli görnüşleri—külçe, petir, ýagly çörek, etli çörek, süýtli çörek myhmanlaryň ünsüni çekdi.

Bu önümleriň ýanynda ak buhanka çöregi, kädiden, pomidordan taýýarlanan dürli önümler we beýlekiler goýlupdyr.Bu baýramçylykda görkezmek üçin ýörite taýýarlanylan tagamly tortlar dabara gatnaşyjylaryň ýokary bahasyna mynasyp boldy.

Bugdaý sümmülleri, ak öýler, köşejikler şekillendirilen tort önümleri hem sergini bezedi. Şolary öndüren ussat konditerler bu ýere gelýänlere öz hünärleriniň inçe tilsimleri barada gürrüň berdiler.Bu ýerde bakja, miwe önümleriniň, gök ekinleriň we beýleki oba hojalyk önümleriniň dürli görnüşleri görkezilýär, şolar häzirki wagtda ýurdumyzyň söwda dükanlarynda hem-de bazarlarynda alyjylara hödürlenilýär. Şeýle hem bu ýerde möhüm oba hojalyk ekinleriniň baý genofondy, ýurdumyzyň tohumçylyk pudagynyň mümkinçilikleri barada düşünje alyp, türkmen seçgiçileriniň köp ýyllyk tutanýerli işleriniň netijeleri bolan hem-de ýerli toprak-howa şertlerinde iň gowy tarapdan özüni görkezen oba hojalyk ekinleriniň nusgalary bilen tanşyp bolýar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň asyrlaryň jümmüşinden biziň günlerimize çenli gelip ýeten oba hojalyk ekinleriniň görnüşleriniň diňe bir goralyp saklanylmagyna däl-de, häzirki zaman tohumçylyk ylmynyň ösdürilmegine hem aýratyn üns berýändigi giňden bellidir.

Welaýatlaryň bölümlerinde goýlan Waharman, Garrygyz, Gyzyl gülaby ýaly gawunlaryň, Jeýhun, Serdar, Dişim atly belli garpyzlaryň, Palaw kädi, Daş kädi Düwdibişer, şeýle hem gök ekinleriň we miweleriň tohumlary giňden görkezildi.

Sergi gymmatlyklary — zähmet gurallary hem-de gadymy döwürlerde ekin meýdanlaryny işläp bejermek, bugdaý öndürmek, däne üwemek we beýleki işler üçin ekerançylara enjam hökmünde hyzmat eden gurallar milletimiziň ekerançylyk medeniýetiniň köp asyrlyk däpleri barada maglumat berýär.

El bilen işledilýän, suw hem-de ýel degirmenleri arkaly ata-babalarymyz dänäni üwäp, un alypdyrlar hem-de tamdyrlarda çörek bişiripdirler, tamdyrlaryň kiçijik nusgalary hem baýramçylyk sergisinde görkezilýär.Türkmen ak öýleri dabara aýratyn öwüşgin çaýdy, şolaryň golaýynda bagşylar dutarda halk aýdymlaryny ýerine ýetirmegiň ýokary ussatlygyny görkezdiler.

Bu ýerde ýüň işýän, keçe basýan we haly dokaýan zenanlaryň işlerini, şeýle hem türkmenleriň ajaýyp zergärçilik we haly sungatynyň önümlerini, keşdelenen lybaslary synlap bolýar.Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu sungatlaryň ösdürilmegine öz kitaplaryny bagyşlady.

Dürli sport oýunlary, pälwanlaryň tutluşyklary aýratyn baýramçylyk ýagdaýyny döretdi.Bularyň ählisi Diýarymyzyň dürli sebitleri üçin mahsus bolan halk aýdymlarynyň owazlary bilen sazlaşdy.Folkloryň we milli däp-dessurlaryň özboluşly sazlaşygyny emele getirýän festiwal daşary ýurtly myhmanlarda uly täsir galdyrdy.

Türkmen heýkeltaraşlary, suratkeşleri, zergärler ýurdumyzyň ekerançylarynyň zähmetine bagyşlanan iň gowy eserlerini görkezdiler, şeýlelikde, olar serginiň köp öwüşginli döredijilik bölümini guradylar.Myhmanlar we dabara gatnaşyjylar ýaşajyk suratkeşleriň işleýşini hem synladylar, geljekki sungat ussatlary türkmen topragynyň, ata Watanymyzyň rysgal-berekedini doly beýan etmäge çalşyp, dürli şekilleri çekdiler.

Atçylyk sport toplumyna barýan ýodajygyň bir tarapynda Diýarymyzyň sport mekdeplerinde tälim alan türgenler ussatlyklaryny görkezdiler.Dabaranyň resmi bölegi atçylyk sport toplumynyň öňünde ýörite gurnalan sahnada dowam etdi. Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň merdana oba hojalyk zähmetkeşlerine, hasyl ussatlaryna hem-de Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň halkyna iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler.

Gutlagda Hasyl toýunyň döwlet derejesinde giňden bellenilmeginiň çuňňur many-mazmuna eýedigi nygtalýar. Çünki bu toý halkymyzyň yhlas bilen zähmet çekip, gazanan baýlyklaryna, sahawatly türkmen topragyndan öndüren hasylyna bolan buýsanjyň aýdyň beýanydyr.

