29-njy awgustda ýurdumyzda köpçülikleýin güýzlük bugdaý ekişine girişildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ak patasy bilen möhüm oba hojalyk möwsümi Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda başlandy. Toprak-howa şertlerine we agrotehniki kadalara laýyklykda, bugdaý ekişine Daşoguz welaýatynda 5-nji sentýabrda girişiler.
Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz 22-nji awgustda, Gurban baýramynyň ilkinji gününde Ahal welaýatynyň çäginde ýerleşýän Nowruz ýaýlasynda geçirilen baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy hem-de şol ýerde gurbanlyk sadakasyny berdi.
Hormatly Prezidentimiz musulman ymmaty üçin mukaddes saýylýan sahawatly günde ýene bir döwletli işe badalga bermek maksady bilen, ýurdumyzda güýzlük bugdaý ekişine girişmäge ak pata berdi.Milli Liderimiz asylly däbe eýerip, bu sogap işe il içinde sylagly ýaşulularyň gatnaşmagynda girişilmelidigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklarynda bolşy ýaly, oba hojalygynda hem oňat netijeleriň gazanylýandygyny belledi. Ekerançylaryň öndürijilikli zähmeti, ekerançylyk meýdanlaryndan bol hasyl alynmagy üçin ähli zerur şertler döredilýär. Ýurdumyzyň azyk garaşsyzlygyny üpjün etmek üçin işler dowam etdirilýär.
Daýhanlar ähli zerur serişdeler, ýokary hilli tohumlar, dökün we häzirki zaman oba hojalyk tehnikalary we beýlekiler bilen üpjün edilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gallaçylar üçin jogapkärli möwsümiň - güýzlük bugdaý ekişiniň başlanýandygyny nygtap, geljekki hasylyň düýbüni tutýan galla ekişiniň ýokary hilli we bellenilen möhletlerde geçirilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi.
Asylly däbe görä, Beýik Biribardan ak bugdaýyň bol hasylynyň alynmagyny dileg edip, hormatly ýaşulular ekişe ak pata berdiler. Degişli derejede we ýokary hilli taýýarlanylan ekerançylyk meýdanlaryna “Her bir dänäň müň bolsun!” diýip tohum taşlan hormatly ýaşulular bu işi ekiş geçirýän mehanizatorlara ynandylar. Ýokary öndürijilikli häzirki zaman tehnikalaryna ussatlyk bilen erk edýän mehanizatorlar haýdan-haý işe girişdiler.
Şu ýyl tutuş ýurdumyz boýunça 760 müň gektara ak bugdaý ekiler. Gallaçy daýhanlar 2019-njy ýylda 1 million 600 müň tonna däne almaga borçlandylar. Şunlukda, Ahal welaýatynyň gallaçylary 450 müň, Mary welaýatynyň kärendeçileri 380 müň, Lebap welaýatynyň daýhanlary 350 müň, Daşoguz welaýatynyň gallaçy kärendeçileri 300 müň, Balkan welaýatynyň daýhanlary bolsa 120 müň tonna hasyl almagy meýilleşdirýärler.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyryklaryny ýerine ýetirmek bilen, türkmen ekerançylary bu jogapkärli möwsüme ýokary derejeli taýýarlyk gördüler. Geljek ýylyň bol hasylynyň düýbi tutuljak ýerler öz wagtynda sürüldi hem-de bugdaýyň ýokary hilli we ýokary hasylly tohumlary taýýarlanyldy. Olar “Sähraýy”, “Juwan”, “Bitarap”, “Ýolöten - 1”, “Ýolöten - 3”, “Türkmenbaşy - 1”, “Gyzylşaglawuk - 25”, “Miras”, “Akbaş”, “Ýubileýnaýa -100” “Batko”, “Wassa” tohumlarydyr.
Gallaçylar zerur oba hojalyk tehnikalary bilen doly üpjün edildi. Ýurdumyzyň Oba we suw hojalyk ministrliginde TDH-a habar berlişi ýaly, Türkmenistan boýunça şu möwsümde sürüm traktorlarynyň 2 müň 600-den gowragy hem-de “Сase”, “СLAAS”, “John Deere”, “Belarus — 80H” we “Belarus — 82.1” bejergi traktorlarynyň 7 müň 800-den gowragy, 1 müň 960 ekiji gurallar we beýleki tehniki serişdeler herekete giriziler.
