Türkmenistanda gar ýagdy, käbir sebitlerde tok we gaz üpjünçiligi kesildi, ýol hadysalary köp boldy

Türkmenistanda gar ýagdy, käbir sebitlerde tok we gaz üpjünçiligi kesildi, ýol hadysalary köp boldy

Türkmenistanyň dürli sebitlerinde 14-nji dekabrda gar ýagdy. Käbir etraplarda elektrik energiýasynyň üpjünçiligi kesildi. Çetki obalarda tebigy gazyň üpjünçiliginde hem bökdençlik emele geldi. Ýollar sürçek boldy. Garyň erän ýerlerinde ýerli ýaşaýjylar batga ýollarda kösendi.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary Lebap, Mary we Balkan welaýatlarynda, şeýle-de paýtagt Aşgabatda hepdäniň ahyrynda bolup geçen ýagynly howa we onuň ýol açan netijeleri barada maglumat berýärler.

“Agşam sagat 20:00 töwereklerinde ýel turup, yz ýany gar ýagyp başlady. Şemaldan iki sagat çemesi öň, käbir etraplarda elektrik energiýasynyň üpjünçiligi kesildi. Welaýat merkezinden daşda ýerleşýän obalarda elektrik energiýasy bilen bilelikde tebigy gaz hem öçürilipdir” diýip, Mary welaýatynyň birnäçe ýaşaýjysy aýdýar.

“Meteožurnal” howa maglumatlary neşirine görä, ýurduň iň günortasynda ýerleşýän Serhetabat şäherinde 14-nji dekabrda bir gün öň selsiý boýunça plýus 23,8 gradus bolan howanyň temperaturasy giç agşam 0 gradusa çenli aşaklady. Munuň yz ýany, daglyk sebitde ýagan garyň garyň galyňlygy 16 sm-e çenli baryp ýetdi. Howanyň temperaturasy -4,2 gradusa çenli peseldi.

Paýtagt Aşgabatda 14-nji dekabrda agşam tizligi sekunta 18 metre çenli baryp ýetýän şemal öwsüp, bary-ýogy birnäçe sagadyň dowamynda howanyň temperaturasy ep-esli aşaklady. Gije ýagan garyň galyňlygy 15-nji dekabrda irden üç santimetre ýetdi diýip, howa maglumatlary neşiri aýdýar.

Türkmenabatda şenbe güni agşam tozanly tupan turup, yz ýany gar ýagdy. Şemalyň tizligi sekuntda 20 metre çenli baryp ýetdi.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýurduň tas ähli sebitlerinde bolup geçen howa hadysasynyň ýerli ýaşaýjylaryň gündelik durmuşa ýetiren täsirleri barada habar berýärler.

“Oba ýerlerinde adamlar odun ýakyp, öýlerini ýylatjak boldular” diýip, günorta-gündogar sebitde Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen gürrüňdeş bolan oba ýaşaýjylary aýdýarlar we çet sebitlerde tebigy gazyň hem öçürilendigini, şeýle-de elektrik energiýasynyň üpjünçiliginiň 24 sagat soňra gaýtadan dikeldilendigini belleýärler.

“Tebigy gaz üpjünçiligi bolsa, käbir obalarda, 15-nji dekabrda gaýtadan ýola goýuldy” diýip, sebit ýaşaýjylary aýdýar.

Türkmenistanda howa hadysalary elektrik energiýasynyň hem-de tebigy gazyň üpjünçiligine täsir edýär. Ýagynly howada ýa-da ýel turanda ýurduň dürli sebitlerinde, köplenç çetki obalarda tok we gaz üpjünçiligi kesilýär.

Şenbe güni günorta-gündogar sebitde ençeme hojalyk ýollarda emele gelen sürçeklik sebäpli, galyberse-de mekdeplerde we çagalar baglarynda ýylylyk üpjünçiligi bilen bagly dowam edýän aladalar zerarly, çagalaryny okuwa ibermändirler.

Sowuk howa akymynyň arasynda, Mary welaýatynyň dürli sebitlerinde elektrik üpjünçiliginiň kesilmegi durmuş desgalarynyň, hassahanalaryň işine oňaýsyz täsir etdi.

