Türkmenistanda Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda Kanuna täze üýtgetmeler girizildi, Sweýsariýaly kolleksioner Döwlet muzeýine 80 sany türkmen milli şaý-seplerini sowgat berdi, TNGIZT elektron poçta salgysyny üýtgetdi

Türkmenistanda Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda Kanuna täze üýtgetmeler girizildi, Sweýsariýaly kolleksioner Döwlet muzeýine 80 sany türkmen milli şaý-seplerini sowgat berdi, TNGIZT elektron poçta salgysyny üýtgetdi

1.Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda Kanuna täze üýtgeşmeler girizildi.Resminamanyň täze neşirinde: Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyna mynasyp bolan ene aradan çykan ýagdaýynda, onuň maşgala agzalary üçin şu bendiň birinji tesiminde görkezilen suwdan, gazdan, elektrik energiýasyndan we ýaşaýyş jaý-jemagat hyzmatlaryndan mugt peýdalanmaga bolan hukuk enäniň iň soňky çagasy kämillik ýaşyna ýetýänçä saklanyp galýar diýip bellenilýär.

2. Şweýsariýaly kolleksioner Natali Markarýan-Fardyň wesýetnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine 80 sany türkmen milli şaý-sepleri gowşuryldy. Olaryň arasynda zenan we çaga şaý-sepleriniň ençeme görnüşleri bar. Sowgat berlen toplum muzeýde 2022-nji ýylyň 25-nji awgustyna çenli köpçülige ýetiriler.

3. Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň (TNGIZT) resmi saýty elektron poçtasynyň salgysynyň üýtgedilýändigini habar berýär. 2022-nji ýylyň 1-nji awgustyndan başlap Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň täze elektron salgysy tngizt@tngizt.gov.tm bolar.

4. Rospotrebnadzor Türkmenistana maýmyn mamasy keselini ýüze çykarmak üçin Wektor Döwlet ylmy merkezinde öndürilen test-ulgamlaryny iberdi.

5. Türkiýäniň poçta aragatnaşyk operatory (PTT) we Türkmenistanyň ulag-logistika merkezi (TULM) AGPJ howa gatnawlary arkaly poçta daşamalarynyň möçberini artdyrmak hakynda ylalaşdylar. Taraplaryň gol çeken ikitaraplaýyn ylalaşygyna laýyklykda, hepdede bir gezek howa gatnawlary arkaly Türkmenistana poçta ýükleri (EMS poçta habarlary, hatlar we ýollamalar) getiriler.

6. 12-17-nji sentýabr aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda Ýüpek ýolunyň merjeni atly halkara film festiwaly geçiriler. Bäsleşige Oguzhan adyndaky Türkmenfilm birleşiginiň hem gatnaşmagyna garaşylýar.

7. Nubia onlaýn-žurnalynyň geçiren ses berlişiginiň netijeleri boýunça 27 ýaşly aýdymçy we aktrisa Kim Ji Su dünýäniň iň owadan zenany hökmünde saýlandy. 5 aý dowam eden ses berlişige 116 ýurtdan bir milliondan gowrak adam gatnaşdy. Meşhur k-pop topary Blackpink-iň agzasyna 500 müňden gowrak adam ses berdi.

8. Azerbaýjanyň bilim ministri Emin Amrullaýew koronawirus sebäpli ýurtda mekdepleriň ýapylmak mümkinçiligi hakynda pikirini paýlaşdy. Azerbaýjanyň Hökümetiniň agzasynyň bellemegine görä, mekdepleriň dolulygyna ýapylmagy göz öňünde tutulmaýar, emma käbir mekdeplerde synplar ýapylyp bilner.

9.Matç TW Türkmenistanyň gatnaşmagynda Aziýanyň çagalary sport oýunlarynyň açylyş dabarasyny görkezer.Açylyş dabarasy göni ýaýlymda Aşgabat wagty bilen sagat 23:20-de görkezilip başlanar.Bäsleşikler sportuň 19 görnüşi boýunça geçirilip, jemi 273 toplum medal üçin göreşiler.

Türkmenistanly türgenler 9 görnüş boýunça çykyş ederler basketbolyň 3×3 görnüşi, boks, kuraş, ýeňil atletika, stol tennisi, ýüzmek, sambo, sport göreşi (grek-rim we erkin göreş) we ýaýadan ok atmak.

10. Bişkekde geçirilýän Merkezi Aziýanyň Çagyryş Kubogynyň final duşuşygynda Türkmenistanyň milli ýygyndysy Gyrgyzystandan asgyn geldi. Duşuşyk 3:2 hasabynda tamamlandy. Bäşinji setde taý-breýkde Gyrgyzystan 8 utuk aratapawut bilen ýeňiş gazandy.

Ýene degişli makalalar

“Abadan haly” halylaryň täze görnüşleriniň önümçiligini ýola goýdy
Aşgabat we Bişkek elektrik energiýasyny ibermegiň möhletini uzaltmak meselesini ara alyp maslahatlaşdy
2-nji awgustda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Işewürlik-daýjest: 7 13-nji noýabr aralygynda Türkmenistanyň esasy ykdysady habarlary
2023-nji ýylda Russiýa iberiljek türkmen gazynyň garaşylýan möçberi yglan edildi
Maksat-deri AGPJ-niň ýokary hilli gön önümlerine barha isleg artýar