Şu gün paýtagtymyzda “Energetika ulgamyndaky durnukly hyzmatdaşlyk ählumumy ösüşiň möhüm şertidir” atly halkara onlaýn maslahat geçirildi.Maslahaty hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça “Türkmengaz” hem-de “Türkmennebit” döwlet konsernleri guradylar.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk senesine gabatlanylyp geçirilýän foruma 32 ýurtdan 220-den gowrak wekil, nebitgaz kompaniýalarynyň 80-siniň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri, ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, abraýly halkara guramalaryň hem-de maliýe edaralarynyň, diplomatik we ylmy toparlaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Dünýäde halkara gatnawlara girizilen çäklendirmeler bilen baglylykda, daşary ýurtlaryň wekilleriniň 120-si möhüm meseleler boýunça ara alyp maslahatlaşmalara sanly aragatnaşyk ulgamy arkaly goşuldy.Forumyň dabaraly açylyşy “Türkmengaz” döwlet konserniniň Tebigy gaz ylmy-barlag institutynyň maslahatlar zalynda boldy. Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagyny üns bilen diňlediler. “Uglewodorod serişdeleriniň uly gorlaryna eýe bolan ýurdumyzyň energetika strategiýasy ýangyç-energetika toplumyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge hem-de Türkmenistanyň dünýäniň energetika ulgamyna sazlaşykly goşulmagyna gönükdirilendir.
Köpugurly gaz geçiriji ulgamy döretmek, türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ugratmagyň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak pudagy ösdürmekde geçirilýän işleriň möhüm ugurlarydyr” diýlip, Gutlagda bellenilýär.Forumyň barşynda energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk bilen baglanyşykly meseleleriň ençemesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Munuň özi ähli döwletleriň we halklaryň okgunly ösmegini üpjün etmek üçin uly ähmiýete eýedir.Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan energetika diplomatiýasyna aýratyn üns berildi.Diýarymyzyň halkara hukuk ýagdaýy şol diplomatiýanyň üstünlikli amala aşyrylmagyna ýardam edýär. Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, geçen çärýek asyryň dowamynda Türkmenistanyň baky Bitaraplygy özüni häzirki döwrüň wajyp wezipelerini çözmekde, döwletleriň hem-de halklaryň arasyndaky dostlugy, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň täsirli guraly hökmünde görkezdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, durnukly ösüş arkaly parahatçylygy pugtalandyrmak ýörelgesi Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň esasyny düzýär.Munuň özi Garaşsyz türkmen döwletiniň giň gerimli halkara ykdysady taslamalary iş ýüzünde durmuşa geçirmäge gönükdirilen diplomatiýasynyň esasy ugurlarynyň biridir.
Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisini gurmak ýaly möhüm ähmiýetli taslamanyň durmuşa geçirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.Taslama gatnaşyjylaryň ählisiniň we hyzmatdaşlaryň pikirine görä, bu gaz geçiriji sebitiň ykdysady ösüşine, ýurtlaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine kuwwatly itergi berer.
Häzirki wagtda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň 214 kilometrlik türkmen bölegindäki ýangyç geçirijini çekmek işi tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.TOPH gaz geçirijisiniň umumy uzynlygy 1840 kilometre barabar bolup, onuň taslamada göz öňünde tutulan geçiriş ukyby ýylda 33 milliard kub metre deňdir.
Bu taslama dünýäniň döwletleri hem-de abraýly halkara maliýe edaralary tarapyndan goldanylýar.Diýarymyzyň dünýäniň iri energetika döwletleriniň biri hökmündäki derejesi tebigy gazyň gorlaryna, şol sanda ägirt uly “Galkynyş” känine berlen garaşsyz baha arkaly tassyklanyldy.
Energiýa gorlarynyň möçberi boýunça bu kän dünýäde ikinji orny eýeleýär. Şol gaz käni we beýleki ýataklaryň birnäçesi açylandan soň, Türkmenistan tebigy gazyň subut edilen gorlary boýunça dünýä görkezijisinde dördünji orunda durýar. Ýurdumyz Aziýanyň energetika bazarynda möhüm orun eýeleýär.
Häzir Hytaý Halk Respublikasy türkmen gazyny iň köp mukdarda alýan ýurt bolup durýar. 2009-njy ýylyň dekabrynda ulanylmaga berlen Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý transmilli gaz geçirijisiniň üç şahasy boýunça (A, B, C) mawy ýangyjyň ýylda 40 milliard kub metre golaýy iberilýär.
Geljekde türkmen tebigy gazynyň her ýylda Hytaýa iberilýän mukdary 65 milliard kub metre ýetiriler.Türkmenistan gazy Orta Aziýa — Merkez gaz geçirijisi boýunça Russiýa iberýär hem-de mawy ýangyjy günorta ugur boýunça eksport etmek üçin ähli tehniki mümkinçilikler we serişdeler binýadyna eýedir.
