Türkmenistanda galla oragyna girişiler, Daşoguzda 450 orunlyk hassahana ulanmaga berildi, Ýagşymyradowyň Bellator bilen şertnamasynyň çäklerindäki soňky duşuşygy, Petronas maliýe amallary boýunça hünärmen gözleýär we beýleki habarlar

Türkmenistanda galla oragyna girişiler, Daşoguzda 450 orunlyk hassahana ulanmaga berildi, Ýagşymyradowyň Bellator bilen şertnamasynyň çäklerindäki soňky duşuşygy, Petronas maliýe amallary boýunça hünärmen gözleýär we beýleki habarlar

1. 3-nji iýunda Türkmenistanda galla oragyna girişiler. Üstümizdäki ýylda 690 müň gektar ýerden 1,4 million tonna galla hasylyny ýygnamak meýilleşdirilýär.

2.Daşoguzda 450 adama niýetlenen köpugurly hassahananyň açylyş dabarasy boldy. 4 gatly toplum 7 bölümden ybaratdyr.Bu ýerde ýöriteleşdirilen bölümleriň 32-si we öz gan banky hereket edýär. 3. 29-31-nji maý aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisi geçiriler.

Sergä gatnaşmak üçin ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenleri, telekeçiler, daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri hem-de raýatlar çagyrylýar. 4.PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd kompaniýasy Gyýanlyda maliýe amllary boýunça hünärmeniň iş ornunyň açylandygyny mälim etdi. 5.

Hindistanyň Aşgabatdaky ilçisi Hemme zat bolup biler filminiň awtoryny kabul etdi.Tagore International Film Festival (TIFF) halkara kinofestiwalynda Aýyň iň gowy kiçigöwrümli filmi ugry boýunça ýeňiji bolan Hemme zat bolup biler filminiň režissýory Myrat Mollaýew Hindistanyň Türkmenistandaky ilçisi Widhu Pithambaran Nair tarapyndan kabul edildi.

6.Döwletjan Ýagşymyradowyň Bellator bilen şertnamasynyň çäklerindäki ýekeje duşuşygy galdy. Ýakyn günlerde geçiriljek başa-baş söweş türkmenistanly türgeniň gurama bilen şertnamasynyň çäklerindäki ahyrky duşuşygy bolar.Ondan soň ol ýa Bellator bilen täze şertnama baglaşar, ýa-da başga hemaýatkär kompaniýanyň düzüminde çykyş eder. 7.

Futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy dostluk duşuşygynda Tailandyň ýygyndysyndan 0:1 hasabynda asgyn geldi.Duşuşyk 27-nji maýda Sisaket etrabyndaky Şri Nakhon Lamduan stadionynda geçirildi. 8. Şu gün Aşgabat wagty bilen 23:55-de Pariž şäherinde UEFA Çempionlar ligasynyň final duşuşygy geçiriler.

Ykbal çözüji oýunda Angliýanyň Liwerpuly we Ispaniýanyň Real Madridi güýç synanyşarlar.Duşuşygy Matç TW teleýaýlymy göni ýaýlymda görkezer.

9. Alymlar ýere meňzeş planetany açdylar. Täze ekzoplaneta Gawaýýi adalarynda Subaru teleskopynyň kömegi bilen ýüze çykaryldy. Bu planeta bizden 36,5 ýagtylyk ýyly uzaklykda kiçijek öçügsi ýyldyzyň töwereginden aýlanýar.

10. Gucci modalar öýi ýürek urgusyny we ukynyň ýagdaýyny gözegçilikde saklamagy başarýan akylly ýüzügini tanyşdyrdy. Ýüzügiň içki tarapy bedeniň dürli ýagdaýlaryny gözegçilikde saklaýan birnäçe datçikler bilen üpjün edilendir.

Ýene degişli makalalar

Petronas Aşgabatda kömekçi işgär gözleýär, Ahal welaýatynda Akhanyň heýkeli oturdylar, Fransiýada ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary ýurt pasportlarynyň möhleti uzaldylýar we beýleki habarlar
Gurbanguly Berdimuhamedow daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy
Awaza milli syýahatçylyk zolagy tomus möwsümine taýýarlyk görýär, Türkmenistanyň Prezidenti ýol hereketinde goýberilýän kemçilikleri aradan aýyrmagy tabşyrdy, Petronasyň täze iş orunlary, Gala medeni dynç alyş merkezi gaýtadan açyldy
Petronas Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd kompaniýasy boş iş orunlaryny yglan etdi
Aşgabadyň haýwanat bagynda tomus möwsümi dowam edýär, Onlaýn taksi mobil goşundysynyň ulanyjylary 15 müňden geçdi, Türkmenistan ýylyň başyndan bäri 78 000 tonna pomidor eksport etdi we beýleki habarlar
Türkmenistanyň birnäçe etraplarynda howanyň iň ýokary temperatura rekordy täzelendi, otlularyň tizligi peseldiler, ýerli teleýaýlymlaryň görkezilişi wagtlaýyn duruzyldy