Türkmenistanda halkara ylmy forum geçirildi

Türkmenistanda halkara ylmy forum geçirildi

Düýn 11-nji oktýabrda paýtagtymyzda Gündogaryň meşhur akyldary we lukmany Abu Aly ibn Sinanyň umumadamzat ähmiýetli mirasy atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim ministrlikleri hem-de Ylymlar akademiýasy tarapyndan bilelikde guralan forum Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe bagyşlandy.

Halkara ylmy gatnaşyklary pugtalandyrmaga, şeýle-de Abu Aly ibn Sinanyň köpugurly mirasyny wagyz etmäge gönükdirilen maslahat utgaşykly görnüşde Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde geçirildi.Halkara ylmy maslahata ýurdumyzyň alymlary, professor-mugallymlary, ýaş alymlar, şeýle-de daşary ýurtlardan myhmanlar — Russiýadan, Germaniýadan, Azerbaýjandan, Türkiýeden, Özbegistandan, Belarusdan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Ermenistandan we beýleki döwletlerden alymlar sanly ulgam arkaly işjeň gatnaşdylar.

Alym, akyldar, lukman, tebigaty öwreniji, saz nazaryýetçisi, matematik we psiholog, dermanlary öwreniji, astronom, şahyr Abu Aly Hüseýin ibn Abdulla ibn Aly ibn Hasan ibn Sina X-XI asyryň beýik şahsyýetleriniň biridir.

Günbatar döwletlerinde ol Awisenna ady bilen giňden tanalýar.Haçan-da onuň ady tutulanda, bilimleriň baý dünýäsine eýe bolan we şolaryň ählisini 29 ylmy ugur boýunça 450 kitapda beýan eden meşhur ensiklopediýaçy alymyň keşbi göz öňüňde janlanýar.

Abu Aly ibn Sinanyň ömri türkmen halkynyň taryhy bilen berk baglanyşyklydyr. Ömrüniň 12 ýylyny Gündogaryň ylym merkezleri hökmünde giňden tanalan Ürgenç, Merw, Bawert, Nusaý şäherlerinde geçiren alym özüniň ýiti zehini, paýhasy, tejribesi, binýat goýujy nazaryýetleri bilen ylmy açyşlary edip, gaýtalanmajak eserleri döredip geljek nesillere uly miras galdyrypdyr.

Ibn Sinanyň öz döwrüniň ylym kerweniniň başyny çeken beýik şahsyýetler — taryhçy, astronom, geodezik Abu Reýhan Biruny, filosof, lukman we matematik Abul-Haýr Hammar, meşhur pir we şahyr Abusagyt Abylhaýyr — Mäne baba bilen halypa-şägirtlik we ussatlyk gatnaşyklary, bu akyldarlaryň ylmyň baýlaşmagyna goşan goşantlary halkymyz üçin aýratyn buýsançlydyr.

Ýene degişli makalalar

Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni giňden bellenildi
Atgulak dermanlyk ösümlik
Köneürgenç Merkezi Aziýanyň derwezesi
21.09.2017 | “Aşgabat 2017” oýunlarynyň açylyş dabarasynda türkmenleriň janlandyrylan taryhy: Dhistan we Köneürgenç
“Aşgabat 2017” oýunlarynyň açylyş dabarasynda türkmenleriň janlandyrylan taryhy: Dhistan we Köneürgenç
Arkadag şäherinde ilkinji Halkara maýa goýum forumy geçiriler, Türkmenistanyň lukmançylyk ugurly ýokary okuw mekdebinden ibn Sinanyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi we beýleki habarlar