Turbageçiriji ulgamyň ösdürilmegi bilen birlikde, uglewodorod serişdelerini düýpli gaýtadan işlemäge aýratyn üns berilýär.Munuň özi geljekde ýurdumyzyň ykdysadyýetinde esasy orunlaryň birini eýelär.Soňky ýyllarda gazhimiýa toplumlarynyň birnäçesi ulanylmaga berildi. 2018-nji ýylda Günora Koreýanyň hem-de Ýaponiýanyň kompaniýalarynyň konsorsiumy tarapyndan Balkan welaýatynda gurlan Gyýanly polimer zawody şolaryň biridir.
Ahal welaýatyndaky zawody hem ajaýyp mysallaryň biri hökmünde görkezmek bolar. Şol ýerde “Gazy benzine öwürmek” (GTG) tehnologiýasynyň esasynda dünýäde ilkinji gezek tebigy gazdan sintetiki awtoulag ýangyjyny senagat taýdan öndürmek ýola goýuldy.
Bu toplum ýapon-türk konsorsiumy tarapyndan guruldy we 2019-njy ýylyň iýun aýynda ulanylmaga berildi.Dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän ýokary goşmaça bahaly önüm çykarmak üçin ýakyn wagtda şeýle senagat kärhanalarynyň ýene-de birnäçesini gurmak meýilleşdirilýär. Şunuň bilen birlikde, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyny döwrebaplaşdyrmak işi tapgyrlaýyn alnyp barylýar.
Häzirki wagtda, birnäçe desganyň durky täzelenenden hem-de täze desgalar gurlanyndan soň, ýurdumyzda öndürilýän senagat önümleriniň umumy möçberiniň dörtden bir bölegi bu toplumyň paýyna düşýär.Munuň özi nebit önümlerini ýurdumyzyň eksport kuwwatynyň esasy bölegine öwürýär.
Sentýabr aýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda taslama kuwwaty sagatda 70 megawat bolan gazturbinaly energo bloklaryň ikisiniň düýbüniň tutulmagy Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany diýen şygar astynda geçýän şu ýylyň esasy wakalarynyň birine öwrüldi.
Maslahata gatnaşyjylara Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň gazananlary barada gürrüň berýän wideofilm hödürlenildi.Ilkinji gezek Aşgabat forumynda Halkara gaz birleşiginiň baş sekretary Luis Bertran Rafekas çykyş etdi.Bu birleşik dünýäniň energetika ulgamynyň abraýly düzümleriniň biridir.
Gazçylaryň milli assosiasiýalary hem-de iri kompaniýalar — dünýäniň 71 ýurdunyň gaz senagatynyň wekilleri bu birleşigiň agzalary bolup durýar.Jenap Rafekasyň umumy mejlisde hödürlän çykyşy “COVID-19-dan soňky döwürde tebigy gaz dünýäniň energetikasynda” diýen mowzuk bilen baglanyşykly boldy.
Energetika BMG-niň kabul eden “2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibini” üstünlikli durmuşa geçirmek üçin möhüm ähmiýete eýedir.Bu Gün tertibi durnukly ösüş ulgamynda 17 maksady özüne birleşdirýär. Şol maksatlaryň ählisine — ykdysady, durmuş we ekologiýa häsiýetli maksatlara ýetmek durnukly energiýa üpjünçiligi bilen baglanyşyklydyr.
Soňky onýyllyklaryň dowamynda tebigy gazy ulanmakda durnukly ösüş göze ilýär.Tebigy gaz ykdysady we energetika babatda örän netijeli, arzan hem-de ekologiýa taýdan arassa ýangyçlaryň biri bolup durýar.
Munuň özi oňaýly daşky gurşawy üpjün etmäge ýardam edýär.Bilermenleriň köpüsi hut tebigy gazyň koronawirus pandemiýasy zerarly ýüze çykan çökgünlikden soň ykdysadyýeti dikeltmäge saldamly goşant goşup biljekdigi baradaky pikir bilen ylalaşýar. Öňküsi ýaly, senagat we elektrik energetikasy dünýäde gaza bolan islegiň esasy çeşmeleri bolup çykyş edýärler.
Turbageçirijiler arkaly gazy ibermegiň geosyýasy ähmiýetiniň artmagy, suwuklandyrylan tebigy gazyň bazarlarynyň giňeldilmegi gaz pudagynyň esasy ugurlarynyň biridir.Howanyň üýtgemegine we onuň zyýanly netijelerine garşy göreşmek boýunça dessin çäreleriň görülmeginiň zerurdygyny nazara almak bilen, tebigy gaz geljegiň energetikasy üçin esas bolup durýar.
