Fewral aýynda guşlary hasaba almagyň gyşky möwsüminiň jemi jemlenilýär, bu iş biziň ýurdumyzda indi ýarym asyrdan gowrak wagt bäri alnyp barylýar we Dewmirgazyk Ýewraziýada suwda ýüzýän hem-de suwa golaý ýerlerde ýaşaýan guşlaryň köpelişine gözegçiligiň halkara maksatnamalarynyň bir bölegi bolup durýar.Ornitologlaryň soňky aýlardaky meýdan ekspedisiýlarynyň netijeleri barada Merkezi Aziýa Ramsar sebit başlangyjynyň ungaşdyryjy komitetiniň başlygy, biologiýa ylymlarynyň doktory, professor Eldar RUSTAMOW gürrüň berýär: - Häzirki wagta çenli Ramsar konwensiýasyna Türkmenistandan başga-da, 170-den gowrak ýurt goşuldy, tutuş dünýäde suwly-batgalyk ýerleriň 2337-si hasaba alyndy.
Olar düzümi boýunça dürli ekoulgamly 252 million gektar ýerdir.Biziň ýurdumyzda häzirlikçe Türkmenbaşy aýlagynyň çäklerindäki 267 müň gektardan gowrak meýdany tutýan şeýle ýeke ýer bar.Bu giň tebigy meýdanyň halkara ähmiýetli derejesi bolup, onuň üçin ýörite dolandyryş meýilnamasy işlenilip taýýarlanyldy. -Çeleken aýlagy bilen birlikde Ogurjaly çäkli goraghanasy, Türkmen köli, Kelif ornitologik çäkli goraghanasy bilen birlikde Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy adyndaky howdan, Sarygamyş, Soltandag-Gyzylburun, şeýle hem şäher ýalpak suwly ýeri hökmünde hasaba alynjak, paýtagtymyzyň etegindäki Gurtly kölleri Ramsar sanawyna giriziljek ýerlerdir. Ýurdumyzyň meýdanynyň 20 göterimine golaý ýeriniň derýa derelerine we jülgelerine degişlidigini bellemek gerek, olaryň suwly-batgaly ýerleri tebigy ulgamyň esasy bölegini tutýar. Şeýle ýerler aýratynam Hazaryň kenarlarynyň ýakasynda, Garagum derýasynyň, Amyderýanyň, Murgap we Tejen derýalarynyň gollary we joşan ýerlerinde hem-de jülgelerinde kän.
Bu meýdanlar diňe bir suwda ýüzýän guşlaryň we bioköpdürlüligiň beýleki görnüşleriniň ýaşaýan ýerleri hökmünde däl-de, eýsem suw gorlarynyň gymmatly howdanlary, suw we howa ýagdaýlaryny kadalaşdyryjylar hökmünde hem goralýar.
Suw meselesinde sebit we halkara hyzmatdaşlygyny utgaşdyrmak üçin Ramsar konwensiýasynyň Sekretariatynyň teklibi bilen 2016-njy ýylda Merkezi Aziýa sebitinde Merkezi Aziýa Ramsar sebit başlangyjy (MA RSB) we onuň utgaşdyryjy komiteti döredildi.
Täze düzüm suwly-batgaly ýerleri öwrenmäge we goramaga, olardan durnukly peýdalanmaga, köpugurly işe dürli edaralaryň hem-de telekeçilik düzümleriniň wekillerini çekmäge ýardam etmäge gönükdirilendir.Suwda ýüzýän we suwly-batgaly ýerlerde ýaşaýan guşlaryň, şol sanda gyşlaýan durnalaryň her ýylky sanawyny geçirmek konwensiýanyň düzgünlerini durmuşa geçirmek jähtinden türkmen ekologlarynyň işiniň esasy ugurlarynyň biridir.
Dekabr-ýanwar aýlarynda Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýardam bermeginde Ramsar konwensiýasynyň işçi toparynyň, BirdLife International halkara guramasynyň Finlýandiýa bölüminiň, Beýik Britaniýanyň Guşlary goramak Şalyk jemgyýetiniň we Menzbir ornitologiýa jemgyýetiniň başlangyjy bilen gözegçilik geçirildi.
Balkan welaýatynda Garabogaz kölünden Esengula çenli we Günbatar Köpetdagyň eteklerinde ýerli ornitologlaryň işine Finlýandiýadan olaryň kärdeşleri Toni Eskelin we Samuli Lehikoýnen, şeýle hem Russiýadan Anna Belousowa dagy goşuldylar.Hazar ýakasynda gorçy-ördekleriň 17 müňüsiniň we kiçi guwlaryň 300-siniň, Serdar etrabynda 10 baş kiçi sakar gazyň duşmagy alymlary begendirdi.
Lebap welaýatynda Amyderýanyň jülgesinde we Kelif Uzboýunyň meýdanlarynda, Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy adyndaky howdanda, “Watan”, “Gülistan” we “Tallymerjen” massiwlerinde türkmenistanly we russiýaly hünärmenler gyşlaýan guşlary hasaba aldylar hem-de olara baha berdiler.
Daşoguz welaýatynda Sarygamyş kölüniň günorta kenarynda we Zeňňi baba, Uzynşor we Atabaýşor köllerinde Gaplaňgyr döwlet tebigy goraghanasynyň işgärleri guşlary hasaba aldylar.