23-nji awgustda Türkmenistanda köpçülikleýin bugdaý ekişine girişildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ak patasy bilen bu möhüm oba hojalyk möwsümine ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda birbada badalga berildi.
Döwlet Baştutanymyzyň 18-nji awgustda geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde belleýşi ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ykdysadyýetimiziň beýleki ugurlary bilen bir hatarda, oba hojalyk pudagy hem sazlaşykly ösýär. Ýurdumyzda daýhanlaryň öndürijilikli zähmet çekmegi, oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almagy üçin ähli zerur şertler döredildi.
Azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça ägirt uly işler alnyp barylýar.Kärendeçi daýhanlar ýokary hilli tohumlar, mineral dökünler, döwrebap tehnikalar, suw we beýleki zerur serişdeler bilen doly üpjün edilýär.
Häzir gallaçy kärendeçiler üçin möhüm möwsüm başlandy. Döwlet Baştutanymyz geljekki bol hasylyň girewi bolan bu möhüm möwsümiň ýokary hilli, bellenilen möhletlerde we agrotehniki kadalara laýyk derejede geçirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi.
Milli Liderimiz “Ýere sepen her bir dänäňiz müň bolsun!” diýip, zähmetsöýer gallaçy daýhanlara, ähli oba hojalyk işgärlerine berk jan saglyk, asuda we bagtyýar durmuş, yhlas bilen zähmet çekip, ene ýerden bol hasyl almagy, sahawatly türkmen topragynyň berekedini has-da artdyryp, belent sepgitlere ýetmeklerini arzuw etdi.
Asylly däbe görä, Beýik Biribardan ak bugdaýyň bol hasylyny eçilmegini dileg edip, bugdaý ekişine hormatly ýaşulular ak pata berýärler. Kada laýyk derejede taýýarlanylan topraga “Her bir dänäň müň bolsun!” diýip, ilkinji däneleri taşlap, hormatly ýaşulular we körpe nesiller asyly çäräni tamamlap, nobaty mehanizatorlara berýärler.
Şu ýyl ýurdumyz boýunça 760 müň gektara güýzlük bugdaý ekiler. Gallaçylar 2018-nji ýylda şunça meýdandan 1 million 600 müň tonna bugdaý hasylyny ýygnamagy meýilleşdirýärler. Şol sanda Ahal welaýatynda 450 müň, Mary welaýatynda 380 müň, Lebap welaýatynda 350 müň, Daşoguz welaýatynda 300 müň we Balkan welaýatynda 120 müň tonna ak bugdaý ýygnalar.
Ýurdumyzyň gallaçylary möhüm möwsüme ýokary derejede taýýarlykly geldiler. Galla oragy tamamlanansoň, dessine ýerler şüdügärlenildi, geljek ýylyň hasyly üçin taýýarlanylan ýerler dökünler bilen gurplandyryldy. Azyklyk bugdaýyň ýokary hilli tohumlary ekişe taýýar edildi. Şu ýyl ak bugdaýyň “Sähraýy”, “Juwan”, “Bitarap”, “Ýolöten-1”, “Ýolöten-3”, “Türkmenbaşy-1”, “Gyzylşaglawuk-25”, “Miras”, “Akbaş”, “Irişka”, “Ýubileýnaýa-100”, “Batko”, “Krupinka” ýaly görnüşleri ekiler.
Gallaçylar zerur oba hojalyk tehnikalary bilen üpjün edildi. Ýurdumyzyň Oba we suw hojalyk ministrliginde TDH-a habar berlişi ýaly, tutuş Türkmenistan boýunça bu gezekki möwsümde “Keýs”, “Klaas”, “Jon Dir”, “Belarus-80N” we “Belarus-82.1” kysymly sürüm traktorlarynyň 2 müňden gowragy hem-de hatarara bejergi traktorlarynyň 5 müňüsi, ekiş gurallarynyň 1670-den gowragy hem-de beýleki agregatlar we enjamlar ulanylar.
John Deere (ABŞ) hem-de CLAAS (Germaniýa) ýaly dünýäniň meşhur kompaniýalarynyň täze tehnikalary daýhanlar üçin uly goldaw bolar, olar gallaçylara ekiş möwsümini gysga möhletde geçirmäge ýardam eder. Bu bolsa bereketli hasyl almagyň girewidir. Hususan-da, galla meýdanlaryna “John Deere 8245R” traktorlarynyň 400-si, şu ýyl tomusda ýurdumyza gelip gowşan CLAAS kysymly traktorlarynyň 200-si çykarylar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän we Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň berkidilmegine, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen ykdysady syýasatynda oba hojalyk pudagyna möhüm orun degişlidir.Oba hojalygynda amala aşyrylýan özgertmeler milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudagynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny we eksport kuwwatyny pugtalandyrmaga gönükdirilendir.
Bu ugurda öňde durýan wezipeleriň üstünlikli çözülmegine ýurdumyzyň oba hojalyk önüm öndürijilerine döwlet goldawynyň netijeli çäreleri ýardam edýär.
Obasenagat toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmaga, onuň gaýtadan enjamlaşdyrylmagyna iri maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär. Geçen ýylyň dekabrynda hormatly Prezidentimiz degişli Karara gol çekdi, oňa laýyklykda, John Deere International GmbH (Şweýsariýa Konfederasiýasy) hem-de “Umax Trade GmbH” (Germaniýa Federatiw Respublikasy) kompaniýalary bilen oba hojalyk tehnikasynyň uly tapgyryny satyn almak barada şertnamalar baglaşyldy.
