Türkmenistanda Gülen hereketiniň tarapdarlarynyň tut-da-baslygy dowam etdirilýär

Türkmenistanda ozalky türkmen-türk mekdepleriniň uçurymlaryny, mugallymlaryny, şeýle-de Türkiýäniň ÝOJ-larynda bilim alanlary tussag etmek dowam etdirilýär.Soňky bir aýda, Azatlyk radiosynyň maglumatyna görä, diňe Lebap welaýatynda türk oppozisiýanyň lideri Fethulla Güleniň Gülen hereketi bilen ilteşiklilikde aýyplanyp, 50-ä golaý adam tussag edildi.

Ýörite gulluklar 22-nji aprel agşamy Lebap welaýatynda Güleniň tarapdarlaryny ýüze çykarmak üçin reýd geçirdiler.

“Gije sagat onda 2-nji ýöriteleşdirilen mekdebiň mugallymlarynyň umumy ýaşaýyş jaýyna döküldiler.Bu Astanababa obasyndaky öňki türk mekdebidi.Milli howpsuzlyk işgärlerini, oba geňiniň başlygyny, ýerli polisiýa bölüminiň işgärini hem mekdep müdirini öz içine alýan, jemi 40 adamdan ybarat topar bina kürsäp girdiler we bar zady, şol sanda kitaplary, telefonlary, planşetleri, komýuter disklerini, hatda namazlyklary ýygnap başladylar. Şol gün ýedi sany mugallymy we olaryň üç sany myhmanyny äkitdiler. Üstesine, mugallymlaryň maşgala agzalaryny alyp gitdiler.

Ertesi ýene dolanyp geldiler we ýene mekdepden iki adamy, şeýle-de Atamyrat şäheriniň bilim merkeziniň dört işgärini alyp gitdiler.Tussag edilenleriň ählisi türk liseýleriniň öňki mugallymlary we öňki okuwçylarydy” diýip, Azatlyk Radiosynyň çeşmesi gürrüň berdi.

Çeşmäniň sözlerine görä, 23-nji aprelden başlap, Lebap welaýatynda “gülençiler” diýlip atlandyrylýanlary tussag etmek boýunça birnäçe reýd geçirildi. Tutha-tutluklaryň täze tolkunynyň astyna türkmen-türk mekdeplerine gatnaşygy bolan telekeçiler we gurply adamlar hem düşdi.

“29-njy aprelde Beýik Türkmenbaşy etrabynyň häkiminiň kömekçisini hem alyp gitdiler. Maňa mälim bolşuna görä, häzirki wagtda Türkmenabat şäheriniň derňew tussaghanasynda 30-a golaý adam saklanýar. Umuman alnanda, 50-ž golaý adam tussag edildi” diýip, çeşme aýtdy.

Ýatladýarys, Türkmenistanda fewral aýynyň aýagynda 30-dan gowrak adam, Fethulla Gülen bilen iletşiklilikde aýyplanyp, uzal möhletli türme tussaglygyna höküm edildi.

Ýene degişli makalalar

Berdimuhamedow türki geňeşiň media giňişliginiň döredilmegine çagyrdy, Zaman gazetini nusga görkezdi
Türkmenistanda 338 tussagyň günäsi geçildi
'333 ýyl iş kesilen' bendiler näme üçin unudylýar?
Ilki-ilkiler “bir millet iki döwlet” şygary bilen batlanan türkmen-türk gatnaşyklaryna gysga syn
Ýaş prezident on aýda näme gowulyk etdi, nirede ýalňyşdy?
Mekdepler 'galplyk ojagyna' öwrüldi, çagalara jogapkärçiliksizlik öwredilýär
Çeşme: Türmede ýiten biznesmeniň daşary ýurtdaky aýalyna howp abanýar