Türkmenistanda “Gadymy Änew medeniýeti” atly halkara ylmy maslahat geçiriler

Türkmenistanda “Gadymy Änew medeniýeti” atly halkara ylmy maslahat geçiriler

Türkmenistanda “Gadymy Änew medeniýeti” atly halkara ylmy maslahaty geçirmäge taýýarlyk görülýär. "Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu barada şu gün 23-nji fewralda sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky Hökümet mejlisinde wise-premýer N.Amannepesowyň hasabatynda aýdyldy.

Hasabatda bellenilmegine görä, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mertebäniň we buýsanjyň gymmatly çeşmelerine öwrülen şöhratly türkmen taryhy, maddy we ruhy mirasy ylmy esasda düýpli öwrenilýär.

Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletler tarapyndan gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli şu ýylyň 27-nji martynda “Gadymy Änew medeniýeti” atly halkara ylmy maslahaty geçiriler.

Halkara ylmy maslahata Türkmenistandan, şeýle hem Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan, Russiýa Federasiýasyndan, Türkiýe, Özbegistan, Belarus, Gazagystan, Gyrgyz Respublikalaryndan we beýleki daşary ýurtlardan tanymal taryhçylaryň, arheologlaryň, gündogary öwrenijileriň, professor-mugallymlaryň we ýaş alymlaryň, muzeý işgärleriniň gatnaşmaklaryna garaşylýar.

Foruma gatnaşyjylar şeýle hem şu ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherinde guraljak dabaralara we çärelere gatnaşarlar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurduň taryhynyň müňýyllyklara uzap gidýändigini belledi.

Döwlet Baştutany Änewiň türkmen topragynyň gadymy medeniýetleriniň mekany bolup durýandygyny, türkmen halkynyň şöhratly geçmişi bilen bagly halkara ylmy maslahatyň wajypdygyny belläp, wise-premýere onuň guramaçylykly we ýokary derejede geçirilmegini hem-de bu işlere alymlaryň giňden gatnaşmaklaryny üpjün etmegi tabşyrdy.

Ýene degişli makalalar

Ylym-bilimde ýol-ýörelge, Arkadagyň eserleri
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18-nji noýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Türkmenistanyň Prezidenti TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň II teatr festiwalyna gatnaşyjylara Gutlag iberdi
Gorkut ata halkara kinofestiwaly badalga aldy
9-njy noýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Gorkut ata halkara kinofestiwalyna gatnaşyjylar gadymy Änewe baryp gördüler