
Türkmenistanda milleti özbek raýatlar öz çagalaryna milli özbek atlaryny dakmakda kynçylyk çekýärler. Häkimiýetler çagalaryň atlarynyň dokumentlerde türkmenleşdirilen görnüşde ýazylmagyny talap edýärler. Bu ýagdaý, hususan-da, Lebap welaýatynda ýüze çykypdyr.
"Öz çagasyna Alişer adyny dakjak bolýan ene-atalar, dokumentde ony Alyşyr diýip, ýazdyrmaly, Murat adyny dakjak bolsalar, Myrat diýip ýazdyrmaly. Gyz çaganyň Sitora adyny türkmençe Ýyldyz diýip görkezmeli, Zebo-Gözel bolmaly, Muhabbat bolsa, Mähri" diýip, lebaply çeşme gürrüň berdi.
Azatlyk bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan çeşmeleriň sözlerine görä, demirgazyk welaýatda etniki türkmenleriň köplük bolup ýaşaýan etraplarynda ýerli graždan aktlaryny ýazgy edýän ZAGS bölümleri bu talabyň soňky iki ýyl bäri etniki özbekler we täjikler babatynda ýöredýärler. Şeýle-de, çeşmeleriň sözlerine görä, olaryň dokumentlerinde milleti türkmen diýlip görkezilýär.
Şeýlelikde, Lebapda ýaşaýan etniki özbekleriň gürrüň bermegine görä, özbek çagalarynyň Ziýada, Zarina, Dilfuza, Dildara, Munisa ýaly atlarynyň ýerine dokumentlerinde Bagtygül, Altyn, Derman we Hemragül ýaly türkmen atlary görkezilýär.
Azatlyk Radiosy bu ýagdaý barada Lebabyň häkimiýetlerinden resmi maglumat alyp bilmedi.
Türkmenistanda etniki özbekleriň sany resmi maglumatlara görä, ýarym million adamdan gowrak bolup, olar esasan Özbegistan bilen serhetleşýän Lebap we Daşoguz welaýatlarynda köplük bolup ýaşaýar.
Türkmenistanda ýaşaýan özbekler ene dilinde bilim almak, milli geýimlerini geýmek we hatda köpçülikde özbek aýdymlaryny diňlemek ýaly gadagançylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan etniki özbekler öz problemalaryna türkmen häkimiýetleriniň hem-de özbek häkimiýetleriniň ýyllarboýy üns bermeýändigini aýdyp gelýärler.
Özbegistanly türkmenlerŞol bir wagtda-da, goňşy Özbegistanyň çäginde köplük bolup ýaşaýan etniki türkmenler öz dilinde bilim almak we milli däp-dessurlaryny saklamakda kynçylyk görmeýärler.
Özbegistanyň okuw jaýlarynda türkmen dilinde bilim bermek we bilim almak mümkinçiligi döwlet tarapyndan döredilýär. 2024-2025-nji okuw ýylynyň öňüsyrasynda Özbegistanyň ÝOJ-larynda türkmen dili hünäri boýunça bilim almak üçin 60 kwota bölünip berilipdi.
Özbegistanda ýaşaýan etniki türkmenler barada özbek mediasynda habarlar çap edilýär.
10-njy aprelde YouTube-da ýerleşdirilen wideoda, Özbegistanyň Garagalpagystan regionynda Dörtgül etrabynyň ýaşaýjylary barada maglumat çap boldy. Türkmen mekdebinde türkmen dilinde okaýan Oguljeren Haldurdyýewa ýaşlar üçin bilim bäsdeşlikleriniň birinde sylaga eýe bolup, Özbegistanyň prezidentiniň adyndan gowşurylan awtoulag baýragyna eýe bolupdyr.
Etniki azlyklaryň sanyAzatlygyň çeşmeleri Özbegistanda ýaşaýan türkmenleriň sanynyň Türkmenistanda ýaşaýan özbeklere garanda esli azdygyna ünsi çekýärler. Hususan-da, Dörtgülde etniki türkmenleriň sanynyň diňe birnäçe müň adamdygyny bellän, çeşme Lebapda 130 müň etniki özbekleriň ýaşaýandygyny we olaryň ýerli ilatyň uly bölegini emele getirýändigine garamazdan, ene dilinde bilim almak we hatda çagalaryna özbek atlaryny dakmak mümkinçiliginden mahrum bolýandygyny aýdýar.
Türkmenistanly milli azlyklaryň wekilleri ýurtda soňky birnäçe ýylyň dowamynda türkmenleşdirme syýasatynyň alnyp barylandygyna ünsi çekýärler. Türkmen häkimiýeleti birnäçe ýyl mundan öň Özbegistan bilen serhetdeş regionlarda özbek çagalarynyň sanyny anyklap, hasaba almak işlerini geçiripdi we býujet edaralarynda işleýän etniki azlyklaryň wekillerinden öz dokumentlerinde milletini türkmen diýip ýazdyrmagy talap edipdi.
Türkmenistanda dürli ýyllarda geçirilen ilat ýazuwlaryna görä, ýurtda 40-dan gowrak milletiň wekilleri ýaşaýar. Özbekler iň köp sanly etniki azlyk toparyny emele getirip, özbekleriň sany 642 müň adam diýlip görkezilýär, olar ilatyň 9,1%-ni düzýär. Şeýle-de, ýurtda 7 milliondan gowrak ilatyň 1,6%-tini ruslar, buluçlar 1,2%, azeriler 0,4% we gazaklar 0,2% emele getirýär diýlip, 2022-nji ýylyň ilat ýazuwynyň netijelerinde görkezilýär.
Türkmenistanyň kanunlary ähli milletleriň wekillerine deň hukuklary kepil geçýär. Türkmen resmileri halkara jemgyýetçiligine berýän hasabatlarynda etniki azlyklaryň hukuklarynyň doly berjaý edilýändigini öňe sürýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.