ABŞ-nyň Halkara ösüş agentligi (USAID) türkmen telekeçisi Begençmyrat Böweliýew bilen bilelikde ýerli senetçileri goldamaga gönükdirilen “El iş önümleriniň eksporty 2024” atly taslamanyň işe girizilýändigini yglan etdi.
Bu taslama türkmen senetçilerine halkara söwda platformalaryny we işewürligi ýöretmegiň döwrebap usullaryny özleşdirmäge mümkinçilik berer. Onda “Amazon”, “eBay” we “Etsy” ýaly belli elektron söwda platformalary bilen işleşmegi öwretmäge aýratyn üns berler. Maksatnama Türkmenistanyň däp bolan senetçiliginiň aýratynlyklary we halkara bazaryň häzirki zaman talaplary göz öňünde tutulyp işlenip taýýarlanyldy. Bu barada taslamanyň guramaçylary belleýärler.
Aşgabat şäherinde geçjek iki aýlyk okuw maksatnamasy elektron, söwda, logistika, marketing we jemgyýetçilik torlary ösdürmek boýunça türgenleşik okuwlary öz içine alýar. Gatnaşyjylar öz önümlerini täsirli surata we wideo düşürmegi amaly taýdan öwrenerler hem-de halkara ibermeleri ýola goýmaga mümkinçilik alarlar.
Saýlama bäsleşigine gatnaşmak üçin arzalar 2024-nji ýylyň 1-nji dekabryna çenli kabul edilýär. Ýer sany çäklidir.
Türkmenistan halyçylyk, zergärçilik we çeper keşdeçilik ýaly el senedinine örän baýdygy bilen giňden tanalýar. “USAID-iň” taslamasy söwdanyň döwrebap ýollaryny ösdürmek we ýerli senetçileri goldamak arkaly bu däpleri gorap saklamagy maksat edinýär.
Gyzyklanma bildiren taraplar goşmaça maglumat almak üçin handmadeexp24@gmail.com elektron poçta salgysyna ýa-da +993 (71) 766 177 telefon belgisine ýüz tutup bilerler.