8-nji oktýabrda paýtagtymyzyň Ýyldyz myhmanhanasynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe bagyşlanyp Lukmançylyk diplomatiýasy sagdyn dünýäniň binýady atly halkara maslahat geçirildi.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi hem-de BSGG-niň Ýewropa sebit edarasy tarapyndan guralan we onlaýn görnüşde geçirilen bu çärä alym-lukmanlar, dünýäniň dürli ýurtlaryndan saglygy goraýyş ulgamynyň wekilleri BSGG-niň Ýewropa sebit edarasynyň direktory H.Klýuge, BSGG-niň Türkmenistandaky wekili Ý.Zaýsew, BMG-niň diplomatik missiýalarynyň wekilleri hem-de düzüm bölekleriniň ýolbaşçylary hem-de ylmy intelligensiýanyň wekilleri, saglygy goraýyş boýunça Türkmen-german forumynyň başlygy, professor Klaus Parhofera we beýlekiler gatnaşdylar.
Halkara foruma daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri-de gatnaşdylar.
Forumyň işiniň barşynda ýokanç kesellere garşy göreş, saglygy goraýyşda sanlylaşdyrmak işleriniň orny, COVAX guraly bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumy, bir söz bilen aýdylanda, ilatyň saglygyny goramakda uly ähmiýete eýe bolan hem-de häzirki zaman lukmançylygynyň durnukly ösüşine ýardam berýän çäreler bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Halkara lukmançylyk-arassaçylyk işleriniň gazananlary esasynda emele gelen kadalara daýanýan COVID-19 pandemiýasyna garşy göreş meselelerine aýratyn üns berildi.