Döwlet Baştutanymyz öz Gutlagynda daýhanlarymyzyň ýokary öndürijilikli zähmet çekmegi, toprakdan bol hasyl öndürip, halal zähmeti bilen baýamagy üçin ähli şertleriň döredilýändigini belledi.Oba hojalyk ekinlerini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ösdürip ýetişdirmekde, ýetişdirilen hasyly çalt we ýitgisiz ýygnap almakda daýhanyň daýanjy bolan ýokary öndürijilikli döwrebap oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň yzygiderli satyn alynmagy, topragyň berekedini artdyrýan mineral dökünler, ýokary hilli tohumlar we ekinleriň zyýankeşlerine garşy ulanylýan himiki serişdeler bilen daýhanlaryň ýeňillikli bahadan üpjün edilmegi hem-de önüm öndürijiler bilen tabşyrylýan hasyl üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegi bu aýdylanlara aýdyň şaýatlyk edýär.

Döwletimiziň yzygiderli aladasyna oba zähmetkeşleri yhlasly zähmeti bilen jogap berýärler, sahabatly türkmen topragynda bol hasyly ýetişdirip, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň ösdürilmegine uly goşant goşýarlar.Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gutlagy şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy.

Obasenagat toplumynyň işgärleriniň adyndan hormatly Prezidentimize Bereketli atly ajaýyp ahalteke bedewi sowgat berildi, onuň nesil daragty gözbaşyny şöhratly bedewlerden alyp gaýdýar.Dabara gatnaşyjylar oba zähmetkeşleri hakynda edýän yzygiderli aladalary, ekerançylaryň netijeli zähmeti üçin döredilen şertlere milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan edip, täze zähmet üstünlikleri bilen Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň abadançylygyna uly goşant goşjakdyklaryna ynandyrdylar.

Döredijilik toparlary aýdym-sazly çykyşlarynda Watanymyzyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gazanan üstünliklerini, zähmetsöýer halkymyzyň milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösmegine kuwwatly itergi beren ähli oňyn özgertmeleriň başyny başlaýjy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda ýeten sepgitlerini joşgunly wasp etdiler.

Paýtagtymyzyň atçylyk sport toplumynda dabaralar Hasyl toýy mynasybetli guralan at çapyşyklary bilen dowam etdi.Köpleriň uly gyzyklanma bilen tomaşa edýän sportuň bu görnüşiniň joşgunly we köp öwüşginli äheňleri hakyky ýyndamlyk hem-de gözellik bäsleşigine öwrülýär.

Ynsan we bedew jübütlikde çykyş edip, güýji, çalasynlygy, nepisligi bilen tomaşaçylary haýran galdyrýar.Bu gezek ahalteke bedewleri bäş çapyşykda öz ýyndamlygyny, çalasynlygyny hem-de çeýeligini görkezdiler. Çapyşyklaryň başlanýandygy yglan edilende münberlerdäki tomaşaçylarda uly ruhubelentlik ýagdaýy döredi, bedewler bolsa aýlawyň çapuw ýodasy bilen öňe okduryldylar. 1400 metr aralyga geçirilen birinji çapyşykda Kelete diýen dor at 1 minut 34,1 sekuntda geçip, iň gowy wagty görkezdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli bu aty 3-nji derejeli çapyksuwar B.Berdimuhammedow çapdy. 1400 metr aralyga geçirilen ikinji çapyşykda bellenen menzili 1 minut 30,7 sekuntda geçen Ülker diýen dor ata taý tapylmady.

Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň Türkmensenagat agentligine degişli bolan bu bedewi A.Kiçigulow çapdy. Üçünji çapyşyk hem çekeleşikli boldy.Onda çapyksuwar B.Begliýew Bamy diýen dor at bilen bu aralygy 1 minut 34,3 sekuntda geçip, birinji orny eýelemegi başardy.

Dördünji çapyşykda çapyksuwar D.Berdimämmedow Bürgüt diýen bedewde ýeňiş gazandy (1 minut 31,5 sekunt). 1800 metr aralyga geçirilen çapyşyga dört we ondan uly ýaşar bedewler gatnaşdy. Şonda çapyksuwar B.Agamyradow Görmegeý atly bedewde ýeňiş gazandy (2 minut 04,9 sekunt).

Atçylyk sport toplumynyň münberlerini dolduryp oturan tomaşaçylar ahalteke bedewleriniň çekeleşikli bäsleşiklerini tolgunma bilen synladylar.At çapyşyklary bedewleriň ýokary derejesini kesgitlemäge mümkinçilik berýär hem-de olara dünýä ýaryşlaryna gatnaşmaga ýol açýar.

Atçylyk boýunça türkmen türgenleri bu ugurda özleriniň ýokary ussatlyk derejesini görkezdiler, muňa milli ýygyndy toparymyzyň halkara ýaryşlarynda toplan tejribeleri hem şaýatlyk edýär.hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu pudagyň ösdürilmegine yzygiderli üns bermegi netijesinde ýurdumyzda ýokary derejeli ýaryşlary geçirmek üçin hem ähli şertler döredilýär. Ýaryşlaryň ýeňijilerine mynasyp bolan baýraklary gowşuryldy.

Aşgabat atçylyk sport toplumynda guralan baýramçylyk çapyşyklary tamamlandy, emma bu ýerde aýdym-sazlar uzak wagtlap ýaňlandy, tans edildi, şadyýanlyk we ruhubelentlik ýagdaýy soňra hem dowam etdi.

Ýene degişli makalalar

10.11.2019 | Türkmenistanda Hasyl toýy dabaraly bellenildi
Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda baýramçylyk dabaralary
Türkmenistanyň Prezidenti Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyndaky baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy
Täk ýaşly ýetginjekleriň arasynda küşt boýunça Türkmenistanyň birinjiligi geçirildi
Germaniýada iş orunlarynyň sany rekord derejä ýetdi
Elektroulag öndürijisi üç sany zawod gurar