Hususan-da, geçen galla oragy möwsüminde ýurdumyzyň ekerançylaryna gelip gowşan “John Deere W540” hem-de “TUCANO 430” bugdaý orýan kombaýnlaryň 222-si meýdanlara çykaryldy. Sürüm möwsümine çenli “John Deere 8245R” traktorlarynyň 400-siniň, pagta ýygymyna çenli “John Deere 9970” pagta ýygýan kombaýnlaryň 200-siniň gelmegine garaşylýar. 2018-nji ýylyň pagta ýygymy möwsüminde hem bu kysymly kombaýnlaryň şonçasy Türkmenistana getiriler.
Öz nobatynda, “Umax Trade GmbH” kompaniýasy ýakyn iki ýylyň dowamynda Türkmenistana Germaniýanyň “CLAAS” konserni we Ýewropanyň beýleki esasy kompaniýalary tarapyndan öndürilýän tehnikalary iberer.Birinji tapgyrda, 2017-nji ýylda “Axion 850” sürüm traktorlarynyň 200-si, “TUCANO” galla ýygnaýan kombaýnlaryň hem 200-si, “Eur Opal 95 H 100” kysymly azallaryň şonçasy, “AXOS 340 CX” traktorlarynyň we “SL TM 360” däne ekýän tehnikalaryň hersinden 500-si, dürli kysymly zemsnarýadlaryň 20-si getiriler.
Ikinji tapgyrda 2018-nji ýylda “AXION-850” sürüm traktorlarynyň ýene-de 300-si, “TUCANO-430” bugdaý orujy kombaýnlaryň 300-si, azallaryň hem 300-si, “AXOS 340 CX” kysymly sürüm traktorlarynyň we “SL TM 360” kysymly däne ekijileriň hersinden 500-si we läbik sorujylaryň 30-sy ýurdumyza getiriler.
Tehnikalary ibermegiň üçünji tapgyry 2019—2020-nji ýyllara meýilleşdirilýär. Şonda sürüm traktorlarynyň 300-sini, kombaýnlaryň 400-sini, azallaryň 300-sini, ýerleri bejermek üçin traktorlaryň 550-sini, şonça-da däne ekijileri we beýlekileri satyn almak göz öňünde tutulýar.
Ýurdumyza gelip gowuşýan oba hojalyk tehnikalarynyň ählisi deslapky synagdan ýerli toprak-howa şertlerine laýyklygy babatdaky synagdan geçirilýär.John Deere hem-de CLAAS kysymly täze tehnikalaryň nusgalary hem meýdan synagyndan üstünlikli geçip, artykmaçlyklaryny görkezdiler. Ýurdumyzyň hünärmenleri olaryň köpugurlydygyny, kuwwatlydygyny hem-de ygtybarlydygyny bellediler.
Bu traktorlary dolandyrmak örän ýeňildir.Olar örän oňaýlylygy hem-de ýokary öndürijiligi, diňe bir gündizine däl, eýsem, gijesine hem işlemäge ukyplydygy bilen tapawutlanýarlar. Ýangyjy tygşytly sarp edýändigi tehnikalaryň şu görnüşiniň artykmaçlygydyr.
Obasenagat toplumynyň inženerçilik-tehniki üpjünçilik meselelerini innowasion esasda çözmek arkaly, gowulandyrylan iş häsiýetnamaly täze nusgadaky tehnikalary satyn almak bilen, döwletimiz oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberini durnukly artdyrmak, meýdan işlerini gysga möhletde we ýokary hilli geçirmek üçin şertleri döredýär. Oba hojalyk önüm öndürijileriniň hünär ussatlygy ýokarlanýar. Olaryň zähmet şertleri gowulandyrylýar, bu bolsa oba hojalygynyň netijeliligini we düşewüntliligini artdyrmagyň möhüm şertidir.
Häzirki döwürde iri möçberli maýa goýumlarynyň goýberilmegi netijesinde ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda bugdaýyň ýüzlerçe müň tonnasyny saklamaga niýetlenen häzirki zaman elewatorlary, un üweýän iri toplumlar hereket edýär, ekerançylary mineral dökünler bilen üpjün edýän himiýa senagaty ýokary depginlerde ösdürilýär.
Güýzlük bugdaý ekişiniň başlanmagy mynasybetli, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Magtymguly adyndaky, Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň “Türkmenistan”, Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň “Gökçäge”, Lebap welaýatynyň Serdarabat etrabynyň J.Hekimow adyndaky we Mary welaýatynyň Mary etrabynyň “Zarpçy” daýhan birleşiklerinde ýurdumyzyň Oba we suw hojalyk ministrliginiň, welaýatlaryň hem-de etraplaryň häkimlikleriniň wekilleriniň, daýhan birleşikleriniň ýolbaşçylarynyň, agronomlaryň, mehanizatorlaryň, gallaçy-kärendeçileriň, hormatly ýaşulularyň gatnaşmagynda maslahatlar geçirildi.
Hususan-da, ekiş möwsümini guramaçylykly geçirmek, ekişde agrotehnikanyň häzirkizaman usullaryny we öňdebaryjy tejribeleri ulanmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Maslahatlaryň çäklerinde ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň kärhanalarynda öndürilýän önümleriň, oba hojalyk pudagynda iň täze tehnikalaryň sergisi guraldy. Güýzlük bugdaý ekişine badalga berilmegi mynasybetli welaýatlaryň aýdym-saz we folklor toparlary dürli öwüşginli konsert maksatnamasyny taýýarladylar.