Türkmenistanda geçiriljek halkara teatr festiwalynyň çäginde Türkiýäniň Kölegeler teatry hem çykyş eder

Türkmenistanda geçiriljek halkara teatr festiwalynyň çäginde Türkiýäniň Kölegeler teatry hem çykyş eder

Ozal habar berşimiz ýaly, ertir, 14-nji noýabrda Aşgabat şäherinde Bagtyýar döwürde teatr sungaty atly IV halkara teatr festiwalynyň açylyş dabarasy bolar. Dabara Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda geçiriler.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň resmi saýtynda berilýän habara görä, halkara festiwala Türkiýe Respublikasynyň Kölegeler teatrynyň döredijilik topary hem gatnaşar.

Halkara festiwalyň çäginde Türkiýäniň Kölegeler teatry Garagöz we Hajiwat atly sahna eseri bilen çykyş eder. Sahna eseri 15-nji noýabrda Türkmen döwlet gurjak teatrynda görkeziler. Oýun 17:00-da başlanar. Oýnuň režissýory Uýsal Güýç Filizdir.

Ýene degişli makalalar

Türkiýäniň Kölegeler teatry Türkmenistanda geçiriljek halkara festiwala gatnaşýar
Aşgabatda Kölegeler teatrynyň döredijilik topary çykyş etdi
Türkmen döwlet gurjak teatrynda Türkiýäniň Kölegeler teatry çykyş etdi
BMG raýatsyzlygy ýok etmekde Türkmenistanyň goşandyna ýokary baha berdi
BMG Türkmenistanyň raýatsyzlygy ýok etmek ugrundaky tagallalaryna ýokary baha berýär
BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň 75-nji sessiýasy geçirildi