15-nji martda Türkmenistanyň Merkezi saýlaw komissiýasy (MSK) irki prezidentlik saýlawlarynyň netijelerini yglan etdi. Oňa laýyklykda, wise-premýer Serdar Berdimuhamedow sesleriň 72,97 göterimini alyp, ýeňiji boldy. Bu barada TDH döwlet täzelikler gullugy maglumat berdi.
MSK ýurtda resmi hasaba alynan 3.460,80 saýlawçynyň 3.362.052-si ýagny, 97,17 göterimi şenbe günki saýlawlara gatnaşandygyny mälim edýär.
Şunlukda, saýlawlarda bäsleşen dalaşgärler şeýle ses alypdyrlar:
Perhat Begenjow– 2,02 göterim,
Agajan Bekmyradow-7,72 göterim,
Serdar Berdimuhamedow–79,97 göterim,
Berdimämmet Gurbanow-2,22 göterim,
Babamyrat Meredow-1,08 göterim,
Hydyr Nunnaýew-11,9 göterim,
Maksat Ödeşow-1,15 göterim,
Maksatmyrat Öwezgeldiýew-1,16 göterim,
Kakageldi Saryýew-1,09 göterim ses alypdyrlar.
Türkmenistanyň saýlaw kodeksiniň 76-njy maddasy we Merkesi saýlaw komissiýasynyň 14-nji martdaky kararyna laýyklykda, saýlawçylaryň 72,97 göterim sesini alan Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň saýlanan prezidenti ykrar edildi diýip TDH habar berdi.
Ýatlap geçsek, 2017-nji ýylyň 12-nji fewralynda Türkmenistanda prezidentlik saýlawlary bolupdy we onda Gurbanguly Berdimuhamedow 97,27 göterim ses alyp,üçünji gezek ýeňiş gazanypdy.
Ol ilkinji prezidentlik saýlawlarynda sesleriň 89,23 göterimini, ikinjide 97,14 göterimini alypdy.
“Türkmenistanyň Hronikasynyň” beren maglumatlaryna görä, 2017-nji ýyldaky prezidentlik saýlawlaryna synçylaryny ýollan ÝHHG-si oňaýsyz baha beripdi.
Gurama 12-nji martdaky irki saýlawlara öz synçylaryny ibermedi.
Şenbe günki saýlawlara GDA-dan, ŞHG-dan we Türki Döwletleriniň Guramasyndan synçylar gözegçilik etdiler.The post Türkmenistanda geçen prezidentlik saýlawlarynda Serdar Berdimuhamedow 72,97 göterim ses aldy first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.