Türkmenistanda “gülençi” diýilýänleriň sudy “adalatsyz boldy”

Türkmenistanda “gülençi” diýilýänleriň sudy “adalatsyz boldy”

Adam hukuklaryny goraýjy, şol sanda “Human Rights Watch”, “Amnesty International”, “Crude Accountability”, “Norwegiýanyň Helsinki Komiteti”, “Türkmenistanyň Alternatiw habarlary” we “Adam hukuklary boýunça türkmen inisiatiwasy” toparlary ýörite beýanat ýaýradyp, Türkmenistanda “Gülençi” hereketi bilen ilteşiklidigi aýdylyp tussag edilen 18 adamyň dessine azat edilmegine çagyryş etdiler.

Azatlyk Radiosynyň ozal hem habar berşi ýaly, geçen ýylyň tomsunda Türkiýede başa barmadyk harby agdarylyşygyň arkasynda dini ruhany Fethullah Güleniň durandygy öňe sürlenden soň, Türkmenistanda onuň hereketi bilen ilteşiklidir öýdülýänler köpçülik ýagdaýda soraga çekilip, her dürli gynamalara sezewar edilip we uzak möhletleýin türme tussaglygyna höküm edilip başlandylar.

Azatlyk Radiosyna gowşan, suduň höküminden göçürmedigi aýdylýan dokumentde bolsa, ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçirilen sud diňlenişiginde 18 adamynyň 12-25 ýyl aralygynda türme tussaglygyna höküm edilendigini görüp bolýar.

Adam hukuklaryny goraýjy toparlar bu sud diňlenişigi bilen baglylykda, köp soraglaryň açyk bolup galýandygyny belläp, gürrüňi gidýän 18 tussagyň tizden-tiz azat edilmegine çagyryş etdiler.

Azatlyk Radiosy bu beýanata gol goýan adam hukuklaryny goraýjy toparlaryň biri bolan ““Human Rights Watch” guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa bölüminiň direktory Hýu Williamson (Hugh Williamson) bilen söhbetdeş bolup, anna güni ýaýradylan beýanatyň mazmuny dogrusynda söhbetdeş boldy.

H.Williamson: Şu gün “Human Rights Watch”, “Amnesty International” we adam hukuklaryny goraýjy başga-da alty topar bilen birlikde “Gülençi” hereketi bilen ilteşikli bolmakda aýyplanyp, 12-25 ýyla çenli türme tussaglygyna höküm edilen 18 adam bilen baglylykda beýanat ýaýratdy.

Gepiň gerdişine bellesek, türk hökümeti geçen ýylyň tomsunda başa barmadyk harby agdarylyşygyň arkasynda “gülençileriň” durandygyny öňe sürýär. Şol bir wagtda, bu hereketiň aglaba agzalarynyň muňa ilteşigi bolandygy barada anyk bir deliller ýok.

Her niçik-de bolsa, gürrüňi gidýän 18 adamyň adalatly sud edilmändigi, olaryň gynamalara sezewar edilip bilnendigi we aklawçylarynyň bolmandygy barada maglumatlar bar.

Azatlyk Radiosy: Siz “sud diňlenişiginiň adalatsyz” bolup bilendigi barada aýtdyňyz. Bu barada jikme-jik durup geçäýseňiz?

H.Williamson: Siziň-de bilişiňiz ýaly, Türkmenistan dolulygyna bir ýapyk ýurt. Biziň ýaly, ýurduň daşyndaky adam hukuklaryny goraýjy toparlara ýurtdaky sud diňlenişikleriniň nähili ýagdaýda geçendigi dogrusynda, takyk bir maglumat almak gaty kyn bir mesele.

Ýöne biz bu 18 tussagyň işini ýakyndan bilýän ençeme adam bilen aragatnaşykda bolduk. Galyberse-de, olaryň beren gürrüňleri biziň Türkmenistan barada ýyllar boýy toplan maglumatlarymyz bilen çalymdaşlyk edýär.

Garaz, bizde şol 18 adamyň adalatsyz sud edilip, hiç bir esassyz uzak möhletleýin türme tussaglygyna höküm edilendigini aýtmaga esas bar.

Azatlyk Radiosy: Hýu, bu beýanaty ýaýratmagyň maksatlary barada hem gürrüň beräýseňiz?

H.Williamson: Biz olaryň dessine azat edilmegine we ýöňkelýän aýyplamalaryň aýrylmagyna çagyryş edýäris.

Şeýle-de, biz Türkmenistanyň hyzmatdaşlary, şol sanda ABŞ-a, Ýewropa Birleşigine, BMG-a bu ugurda Aşgabada basyş etmeklerine çagyrýarys. Türkmenistan dürli ugurlar boýunça halkara jemgyýetçiligine garaşly bolup dur.

Türkmen häkimiýetleri öz üstüne alan halkara borçnamalarynyň, adam hukuklary boýunça halkara ylalaşyklarynyň garşysyna hereket edýär.

Türkmenistanyň hyzmatdaşlary alada döredýän ýagdaýlary açyk görnüşde beýan etmelidirler.

Ýene degişli makalalar

'Gülen hereketi' bilen ilteşikli hasaplanyp, soraga çekilen mugallymlar täze basyşlardan gorkýar
Azatlygyň dokumental filminden soň, LGBTQ+ wekillerine garşy basyş güýçlenýär
Türkmenistanda aktiwistler gorkuzylýar, söz azatlygynyň çygry daraldylýar
Türkmenistanda aktiwistler gorkuzylýar, söz azatlygynyň çygry daraldylýar
AI: Türkmenistan türmede daşarky dünýäden üzňe saklamak meselesini çözmedi
AI: Türkmenistan türmede daşarky dünýäden üzňe saklamak meselesini çözmedi