Türkmengala etrabynyň Zähmet daýhan birleşiginde lukmançylyk kömegine mätäç bolan raýatlar elektrik üpjünçiliginde ýüze çykan bökdençlik sebäpli Baýramalynyň etrap hassahanasyna eltilipdir. Zähmetli ýaşaýjylar adatça ýerli saglyk öýlerine, ýa-da Türkmengala etrap hassahanasyna ýüz tutýan ekeni.

Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezinde we ýanaşyk sebitlerde 15-nji dekabrda ýagan gar ýagşy ýerli ýaşaýjylaryň gündelik durmuşyna oňaýsyz täsir etdi. Garyň tiz wagtda eremegi netijesinde ýollar palçyga bulaşdy. Bu ýagdaý hapa ulaglary nyşana alýan ýol polisiýasyny işjeňleşdirdi.

Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjylary sebit merkezinde abatlaýyş işlerine mätäç asfaltlanan ýollaryň hem palçyga bulaşandygyny aýdýarlar.

“Köçeleriň ýagdaýyny görer ýaly däl, şu gün gar ýagdy, çagam mekdebe gidip bilmedi” diýip, türkmenabatly ýaşaýjy aýdýar.

“Köçeler palçyk bolansoň, başga ýoldan gidip, goşmaça 750 metr aralygy geçmeli boldum” diýip, beýleki bir şäher ýaşaýjysy aýdýar we şäheriň abatlaýyş işlerine mätäç asfalt ýollarynyň gözgyny ýagdaýyna ünsi çekip, sözüniň üstüni ýetirýär.

Ýerli ýaşaýjylar şäheriň käbir etrapçalarynda ýollaryň düýbünden asfaltlanmandygyny, şol sebäpden, gar ýagyp erände, ýa-da ýagyş ýaganda şeýle ýollaryň dessine palçyga bulaşýandygyny aýdýarlar.

Bu şäherde hem käbir hojalyklar garyň eremegi netijesinde ýollaryň palçyga bulaşmagy sebäpli kiçi ýaşly çagalaryny şenbe güni çagalar baglaryndan alyp galypdyrlar.

Garyň tiz wagtda eremegi bilen ýollarda emele gelen batgaçylyk köçe-ýol hereketine gözegçilik edýän polisiýa işgärlerini hem işjeňleşdirdi.

Türkmenistanda ak ýa-da açyk reňkde bolmagy talap edilýän awto ulaglaryň hususan-da ýagynly howada hapalanmagy polisiýa işgärleri tarapyndan berk gözegçilik astynda saklanýar.

Ýol polisiýasy ýagyşly howadan soň, dessine hapa ulaglara jerime ýazyp başlaýar.

Gündogar welaýatda hem häkimiýetler geçen hepdäniň ahyrynda köçelerde çygly howadan soňra hapalanan awtoulaglary awlap başladylar diýip, ýerli ýaşaýjylar aýdýar.

“Gar ýa-da ýagyş ýagsa ýol polisiýasynyň eli gelýär.Häkimiýetler ýollary asfaltlamaýarlar, ýöne ýagyş ýagsa ulaglaryň hapalanmagyny bahanalap, dessine sürüjilerden gorkuzyp para alyp başlaýarlar.Men şu gün iki sany PÝGG işgärine 50 manat para berdim.

Biz iki ýylda bir gezek ulaglarymyzy “tehosmotr”, [ýagny guratlyk barlagyndan] geçirip, salgyt töleýäris. Ýöne biziň töleýän salgytlarymyz bilen ýollar abatlanmaýar” diýip, Çärjew etrabynda awtoulagy polisiýa tarapyndan iki gezek saklanan sürüji aýdýar.

Paýtagt Aşgabatda asfalt ýollarda emele gelen sürçeklik sebäpli, ýol-ulag hadysalary köp boldy. Bu ýagdaý hem Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň berk gözegçiligine alyp geldi.

“Ýollarda emele gelen sürçeklik sebäpli, ulaglaryň bir-birege baryp urmagy ýaly ýol hadysalary az bolmady. Içeri içer işler ministrliginiň ýol gözegçiligi gullugy bu hadysalardan bähbit gördi” diýip, paýtagtly bir ulag sürüjisi aýdýar we ýagynly howadan soňra, köçelerde gar arassalaýjy tehnikalaryň görünmändigine ünsi çekýär.