Mälim bolşy ýaly, döwletleriň köpüsi tarapyndan gol çekilen Pariž ylalaşygy hut şuňa gönükdirilendir.Bu ylalaşyk 2020-nji ýyldan başlap, atmosferanyň düzüminde kömürturşy gazynyň möçberini azaltmak boýunça çäreleri kadalaşdyrýar. “Tebigy gaz durnukly energetika geçmekde esasy ugurdyr” atly çykyş hut şu mowzuga bagyşlandy.
Maslahatda bu mesele boýunça Ählumumy gaz merkeziniň ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro çykyş etdi.Energetika Hartiýasynyň Baş sekretary Urban Rusnagyň, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň baştutany Natalýa Drozdyň, forumyň beýleki gatnaşyjylarynyň çykyşlarynda ählumumy ykdysadyýetiň ornuny pugtalandyrmagyň dünýä energetikasynyň durnuklylygyna gönüden-göni baglydygyna aýratyn üns berildi.
Munuň özi bolsa wajyp wezipeleriň birnäçesini, şol sanda energiýa serişdelerini öndürmek, olary ibermek hem-de ahyrky netijede sarp etmek ulgamlaryny öz içine alýan energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek wezipelerini öň hatara çykarýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisinde wideoýazgy arkaly çykyş edip, Türkmenistanyň energiýanyň üstaşyr iberilmeginiň durnuklylygy we ygtybarlylygy ulgamynda BMG-niň halkara-hukuk guralyny döretmek boýunça işi işjeňleşdirmegi göz öňünde tutýandygyny nygtady. Ýurdumyzyň bu babatdaky garaýşy energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna çykarylyşynyň bu işe gatnaşyjylaryň ählisiniň deňhukuklylygyna hem-de olaryň bähbitlerini ykrar etmäge we göz öňünde tutmaga esaslanan adalatly hem-de aýdyň ýörelgelerde amala aşyrylmalydygy baradaky pikir bilen baglanyşyklydyr.
Energiýa akymlarynyň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegi bu maksada ýetmegiň möhüm wezipesidir.Bu mesele “Türkmenistanyň energetika diplomatiýasy: transmilli turbageçirijiler — durnukly ösüşiň we energetika howpsuzlygynyň esasy ugurlary” atly mejlisiň barşynda hemmetaraplaýyn ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hususan-da, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky ilçisi Diýego Ruiz Alonso, “CNPC” kompaniýasynyň baş direktory Li Şulýan, BMG-niň Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça ýörite wekili Natalýa German we beýlekiler çykyş etdiler.
Türkmenistanyň energetika diplomatiýasyny ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin maksatnamasynyň taslamasynyň işlenilip taýýarlanylandygyny bellemelidiris.Bu resminama BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary, Halkara energetika agentligi, Energetika Hartiýasynyň Sekretariaty we beýleki ugurdaş düzümler bilen hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny kesgitleýär.
Diýarymyzda tebigy serişdeleri rejeli ulanmak, energiýanyň netijeliligini ýokarlandyrmak, alternatiw energetikanyň kuwwatyny pugtalandyrmak we ondan netijeli peýdalanmak meselelerine hem uly üns berilýär. Şu maksatlarda BMG-niň Ösüş maksatnamasy, ÝHHG, Energiýanyň dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentlik (IRENA) bilen bilelikde Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmek boýunça 2030-njy ýyla çenli Milli strategiýanyň taslamasy taýýarlanyldy.
Onda bu ugurdaky ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi.Oksfordyň energetika barlaglary institutynyň ylmy işgäri Juliýan Bouden birinji mejlisiň jemini jemledi.OIES dünýäde energetika babatda esasy garaşsyz barlag institutlarynyň biridir.
Ol nebit, gaz we elektrik energetikasy bazarlarynda halkara energetikanyň ykdysadyýetiniň hem-de syýasatynyň öňdebaryjy barlaglaryny geçirmäge ýöriteleşdirilendir.Maslahatyň ikinji, jemleýji mejlisi ösüşiň we durnuklylygyň hereketlendiriji güýji hökmünde maliýe edaralarynyň ornuna bagyşlandy.
Bu mejlisde “TAPI Pipeline Company Limited” konsorsiumynyň baş ýerine ýetiriji direktory Muhammetmyrat Amanow, Owganystanyň Merkezi bankynyň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Ajmal Ahmadi, Aziýanyň ösüş bankynyň hem-de Credit Suisse bankynyň wekilleri çykyş etdiler.
Forumyň çäklerinde ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň düzümleýin edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we olaryň geljekki hyzmatdaşlarynyň arasynda onlaýn duşuşyklar geçirildi.Duşuşyklaryň barşynda nebitgaz pudagynda özara gatnaşyklaryň strategik ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.