Türkmenistanda gowaçanyň täze inçe süýümli sorty döredildi

Türkmenistanda gowaçanyň täze inçe süýümli sorty döredildi

Türkmen oba hojalyk institutynyň Oba hojalyk ylmy-önümçilik merkeziniň ylmy işgärleri gowaçanyň ýokary hasyl berýän täze sortlaryny döretmek üçin ylmy-barlag işlerini alyp barýarlar. Olar öz işlerinde seleksiýada kabul edilen, has kämil usullardan giňden peýdalanýarlar. Bu barada Türkmenistan gazetinde habar berildi.

Şeýlelikde, yzygiderli, netijeli gözlegler esasynda ylmy-önümçilik merkezinde gowaçanyň Ýolöten — 42 sortunyň populýasiýasyndan ýekebara seçgi esasynda saýlanylyp alnyp, gowaçanyň täze inçe süýümli Ýolöten — 58 sorty döredildi.Gowaçanyň täze sorty bu merkeziň gowaçanyň seleksiýasy we tohumçylygy bölüminiň kiçi ylmy işgärleri Muhammetrahym Meredowyň hem-de Abadan Akyýewanyň bilelikdäki awtorlygynda döredildi.

Ol Ýolöten ylmy-önümçilik synag hojalygynyň ekerançylyk meýdanlarynda indi birnäçe ýylyň dowamynda alnyp barlan ylmy-barlag işleriniň miwesidir.

Habarda bellenilişi ýaly, gowaçanyň inçe süýümli Ýolöten — 58 sorty deňeşdirilýän nusgawy sort bolan inçe süýümli Ýolöten — 14 sorty bilen üç ýylyň dowamynda geçirilen synag bäsleşiginden üstünlikli geçdi. Ylmy işgärleriň aýtmaklaryna görä, özboluşly häsiýetli aýratynlyklary bilen tapawutlanýan täze sortuň hasyllylygy her gektardan 33,2 sentner bolup, gowaçanyň nusgawy Ýolöten — 14 sortundan 2,1 sentner köp hasyl berýär.

Täze sort deňeşdirilýän sortdan hasyllylygynyň ýokarylygy bilen birlikde süýüminiň çykymynyň ýokarylygy, uzynlygy, inçeligi, berkligi babatda hem artykmaçlyga eýedir diýlip, habarda bellenilýär.

Täze sort 2022-nji ýylda Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ösümlikleriň sort-synag edarasyna hödürlenildi. Şeýdibem, gowaçanyň täze inçe süýümli Ýolöten — 58 sorty indi ikinji ýyl Ösümlikleriň sort-synag edarasynyň ýurduň Mary hem-de Ahal welaýatlaryndaky ylmy-önümçilik synag meýdançalarynda synagdan üstünlikli geçip gelýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň 4 welaýatynda gowaça ekişine girişildi
Maryda býujet işgärleri pagta möwsümine pul tabşyrýar, pes hasyl pagtaçylary alada goýýar
Bazarlarda arzan bahadan peýda bolan apelsiniň içinden gurçuk çykdy alyjylar
Diňle: Ýokary synp mekdep okuwçylary daşary ýurt ýokary okuw jaýlaryny göz öňünde tutmazlyga ugrukdyrylýar
Ýokary synp mekdep okuwçylary daşary ýurt ýokary okuw jaýlaryny göz öňünde tutmazlyga ugrukdyrylýar
Çagalar baglarynda körpelere berilýän sowgatlar, ene-atalardan ýygnalan pullar üns merkezinde galýar
Röwşen aýakgaplary: tutuş maşgala üçin amatly bahadan gyş aýakgaplary