Paýtagtyň ýaşaýjylary gar arassalaýjy tehnikalaryň dessine işe çekilmezligini şäher häkimliginiň garamagyndaky jemagat gulluklarynyň gar ýagşyna taýýarlyksyz bolmagy bilen baglanyşdyrýarlar.

“Ýol-ulag hadysalary köp boldy, tiz kömek ulaglary şäherde iki ýana alňasaýardylar” diýip, paýtagtly ýaşaýjylar aýdýar.

Hepdäniň ahyrynda käbir ýaşaýyş jaýlarynda elektrik energiýasynyň hem-de hojalyk suwlarynyň üpjünçiligi kesilipdir.

Azatlyk Radiosy geçen hepdäniň ahyrynda ýurduň şäher we oba ýerlerinde durmuş maksatly desgalardaky we ýaşaýyş jaýlaryndaky ýyladyş ulgamlarynyň ýagdaýy barada habar berdi.

Şonda habarçylarymyz Mary şäheriniň köp gatly jaýlarynyň hususan-da ýokarky gatlarynda, merkezleşdirilen bug gazanlarynyň basyşynyň pes bolmagy sebäpli, ýylylyk üpjünçiliginiň kadaly ýola goýlup bilinmeýändigini habar berdiler.

Ýerli ýaşaýjylar sowuk jaýlarda özleriniň gyş eşiklerinde gezmeli bolýandyklaryny gürrüň berdiler.

Sebitiň oba ýerlerinde, şeýle-de günbatar welaýatyň Balkanabat hem-de Türkmenbaşy şäherlerinde hem ýerli ýaşaýjylar ýylylyk üpjünçiligi bilen bagly birmeňzeş problemalara duçar boldular.

Azatlyk Radiosy hepdäniň ahyrynda ýurduň dürli sebitlerinde bolup geçen howa hadysasy we onuň ýol açan netijeleri, şol sanda ilatly ýerlerde elektrik energiýasynyň, hem-de tebigy gazyň üpjünçiliginiň kesilmegi barada ýerli häkimiýetlerden resmi teswir alyp bilmeýär.

Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, elektron neşirler ýurtda bolup geçýän adatdan daşary howa hadysalary we olaryň ýol açýan oňaýsyz netijeleri barada adatça habar bermeýär.

Tebigy gaz serişdelerine baý Türkmenistanda soňky wagtlarda sandan çykyp barýan içerki gaz geçirijilerden tebigy gazyň syzmagy sebäpli ýurduň dürli sebitlerinde gaz basyşynyň peselmegi ýaly hadysalar has köp hasaba alnyp başlandy. Hünärmenlere görä, bu ýagdaý hem ilatly ýerleriň ýylylyk üpjünçiligine ýaramaz täsir ýetirýär.

Bu maglumat Azatlyk Radiosynyň web sahypasyndan çap edilenden soňra, 16-njy dekabrda Balkan welaýatyndaky habarçymyz Türkmenbaşy şäherinde günüň birinji ýarymynda güýçli ýel turup, hatda käbir elektrik we aragatnaşyk sütünleriniň ýykylandygyny habar berdi.

“Şäher merkezinde 9:00-14:00 aralygynda elektrik energiýasynyň üpjünçiligi kesildi. Şäheriň etegindäki etrapçalarda tok we telefon aragatnaşygy heniz hem dikeldilmedi. Güýçli ýel Akdaş we Gyýanly şäherçelerinde ýaşaýyş jaýlaryna uly zyýan ýetirdi” diýip, habaraçymyz ýerli ýaşaýjylary sitirledi.

Ol häzirki wagtda bu sebitde duýdansyz turan howa hadysasynyň ýol açan netijelerini ýakyndan synlaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

“Gorkut ata” kinofestiwalynda görkeziljek filmleriň sanawy
Türkmenistanda hepdäniň ahyrynda gar ýagmagyna garaşylýar
Türkmenistanda hepdäniň ahyrynda garyň ýagmagyna garaşylýar
Türkmenistanda howa öňümizdäki üç günüň dowamynda ýene garly we aýazly bolar
Ýangyjy nädip tygşytlamaly?
Asmandaky pamyklar