Şu günler Aşgabatda Gazagystan Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär.TDH-nyň habar berşi ýaly, Medeniýet günleriniň baý maksatnamasy köpdürli çäreleri öz içine alýar hem-de gazak halkynyň medeniýetiniň, sungatynyň gazananlary we geljekki meýilleri barada giňişleýin düşünje almaga mümkinçilik berýär.
Dostlukly ýurduň wekiliýetiniň düzümine medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri, belli halk aýdymçylarydyr sazandalar, häzirki zaman estrada aýdymlaryny ýerine ýetirijiler, tans toparlary, teatr sungatynyň işgärleri girýär.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň sahnasynda Kurmangazy adyndaky Gazak halk saz gurallary milli orkestriniň konserti tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Şeýle hem sahnada dünýäniň nusgawy kompozitorlarynyň simfoniýalary, kantatalary, folklor äheňleri ýerine ýetirildi.
Aşgabadyň Türkmenistan kinokonsert merkezinde Roza Baglanowa adyndaky Döwlet akademiki konsert guramasynyň aýdym-saz toparynyň çykyşy boldy. Tomaşaçylar zehinli artistleriň ussatlygyny şowhunly el çarpyşmalar bilen alkyşladylar.
Kino sungatyna sarpa goýýanlar Aşgabat kinoteatrynda gazak kinematograflarynyň Beýik ýaýlanyň säheri, Paralimpiýaçy atly kinofilmleri bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar.
Şu gün, 9-njy oktýabrda aşgabatlylar we paýtagtyň myhmanlary Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy mynasybetli geçiriljek Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň sungat ussatlarynyň bilelikdäki uly konsertine tomaşa edip bilerler. Medeni çäräniň maksatnamasynyň çäklerinde myhmanlar Aşgabadyň muzeýleriniň gymmatlyklary hem-de beýleki ajaýyp ýerleri bilen tanşarlar.
Belläp geçsek, iýun aýynda Gazagystanda-da Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirilipdi.