Türkmenistanda harby gulluga çagyryşdan boşadylmaga degişli bolan 27 ýaşy dolmadyk öňki bendileriň harby gulluga mejbury çekilmegi bilen bagly ýagdaýlar göz-görtele köpelýär.
Azatlyk Radiosynyň ýurduň harby bölümlerindäki çeşmeleri bu raýatlaryň gulluga alnyp gidilmegine ýurtda esger ýetmezçiliginiň ýitileşmeginiň sebäp bolýandygyny aýdýarlar.
“Tussaglykdan boşanymdan iki aý soň, meni woenkomata çagyrdylar. Men elimdäki “Wolçiý bilet”-i [iş kesilendigini we azatlykdan mahrum edilendigini görkezýän resminama] görkezdim. Emma şonda-da meni zor bilen armiýa alyp gitdiler” diýip, öňki bendi anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Azatlykda oňa nähili aýyplama esasynda iş kesilendigini, onuň näçe ýyl tussaglykda saklanandygyny we haçan azatlyga goýberlendigini tassyklaýan ähli resminamalar bar. Ýöne redaksiýa söhbetdeşiniň howpsuzlygy zerarly olary köpçülige mälim etmekden saklanýar.
“Men we meniň hossarlarym ýurduň kanunçylygyna laýyklykda, meniň harby gullukdan boşadylýandygymy we munuň bilen bagly resminamalaryň bardygyny subut edip, düşündirmäge synanyşsak-da, biziň arzymyzy hiç kim diňlemedi” diýip, Lebabyň il arasynda “Şagal” ady bilen tanalýan LBK/12 türmesinde oturyp çykan öňki bendi aýtdy.
Türkmenistanyň “Harby borçlulyk we harby gulluk hakyndaky” kanunynyň 18-nji maddasynda beýlekiler bilen bir hatarda, uly bolmadyk agyr jenaýaty edendigi üçin iki gezek iş kesilenleriň ýa-da ortaça agyr jenaýaty, agyr ýa-da aýratyn agyr jenaýaty edendigi üçin iş kesilenleriň harby gulluga çagyryşdan boşadylmagyna degişlidigi bellenýär.
Öňki bendi harby gullukda gynamalara, azar bermelere we kemsitmelere sezewar edilendigini, ol ýerdäki şertlere çydap bilmän, özüniň garnyny ýarandygyny hem aýtdy.
“Soňra meni “komisowat” etdiler we üç aý ýaly psihonewrologik bölümde zorluk bilen sakladylar” diýip, ýakynda bu bölümden boşadylan lebaply öňki bendi nygtady.
Azatlykda ýokarda aýdylan ýagdaýlary tassyklaýan resminamalaryň, şol sanda öňki bendiniň harby bilediniň nusgasynyň bardygyna garamazdan, howpsuzlyk aladalary sebäpli olary çap etmekden saklanýar.
Balkan welaýatyndaky habarçymyz hem, 27 ýaşyny dolmadyk öňki bendileriň harby gulluga çekilmegi bilen bagly ýagdaýlaryň soňky birnäçe ýylyň dowamynda ýygjamlaşandygyny tassyklaýar.
Lebabyň harby bölümleriniň birindäki çeşmämiz muňa, soňky ýyllarda 27 ýaşyna ýetmedik erkekleriň köpçülikleýin häsiýetde daşary ýurtlara okamaga, işlemäge gitmegi zerarly, ýurtda esger ýetmezçiliginiň ýitileşmeginiň sebäp bolýandygyny aýdýar.
Ol häkimiýetleriň bu problemany çözmek üçin “Türkmenistanyň harby kanunçylygyna garşy gelýän emellerden peýdalanyp, harby gullukdan azat edilen raýatlary hem zor bilen gulluga çekýändigini” tassyklaýar.
“Soňky birnäçe ýyl bäri dürli sebäplere görä harby gulluk borjundan azat edilen erkekler, hatda öňki bendileriň hem zorluk bilen gulluga ugradylmagy bilen bagly ýagdaýlar bolýar. Sebäbi 2021-nji ýyldan bäri harby bölümlerde esger sany ýylsaýyn azalýar. Goranmak ministrligi munuň sebäbini bilse-de, meseläni bikanun ýollar arkaly çözmäge çalyşýar” diýip, ol nygtady.
Mundan başga-da, ol öňki bendileriň harby gulluga äkidilmegine raýatyň çagyryş boýunça harby gullugy tamamlandygyny tassyklaýan “Harby biletleriň” bikanun satylmagynyň sebäp bolandygyny hem belleýär.
“Goranmak ministrligindäki işgärlere ýakyn bolan raýatlar daşary ýurtlarda ýaşaýan ýaş erkeklerden 1000-5000 müň dollar para alyp, raýatlara harby biletleri oňaryp berýärler. Hatda biletleri daşary ýurtlara ýörite eltip hem berýärler. Şonuň üçin hem bizde ýiti esger ýetmezçiligi bar” diýip, çeşmämiz aýtdy.
Türkiýede ýaşaýan türkmenistanly migrant hem, bu ýagdaýlary tassyklap, ýurda dolananda harby gulluga alnyp gidilmezligi üçin ýörite araçynyň hyzmatyndan peýdalanandygyny gürrüň berdi.
“Okaýan uniwersitetimiň türkmen toparynyň ýolbaşçysynyň Türkiýedäki türkmen ilçihanasy we konsulhanasy bilen ýakyn hyzmatdaşlyk saklaýandygyny bilýärdim. Degişli mesele üçin oňa ýüzlendim, ol maňa araçynyň belgisini berdi, araçy 2000 dollar berseň harby bileti Türkiýe getirdip berjek’ diýdi. Men hem harby bileti gulluk etmän, bir aýyň dowamynda aldym” diýip, türkmenistanly migrant anonimlik şertinde aýtdy.
Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada degişli türkmen häkimiýetlerinden, şol sanda ýurduň Goranmak ministrliginden teswir alyp bilmedi.
Soňky ýyllarda türkmen häkimiýetleri ýaşy 18-den 27-ä çenli bolan raýatlary çagyryş boýunça harby gulluga almak çärelerini güýçlendirdiler. Mekdebi tamamlaýan okuwçylaryň tas mekdep partasyndan, daşary ýurtlardan gelýän ýaşlaryň aeroportdan dessine harby gulluga äkidilmegi bilen bagly ýagdaýlar her ýyl ýüze çykýar.
Häkimiýetler bu çäreleriniň sebäplerini aç-açan düşündirmeýärler. Ýöne Azatlyk bilen söhbetdeş bilen harby bölümleriň ofiserleri muny ýurtda esger ýetmezçiligi bilen düşündirip gelýärler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.