Türkmenistanda garagyş döwri başlandy

Türkmenistanda garagyş döwri başlandy

Türkmen milli aý-gün senenamasyna görä, garagyş döwri başlandy. Garagyş gyş paslynyň öň ýanyndan, 22-nji noýabrda başlanyp, 7-nji dekabra çenli 15 gün dowam edýär. Bu barada Türkmenistan gazetinde çap edilen habarda şeýle bellenilýär:

Garagyş günleri käte maldary-da, daýhany-da kyn güne goýýar. Aralyk ekinleriniň hasylyny ýygnap ýetişmedik daýhanyň käbir ýyllarda ony garyň aşagyndan alýan wagtlary hem bolýar. Hut şonuň üçin-de, garagyş döwri gyşyň ýetip gelendigini öňräginden ýatladýar.

Sebäbi käbir ýyllarda akrap maýyl gelip, adamlar gyşyň düşenini hem duýman galýarlar. Şeýle ýagdaýda daýhan-da, maldar hem köp ýitgi çekmeli bolýar. Ine, şuny ýatlatmak üçin-de pederlerimiz gyşyň başyny garagyş diýip atlandyrypdyrlar.

Dört bölege bölünen gyşyň iň soňky — 8-nji fewraldan 22-nji fewrala çenli dowam edýän döwrüne-de iň soňky garagyş diýilýär.Munuň özi Entek gyş gutaranok, arkaýynlaşma!diýýäne meňzeýär.

Hakykatdan-da, togsan dolup, gyş tamam boldy diýilse-de, ol käbir ýyllarda gazabyna tutup, gar ýagdyryp, doňakçylyk hem ediberýär.Hut şonuň üçin-de, gyşyň gylyksyz oýunlarynyň kyrkysyndan-da mydama hüşgär bolmalydygyny unutmaly däl.

Şu ýyl gyşyň maýyl gelmegine garaşylýar. Sebäbi her kyrk ýyldan gaýtalanýan we biri-birine juda meňzeş gelýän ýyllara görä, ýaşulular 1984-nji ýylyň hem gyşynyň maýyl gelendigini ýatlaýarlar diýlip, habarda bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Süleýman Tursunbaýewiň ölüm tragediýasyndan dört ýyl geçdi, ölümiň resmi sebäbi mälim edilmedi
Daşary ýurtlardan lebap sementini satyn almaga barha köp isleg bildirýärler
Yslam Babaýew adyndaky ýaş gitaraçylaryň festiwaly
TFÇ ― 2024: Ahal Altyn asyr bilen duşuşykdaky üstünligini gorap bilmedi
Köpetdag Naýbaşy futzal ligasynyň ilkinji tapgyrynda utuk ýitirdi
Türkiye Nebit Pudagynda Maksatnamalaryny Artdyrdy