Türkmenistanda halkara nebitgaz maýa goýum forumy öz işine başlady

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda çarşenbe güni “Türkmenistanyň nebiti we gazy 2021” (OGT-2021) atly halkara maýa goýum forum öz işine başlady.

OGT-2021 “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan “Türkmen Forum” hojalyk jemgyýeti we Beýik Britaniýanyň “GaffneyCline” kompaniýasy bilen bilelikde gurnaldy.

Şu ýyl geçirilýän halkara foruma 42 ýurtdan 490 wekil gatnaşdy. Halkara syýahat çäklendirmeleri sebäpli bu çäre onlaýn görnüşde hem geçirilýär.

Umumy mejlise başlamazdan ozal premýer-ministr Şahym Abdrahmanow tarapyndan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara iberen haty okaldy.

“Sizi Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn” diýip, Döwlet Baştutanymyz halkara foruma gatnaşyjylara ugradan hatynda aýtdy. Şeýle-de Milli Liderimiz nebitgaz toplumyny ösdürmek boýunça öňde duran wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde bu halkara forumyň ähmiýeti örän uludyr diýip belledi.

Forum ýangyç-energetika pudagynyň ösüşindäki global özgertmeleri we bu ugurda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TAPI) gaz geçirijisiniň gurluşygyny öz içine alýan sebitleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegini ara alyp maslahatlaşmak üçin meýdança bolup hyzmat edýär.

Umumy mejlis BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň wezipesini ýerine ýetirijisi Kristin Weýgand tarapyndan alnyp baryldy.

Umumy mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow Türkmenistanyň maýa goýum syýasaty bilen tanyşdyrdy. Şeýle hem, ministr käbir ýyllarda ýurduň maýa goýum derejesi jemi içerki önümiň 45-48%-e ýetendigini belläp, onuň öz gezeginde Türkmenistanyň durnukly ösýän ykdysadyýetini döretmäge mümkinçilik berendigini aýtdy.

Şeýle hem, Muhammetgeldi Serdarow Türkmenistanda innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak we iri senagat desgalaryny gurmak arkaly 2024-2025-nji ýyllarda ýurduň jemi içerki önüminiň ösüş depgini 8%-den gowrak bolmagyna garaşylýandygyny aýtdy.

Azerbaýjanyň “SOCAR” milli nebit kompaniýasynyň baş direktory Rownag Abdullaýew hem öz gezeginde Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň nebitgaz işewürliginiň ähli ugurlarynda uly üstünlikleri gazanandygyny aýtdy.

“Biz goňşy ýurt bolan Türkmenistanyň kompaniýalary bilen Günorta Gaz geçelgesiniň turbageçiriji ulgamlarynyň we türkmen baýlyklaryny halkara bazarlaryna daşamak üçin “Baku-Tbilisi-Jeýhan” nebit geçirijisiniň giň mümkinçiliklerini paýlaşmaga taýýardyrys” diýip, Rownag Abdullaýew nygtady.

Forumyň ahyrynda birnäçe şertnamalara we Ähtnamalar gol çekmek dabarasynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda iki hökümet agzasy we maliýe ýolbaşçysy çalyşdy  
Serdar Berdimuhamedow iki sany wise-premýeri täzeledi we täze maliýe ministrini wezipä belledi, Türkmenistan Türkiýä goşmaça ynsanperwer kömegini iberdi, Türkmenistanyň iň gowy etraby $1 mln möçberinde pul baýragyny alar we beýleki habarlar
SOCAR kompaniýasy Türkmenistanda wekilhana açmak boýunça gepleşik geçirýär
SOCAR “OGT 2023” halkara maslahatynyň we sergisiniň premýer hyzmatdaşy boldy
“Eni Turkmenistan Limited” “OGT 2023” forumynyň bürünç hyzmatdaşy boldy
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň mejlisi geçirildi
Belgiýanyň žurnaly ýewropaly okyjylara Türkmenistanyň gazananlary barada gürrüň berdi