Türkmenistanda esgerler şahsy hojalyklara günlükçi’ hökmünde ugradylýar

Türkmenistanda esgerler şahsy hojalyklara günlükçi’ hökmünde ugradylýar

Howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli ady efirde Sonajemal diýlip tutulýan, 58 ýaşly türkmenabatly ene golaýda Mary welaýatyndaky bir harby bölümde çagyryş boýunça harby gullugy geçýän oglunyň yzyndan barýar.Baranda ogluny harby bölümden tapyp bilmeýär.

Ofiserler oňa oglunyň harby türgenleşige ugradylandygyny aýdýar.Ene ir sagat 11:00-den agşam sagat 7:00-ä çenli harby bölümiň öňünde garaşýar.Agşam sagat 7:00 töwereklerinde ogly “tälim- türgenleşik” diýilýänden dolanýar.

Ol özüniň harby serkerdeleri tarapyndan tälim-türgenleşige däl-de, bir hojalyga “talaban” hökmünde ugradylandygyny ejesine gürrüň berýär.Bu waka fewralyň başynda bolýar, ýöne türkmenabatly ene harby bölümde esgerleriň hojalyklara günlükçi hökmünde ugradylmak däbiniň köpden bäri saklanyp gelýändigini Azatlyk Radiosynyň habarçysyna 7-nji fewralda gürrüň berdi. “Ir sagat 9:00-da Türkmenabatdan çykyp, 11:00-e Mara bardym.

Agşam 7:00-ä çenli ogluma garaşdym.Ony talaban edip bir hojalyga ugradypdyrlar” diýip, ene zeýrenýär.Onuň sözlerine görä harby serkerdeler esgerleri günlükçi hökmünde hojalyklara iberip, mundan gazanç edýär. “Ştabyň başlygy esgerleriň günlükçi hökmünde hojalyklara paýlanyp berilmeginden habarly.

Sebäbi olar munuň üçin gündelik pul alýar” diýip, Azatlygyň habarçysy gürrüňdeşine salgylanýar.Azatlyk Radiosynda bu harby bölümiň ugruna we ýerleşýän ýerine degişli maglumatlar bar, ýöne türkmenabatly enäniň we onuň oglunyň howpsuzlygy göz öňünde tutulyp, olaryň maglumatlary aýan edilmeýär. “Sonajemal daýza ogluny bir gije-gündizlik rugsada çykarýar.

Onuň gürrüň bermegine görä, ene-atasy yzyndan gelýän esgerler rugsada çykanda ýanlary bilen bir gullukdaşyny hem rugsada alyp çykmagy öz aralarynda, ofiserleriň görkezmesi bilen şertleşipdirler.Ol oglunyň gullukdaşyny rugsada çykarmak üçin onuň rota komandirine 20 manat para tölemeli bolýar” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy aýdýar.

Lebaply ene harby bölümde esgerleriň iýmit üpjünçiliginiň ýaramazdygyny aýdýar. “Tüwi gaýnadyp berýärler.Esgerler nahardan etiň ysy gelse-de razy” diýip, türkmenabatly ene esgerleriň naharlarynyň ýokumlylygynyň pesdigini aýdýar.Türkmen prezidentiniň geçirýän howpsuzlyk geňeşlerinde harby pudagyň ýolbaşçylary gullukçylaryň ýaşaýyş durmuş şertleriniň amatlydygyny, olaryň durmuş üpjünçiliginiň ýokary derejededigini aýdýarlar. 27-nji ýanwarda Türkmenistan “Watan goragçylarynyň” gününi belledi.

Munuň bilen bagly harbylara iberen gutlag hatynda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Watanymyzyň edermen goragçylary üçin zerur bolan ähli şertleri döretmäge aýratyn üns bereris” diýdi.Sonajemal daýzanyň gürrüňlerine görä, Mary welaýatynda ýerleşýän harby bölümde çagyryş boýunça harby gullugy geçýän türkmenabatly esger özleriniň harby lybas üpjünçiligi bilen bagly ýeter-ýetmezçilige-de sezewar bolýandyklaryny aýdýar: “Agyr eşiklerimiziň içinden geýýän “hb-lerimizi” bir gün öňünden ýuwup, ertire çenli guratmaly bolýarys.

Harby üpjünçilikdäki guradyjy enjamlar işlemeýär.Gurap ýetişmedik ýagdaýynda sowukda ýarym öl eşik geýip irdenki nyzama ýetişmeli bolýarys” diýip, ol aýdýar.Onuň sözlerine görä, ammara seredýän borçnamalaýyn harby gullukçylar, “starşinalar” esgerleriň pagtadan tikilen harby lybaslaryny bikanun satýar. “Starşinalar harby egin-eşikleriň birini 130 manatdan satýan ekeni.

Harby ädigiň bahasy 70-80 manat” diýip, türkmenabatly ene aýdýar.Galyberse-de, 25-nji ýanwarda geçiren döwlet howpsuzlyk geňeşinde prezident Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň iň täze tehnikalar we enjamlar bilen üpjün edilýändigini aýtdy.

Bellingat açyk-derňew saýty 25-nji ýanwarda Türkmenistanyň italiýaly ýarag öndüriji kompaniýalardan ýüz milionlarça dollarlyk ýarag satyn alandygynyň üstüni açdy. Şol sanda, Azatlyk Radiosy golaýda derňew geçirip, türkmen hökümetiniň goranmak we howpsuzlyk edaralarynyň raýatlary yzarlamakda Germaniýanyň Rohde & Schwarz kompaniýasynyň öndüren enjamlaryndan peýdalanýan bolmagynyň ahmaldygyny belledi.

Türkmen metbugatynyň maglumatyna görä, prezident Berdimuhamedow 9-njy ýanwarda harby we hukuk goraýjy edaralara degişli kömekçi hojalyklarda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.Beýleki tarapdan, Türkmenistanda esgerleriň şahsy hojalyklara günlükçi hökmünde ugradylýandygy, olaryň geýim we iýmit üpjünçiliginiň ýaramazdygy barada habarlar gelip gowuşýar.

Ýene degişli makalalar

Açylowa türkmen hökümetini öz ýoluny baglap, zor bilen hassahana ýerleşdirmekde aýyplaýar
Türkmenistan ilatyna köpçülikleýin waksina sanjymyny edip başlady
25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanly geý özi barada gürrüň bermek we diskussiýa başlamak isleýär
Taryhyň synagy (3-nji bölüm): Göçe-göçlük döwrüniň şaýatlary
“Mamma Mia! Ine-de, täzeden başlaýarys” (Mamma Mia! Here We Go Again)