Türkmenistanda Gyrgyzystanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Türkmenistanda Gyrgyzystanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Gyrgyzystanyň Türkmenistandaky ilçihanasynda Türkmenistanyň syýahatçylyk pudagynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Bu Gyrgyzystanyň daşary işler ministrliginiň Metbugat gullugy tarapyndan habar berildi.

Duşuşygyň dowamynda türkmen kompaniýalaryna Gyrgyzystanyň medeni-taryhy ýerleri, syýahatçylyk ugurlary we ýurduň sebitleri bilen baglanyşykly mümkinçilikler barada gürrüň berildi.

Hususan-da, syýahatçylaryň iň bir köp gelim-gidimli, tomus we gyş gezelençleri üçin aýratynlyklar bolan ýerler, alpinizm, şeýle hem işewür syýahatçylygy barada aýdyldy.

Mundan başga-da, Syýahatçylygy goldamak we ösdürmek gaznasy tarapyndan taýýarlanan Gyrgyzystanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri baradaky broşýuralardyr kitapçalar we wideo materiallar görkezildi.

Bu çärä Soltan dag, Suwara, Jahankeşde, Оguzabat, Saadaа, Halkara dostluk, Ýola rowana, Aşgabat syýahat, Asman daglary, Daň şemaly, Arçman daglary, Halkara syýahat we Oguz travel ýaly kärhanalaryň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Ýene degişli makalalar

Ýakyn Gündogar Dartgynly Bolmagynda Galýar
Terrorçy Saad Ali Bedel Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Heba Saadia,  FIFA Gatnaşjak Palestinaly Ilkinji Zenan Emin Agza Bolar
26 futbolçynyň deň ýarysy bir klubdan ýer eýeleri Kataryň ýygyndysy mälim edildi
Prezident Erdogan Liwanyň ozalky Premýer ministri Haririni kabul etdi
Türkmenistan we Katar hyzmatdaşlygy ösdürýär