Türkmenistanda Gün elektrik beketleriniň depginli gurluşygy meýilleşdirilýär

Türkmenistanda Gün elektrik beketleriniň depginli gurluşygy meýilleşdirilýär

Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň Türkmenenergo döwlet elektroenergetika korporasiýasy ýurduň çetki ilatly nokatlarynda kuwwaty 6 MWt deň bolan Gün elektrik bekedini gurmagy meýilleşdirýär. Bu barada Trend.az habar berýär.

Habar berlişi ýaly, bu maglumaty Türkmenenergo-nyň gaýtadan dikeldilýän energiýa gullugynyň başlygy Döwlet Allaýarow Energetikanyň geljegi, uglewodorod ýataklaryny özleşdirmek üçin täze tehnologiýalar atly halkara maslahatda mälim etdi.

Onuň aýtmagyna görä, häzirki wagtda türkmen hünärmenleri gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatynda halkara tejribäni işjeň öwrenýärler we bu ugurda iş alyp barýarlar.

Mundan başga-da, Allaýarow Gün elektrik beketleriniň gurluşygynyň ýurtda ýaşyl tehnologiýalaryň ösmegine, daşky gurşawy goramaga we tebigy baýlyklardan tygşytly peýdalanylmagyna goşant goşup biljekdigini aýtdy.

Çeşme Türkmenistanda gün energiýasyny ulanmak üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny belleýär.

Ýene degişli makalalar

“Türkmenenergo” ýurduň çet gyralarynda Gün elektrik beketlerini gurmagy meýilleşdirýär
Owganystan Türkmenistandan elektrik üpjünçiligini iki esse artdyrmak isleýär
“Türkmenenergo” bilen DABS Hyratdaky podstansiýa elektrik energiýasyny ibermegi maslahatlaşdy
Türkmenistan we Owganystan energo taslamasy boýunça ylalaşyk gazandylar
Masdar kompaniýasy Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça taslamany amala aşyrar
Hormatly Prezidentimiziň Birleşen Arap Emirliklerine...