Türkmenistanda durmuşda kyn ýagdaýlara düşen aýal-gyzlara jemgyýetçilik goldawyny bermek boýunça okuw maslahaty geçirildi

Türkmenistanda durmuşda kyn ýagdaýlara düşen aýal-gyzlara jemgyýetçilik goldawyny bermek boýunça okuw maslahaty geçirildi

Iýul aýynda Türkmenistanda durmuşda kyn ýagdaýlara düşen aýal-gyzlara we maşgalalara jemgyýetçilik goldawyny bermek bilen bagly işlere bagyşlanan bäş günlük okuw maslahaty geçirildi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasynyň (ÝUNFPA) Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan guralan okuw maslahatynyň maksady maşgalalara jemgyýetçilik hyzmatlaryny we psihologiki maslahat bermek üçin jemgyýetçilik işleri boýunça hünärmenleri we psihologlary taýýarlamakdan ybarat boldy.

ÝUNFPA-nyň resmi saýtynda habar berilmegine görä, okuw maslahaty Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti bilen bilelikde guraldy we jemgyýetçilik işleri boýunça hünärmenleriniň işini utgaşdyrmaga ýardam berdi.

Okuw maslahatyna Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň, Keýik okara jemgyýetçilik guramasynyň wekillerinden we jemgyýetçilik işleri boýunça hünärmenlerden ybarat 70-den gowrak adam gatnaşdy.

Bu okuw maslahaty Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021 − 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli meýilnamasynyň çäginde guralyp, ol jemgyýetçilik işleri boýunça hünärmenleriň gender deňligi boýunça bilimini ýokarlandyrmaga şert döretdi. Şeýle hem çärede Durmuş hyzmatlary hakynda Türkmenistanyň kanunyna laýyklykda ýola goýlan hyzmatlaryň ýokary hilliligini üpjün etmek meselesi hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda Bütindünýä ilat güni mynasybetli ählumumy Hasabatyň tanyşdyrylyş çäresi geçirildi
12-nji iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti bilen BMG-niň Ilat gaznasynyň arasynda Ähtnama gol çekildi
Aşgabatda Bütindünýä ilat güni mynasybetli çäre geçirildi
ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen bilelikde Lebap welaýatynda okuw maslahaty geçirildi
Türkmen zenanlarynyň adyndan, ýertitremede ejir çeken türkiýeli çagalara ynsanperwerlik kömegi ugradyldy