Türkmenistanda 'duzaga salnan' rus raýaty ahyry azatlyga çykdy

Türkmenistanda 'duzaga salnan' rus raýaty ahyry azatlyga çykdy

Orsýetiň we Türkmenistanyň raýaty Stanislaw Osipow (Çubçik) geçen ýylyň aýagynda, ahyrynda Türkmenistandan çykmagy başardy diýip, hukuk goraýjy, Moskwadaky “Memorial” merkeziniň Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça eksperti Witaliý Ponamarýew habar berýär.

Osipow, ozal habar berlişi ýaly, 2018-nji ýylyň martynda Türkmenistana uçup baranyndan soň, dokumentlerinden mahrum edilip, 5 ýyllap ýurtdan çykmazlyga höküm edildi. “Şu gün Osipowyň 2019-njy ýylyň dekabrynda Türkmenistandan çykmagy başarandygy mälim boldy.

Onuň Türkmenistandaky we Belarusdaky tanyşlary Osipowyň häzir Orsýetde ýerleşýändigini tassyk etdiler, emma maliýe kynçylyklary sebäpli, häzirlikçe onuň hemişelik internet eleýterliligi ýok” diýip, Ponamarýew aýtdy.Mundan öň Osipow 14-nji dekabrda Moskwa uçmak üçin bilet alandygyny aýdypdy, şondan soň onuň bilen aragatnaşyk kesildi diýip, hukuk goraýjy sözüniň üstüni ýetirdi.

Türkmenistandan çykmaga synanyşyp, Osipow Türkmenistanyň we Orsýetiň döwlet edaralaryna onlarça arza ýazdy, rus hukuk goraýjylary, şol sanda “Memorialyň” adamlary hem onuň sag-aman Orsýete dolanmagy ugrunda tagalla etdiler.

Tambowyň Derňew komiteti 2019-njy ýylyň 17-nji awgustynda, hereketlerinde jenaýat alamatlarynyň ýokdugy üçin, onuň garşysyna açylan jenaýat işini ýatyrdy.Ozalky aýalynyň şikaýaty esasynda, Osipowyň garşsyna 2013-nji ýylda RF-nyň Jenaýat kodeksiniň 139-njy maddasynyň 1-nji bölümi boýunça iş gozgalypdy.

Türkmen häkimiýetleri hut şu dokumente esaslanyp, Osipowyň Türkmenistandan çykmagyna gadaganlyk girizdiler.Gözleg bes edileninden soň, Aşgabatdaky rus ilçihanasy 2019-njy ýylyň 1-nji noýabrynda Osipowa täze daşary ýurt pasportyny berdi we ol şol dokument bilen ýurtdan çykdy.

Emma muňa garamazdan, Osipowyň Türkmenistanyň raýatlygyndan çykmak meselesiniň, bu prosesiň aşa çylşyrymlaşdyrylmagy sebäpli, häzire çenli hem tamamlanyp bilmändigi aýdylýar.

Ýene degişli makalalar

Lukaşenko Wagneriň Suwalki geçelgesiniň golaýyna barandygy baradaky habarlaryň nädogrydygyny aýtdy
Bileleikdäki Russiýa-Belarussiýa harby türgenleşigi başlady
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Günorta Koreýanyň ýaý atyjylary toparlaýyn ýaryşda Olimpiýa oýunlarynyň altyn medalyny gazandylar
Tokio-2020: koreýaly ýaý atyjy ilkinji olimpiýa rekordyny goýdy
Türkmenistanly R.Sultanow MMA-35-de russiýaly türgenden üstün çykdy