Türkmenistanda Energetika enjamlaryny abatlaýyş merkezi açyldy

Türkmenistanda Energetika enjamlaryny abatlaýyş merkezi açyldy

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabadyň Büzmeýin etrabynda çarşenbe güni Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkeziniň açylyş dabarasy geçirildi. Täze merkez Merkezi Aziýada “General Electric” kompaniýasynyň gaz turbinalaryny abatlamak hem-de olara hyzmat etmek üçin ýeke-täk desgadyr.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylara we pudagyň işgärlerine ýüzlenip, Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkeziniň açylýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz soňky ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda täze, döwrebap elektrik stansiýalarynyň birnäçesiniň gurulandygyny aýtdy.

Merkezde ýöriteleşdirilen enjamlaryň 55-si gurnaldy. Toplum ugurdaş bölümleri, barlaghanany, edara binasyny, mejlisler jaýyny, arhiwi, ammary, tehniki, kömekçi jaýlary we beýleki zerur düzümleri öz içine alýar. Merkez häzirki zaman enjamlary, şol sanda synagdan geçirmek, barlamak hem-de gaz turbinalarynyň böleklerini, içinden geçýän sowadyş ýollaryny arassalamagyň dürli usullary üçin niýetlenilen enjamlar bilen üpjün edilendir.

Bellenilişi ýaly, bu ýerde iň öňdebaryjy tehnologiýalar esasynda “General Electric” kompaniýasynyň gaz turbinalary abatlanylar hem-de olara hyzmat ediler.

Dabaranyň dowamynda “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk Türkmenistan bilen üstünlikli ösdürilýän hyzmatdaşlyga hem-de iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gatnaşýandygyna buýsanýandygyny we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljekde-de dowam etdirilmegine uly gyzyklanma bildirýändgini belledi.

Soňra “General Electric Gas Power Europe” kompaniýasynyň başlygynyň orunbasary dabaraly ýagdaýda täze merkeze “General Electric” kompaniýasynyň tehnologiýalaryny ulanmaga rugsat berilýändigi barada güwänamany gowşurdy.

Şeýle-de täze merkeze Beýik Britaniýanyň “The London Energy Club” kompaniýasy, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň “Fraunhofer” adyndaky Energiýa ykdysadyýeti we energiýa ulgamlary tehnologiýasy instituty, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň “TUV” kompaniýasy, “Duisburg-Essen” uniwersiteti tarapyndan güwanamalar gowşuryldy.

Üç gektar meýdanda ýerleşýän bu desganyň gurluşygyny Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylda gol çeken degişli Kararyna laýyklykda, Türkiýäniň “Çalyk Enerji Sanayi ve Ticaret A.Ş.” kompaniýasy amala aşyrdy. Onuň gurluşygyna ýerli we daşary ýurtly hünärmenler gatnaşdylar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Balkanda täze elektrik stansiýanyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy
Serdar Berdimuhamedow ABŞ-nyň Türkmenistanda täze bellenen ilçisini kabul etdi
Hormatly Prezidentimiz täze energetika we durmuş maksatly desgalaryň ulanmaga berilmegi hem-de düýbüniň tutulmagy mynasybetli dabaralara gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti 1574 megawatt bolan täze elektrik stansiýasynyň gurluşygyna ak pata berdi
Türkmenistanyň Prezidenti täze energetika we durmuş maksatly desgalaryň ulanmaga berilmegi hem-de düýbüniň tutulmagy mynasybetli dabaralara gatnaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň täze ilçisini kabul etdi
Türkmenistanda amerikan maýa goýumynyň gatnaşmagyndaky 3,3 milliard dollarlyk 180 taslama hasaba alyndy