Türkmenistanda guruljak ilkinji Gün we ýel elektrik stansiýanyň mümkinçilikleri seljerildi

Türkmenistanda guruljak ilkinji Gün we ýel elektrik stansiýanyň mümkinçilikleri seljerildi

Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda guruljak köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasy ilki türkmen alymlary tarapyndan düýpli öwrenildi ― diýip, Türkmenistan gazetinde çap edilen makalada aýdylýar.

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ylmy-önümçilik merkezinde bu sebit üçin gurulmagy meýilleşdirilýän köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasynyň hasaplama-taslama işleri ýerine ýetirilip, stansiýanyň taslama kuwwatlylygy günler, aýlar we ýyllar boýunça kesgitlenildi.

Ýerine ýetirilen hasaplama-taslama işlerinde ylmy-önümçilik merkezinde işlenilip düzülen döwrebap programmalardan peýdalanyldy. Taslamanyň durmuşa geçirilmeginde ýaşyl energiýanyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanylmagy, daşky gurşawyň zyýanly täsirlerden goralmagy, netijede, Altyn asyr Türkmen kölüniň sebitinde ekologik abadançylyk üpjün ediler.

Mälim bolşy ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedow Hökümetiň ýakynda geçirilen mejlisinde Energetika ministrliginiň Türkmenenergo döwlet elektroenergetika korporasiýasyna Türkiýe Respublikasynyň Çalik Enerji Sanayi ve Ticaret A.Ş.kompaniýasy bilen Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda kuwwatlylygy 10 megawat bolan köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasynyň taslamasyny düzmek we ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada şertnamany, suw üpjünçiliginiň hem-de lagymyň meýdançadan daşarky eltiji inženerçilik ulgamlaryny we desgalaryny gurmak, umumy ulgama birleşdirmek işlerini ýerine ýetirmek şertinde, Serdar elektrik bekedinden köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasyna çenli elektrik geçirijisini gurmak üçin enjamlary hem-de materiallary satyn almak barada şertnamany baglaşmaga ygtyýar berilmegi bilen bagly degişli Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, gurluşyk işlerine şu ýylyň iýul aýynda başlanylyp, elektrik stansiýasy 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda ulanmaga doly taýýar edilip tabşyrylar.

Ýene degişli makalalar

Türk kompaniýasy Balkan welaýatynda kuwwatlylygy 1574 megawat bolan elektrik stansiýasyny gurar
“Nahal” hojalyk jemgyýeti Arçmanda täze binalar toplumyny gurar
Türkmenistanyň Prezidenti Balkanda täze elektrik stansiýanyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň 15-nji mejlisinde birnäçe resminama gol çekildi
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň mejlisi
Aşgabadyň gününe bagyşlanan halkara sergide şähergurluşygynyň iň täze gazananlary görkezildi
Türkmenistanyň döredijilik we parahatçylyk söýüjilik kuwwatynyň artmagy Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň esasydyr