Işiň ýokary guramaçylyk derejesi oba hojalyk önümçiligini ýokarlandyrmagyň baş şerti bolup durýar.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2016-njy ýylyň dekabrynda gol çeken Kararyna laýyklykda, ýurdumyzyň Oba we suw hojalyk ministrligi Germaniýa Federatiw Respublikasynyň “Umaх Trade GmbH” hem-de Şweýsariýa Konfederasiýasynyň “John Deere International GmbH” kompaniýalary bilen oba hojalyk tehnikalarynyň, azallaryň, zemsnarýadlaryň, ätiýaçlyk şaýlaryň, harçlanyş serişdeleriniň uly tapgyryny 2017 — 2020-nji ýyllarda üç tapgyrda Türkmenistana getirmek şerti bilen satyn almak hakynda şertnama baglaşdy.
Şunuň bilen birlikde, “Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018 — 2024-nji ýyllarda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň”, "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynyň" hem-de beýleki giň möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň çäklerinde ähli welaýatlarda türkmen obalarynyň keşbini düýpli özgerdýän iri maýa goýum taslamalary amala aşyrylýar.
Pudaga köp mukdarda maýa goýum serişdeleriniň gönükdirilmegi netijesinde ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda ýüz müňlerçe tonna däne saklamaga niýetlenen häzirki zaman ammarlary we iri degirmenler üstünlikli hereket edýär.
Pudagy mineral dökünler bilen üpjün edýän himiýa senagaty batly depginlerde ösýär. Senagat pudagynyň önümçilik binýady berkidilýär. Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde bina edilen karbamid öndürýän täze kärhana ulanmaga berilmäge taýýar edildi.
Häzirki zaman tehnologiýalary we dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň enjamlary bilen üpjün edilen bu kärhana gaz turbina generatorlary bolan elektrik beketleri arkaly elektrik energiýasy
hem-de himiki usulda arassalanan deňiz suwy bilen doly üpjün edilýär. Gazhimiýa toplumynda işlejek ýokary hünärli işgärler taýýarlanyldy. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu desganyň gurluşygynyň tamamlanmagy ýurdumyzyň obasenagat toplumyny, gazhimiýa pudagyny we umuman, milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde aýratyn ähmiýetlidir diýip belleýär.
Oba hojalyk toplumyny özgertmek boýunça bilim we okuw-tejribe işini kämilleşdirmek maksady bilen, şu ýylyň aprel aýynda “Oba we suw hojalyk ministrligi bilen Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň hem-de “John Deere International GmbH” kompaniýasynyň arasynda 2018 — 2021-nji ýyllar aralygynda bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky” Ylalaşyga gol çekildi.
Bu resminamada uniwersitetiň mugallymlaryny, talyplaryny we ministrligiň hünärmenlerini okatmak ýaly ugurlarda taraplaryň borçnamalary anyk kesgitlenildi hem-de degişli işleri geçirmek maksady bilen, meýdan okuwlary, synaglar we täze tehnologiýalara baha bermek çäreleri geçirildi.
Döwlet goldawy we ýeňillikli salgyt ulgamy oba hojalyk önümçiligini has-da höweslendirýär. Kärendeçileriň hem-de daýhan birleşikleriniň tehnika, tohum, mineral dökünler, suwaryş suwy we beýleki hyzmatlar bilen ýeňillikli şertlerde üpjün edilmegi işiň ilerlemegini şertlendirýär.
Mundan başga-da, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmesi boýunça oba hojalyk taslamalaryna ýeňillikli şertde karz serişdelerini gönükdirmek ulgamy giňden hereket edýär. Şolaryň durmuşa geçirilmegi üçin, ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, kärhanalara, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna, daýhan hojalyklaryna zerur ýer bölekleri berilýär.
Güýzlük bugdaý ekişiniň başlanmagy mynasybetli Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň “Gäwers”, Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň “Goç”, Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň “Amyderýa”, Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň Atabaýew adyndaky daýhan birleşiklerinde welaýat we etrap häkimlikleriniň wekilleriniň, daýhan birleşikleriň ýolbaşçylarynyň, agronomlaryň, mehanizatorlaryň, gallaçy kärendeçileriň gatnaşmagynda okuw sapaklary geçirildi.
Okuw maslahatlarynda, hususan-da, ekiş möwsümini guramaçylykly geçirmek, agrotehnikanyň häzirki zaman usullaryny we öňdebaryjy tejribeleri iş ýüzünde ulanmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, munuň özi ekerançylara möhüm oba hojalyk ekininiň ekiş möwsümini has amatly möhletlerde we ýokary hilli geçirmäge ýardam berer.
Okuw sapaklarynyň çäklerinde ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň kärhanalarynda öndürilýän önümleriň, täze tehnikalaryň sergisi guraldy. Şeýle hem möhüm oba hojalyk möwsüminiň başlanmagy mynasybetli, ýurdumyzyň aýdym-saz we folklor toparlarynyň çykyşlary dabara baýramçylyk öwüşginini çaýdy.