Türkmenistanda Frankofoniýa-2022 bäsleşiginiň jemi jemlendi

Türkmenistanda Frankofoniýa-2022 bäsleşiginiň jemi jemlendi

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde her ýylda geçirilýän Frankofoniýa-2022 bäsleşiginiň jemi jemlendi. Jemleýji tapgyr teatr sungaty, eser döretmek bäsleşigi hem-de fotosuratlar diýen üç ugur boýunça geçirildi.

Bäsleşigiň ýeňijilerine baýrak gowşurnak dabarasyny Magtymguly adyndaky TDU-nyň prorektory Durdymyrat Annaýew açdy. Şeýle-de bu çärä Ermenistanyň Türkmenistandaky ilçisi we Halkara Frankofoniýa guramasynyň agzasy Ruben Harazýan gatnaşdy.

Eser döretmek boýunça geçen bäsleşikde birinji orna we Şweýsariýanyň Tissot sagady baýragyna 43-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Leýli Jumageldiýewa mynasyp boldy.

Teatr sungaty boýunça iň ýokary netijäni Timur Amanow görkezdi. Ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiň okuwçysyna Bouygues Turkmen kärhanasy tarapyndan baýrak hökmünde noutbuk sowgat berildi.

7-nji orta mekdebiň 6-njy synp okuwçysy Kirill Melehowyň düşüren fotosuraty hem öz ugry boýunça hemmeleriňkiden tapawutlanyp, oňa Ermenistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan planşet sowgat berildi.

Bu bäsleşigiň geçirilmeginiň esasy maksady ýaşlaryň fransuz dilini kämilleşdirmeklerini gazanmak we olary daşary ýurt dillerini öwrenmäge höweslendirmekden ybaratdyr.

Ýene degişli makalalar

Ilkinji mikrotolkunly peç
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýanyň Prezidentine gynanç hatyny iberdi
Türkmenistan awiakompaniýasy halkara uçuşlarynyň sanyny artdyrýar
Bundestag Şolsa ynam etmekden ýüz öwürdi
Germaniýa möhletinden öň saýlawlar geçiriler
Türkmenistan awiakompaniýasy halkara uçuşlarynyň geografiýasyny giňeldýär