Türkmenistanyň häkimiýetleri köçe-ýol hereketiniň düzgünini bozan sürüjilere we pyýadalara garşy görýän jeza çärelerini güýçlendirdi. Munuň bilen baglylykda, düzgün bozan sürüjilere we pyýadalara berilýän jerimäniň mukdary ençeme esse ýokarlandyryldy. Bu barada hökümetçi "Orient" neşiri 11-nji maýda habar berdi.
Neşir täze jerimeler barada Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakyndaky kodeksine girizilen üýtgetmelerde we goşmaçalarda bellenýändigini aýdyp, onuň 11-nji maýda çap edilendigini belleýär.
"Şu günden (11-nji maý) başlap, rugsat edilýän iň ýokary tizligi sagatda 30 kilometr tizlikden köp, ýöne 50 kilometr tizlikden az mukdarda bozan sürüjilere salynýan jerimäniň möçberi binýatlyk mukdaryň ikisinden üçüsine çenli möçberde artdyryldy. Düzgün bozma gaýtalansa, onda jerimäniň möçberi binýatlyk mukdarynyň bäş essesine barabar bolar" diýip, neşir ýazýar.
Neşir häzirki wagtda ýurtda jerimeler üçin binýatlyk möçberiniň 100 manatdygyna hem ünsi çekýär.
Kodekse girizilen üýtgetmelere we goşmaçalara laýyklykda, ýurtda rugsat edilýän iň ýokary tizligi sagatda 50 kilometr tizlikden köp mukdarda bozan sürüjilere salynýan jerimäniň möçberi binýatlyk mukdaryň bäşisinden ýedisine çenli möçberde artdyryldy. Düzgün bozma gaýtalansa, onda raýatyň ulag sürmek ygtyýarlyklary üç aý möhlet bilen togtadylar.
Ýol hereketiniň düzgünlerini bozan, ileri tutulýan belliklere, ýol belliklerine ýa-da swetaforlaryň signallaryna boýun egmedik pyýadalara binýatlyk mukdaryň 0,4 bölegine çenli möçberde jerime salynar. Bu jerimäniň möçberi ozal binýatlyk mukdarynyň 0,2 bölegine deňdi.
Pyýada barýan mahaly, ýol hereketiniň düzgün-kadalaryny bozan 16 ýaşa ýetmedik ýetginjekleriň ene-atalary ýa-da kanuny hossarlary binýatlyk mukdaryň 0,4 bölegine çenli möçberde jerime tölemeli bolar.
Türkmenistanda düzgün bozan sürüjilere we pyýadalara salynýan jerimeleriň ýokarlandyrylmagy, ýurtda raýatlara, şol sanda ýol hereketiniň düzgünleriniň berjaý edilşine gözegçiligiň ozal görlüp-eşidilmedik derejede güýçlendirilmeginiň yz ýanyna gabat geldi.
6-njy aprelde prezident Serdar Berdimuhamedow howpsuzlyk mejlisini geçirip, öňki içeri işler ministri Öwezdurdy Hojanyýazowy wezipesinden boşadyp, onuň ornuna Lebap welaýatynyň Polisiýa müdirliginiň başlygy Muhammet Hydyrowy içeri işler ministri wezipesine belledi.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň dowamynda beýleki howpsuzlyk meseleleri bilen bir hatarda köçe ýol hereketiniň düzgünleriniň bozulmagy ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýokary tizlikde ele salnan 30-dan gowrak sürüjiniň jogapkärçilige çekilendigi aýdylyp, olar telewideniýede görkezildi.
Bu wakadan soň, 8-nji aprelde habarçylarymyz Aşgabat şäheriniň, Mary we Lebap welaýatlarynyň köçelerinde polisiýanyň gözegçiliginiň artyp, düzgün bozan sürüjilere jerime salmak çäresiniň güýçlenendigini habar berdiler. Habarçylarymyz düzgün bozan sürüjileriň käbirine 15 güne çenli türme tussaglygynyň göz öňünde tutulýandygyny hem aýtdylar.
Mundan başga-da, ilatyň mobil telefonlaryna SMS iberilip, olara ulag tizligine degişli düzgünleri bozmazlyk we pyýadalar üçin geçelgeleri ulanmak barada duýduryş edildi.
Şeýle-de, Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi raýatlara jemgyýetçilik ýerlerinde gazon otlaryna zeper ýetirmegiň we ol ýerde oturmagyň gadagançylygy barada hem duýduryş SMS-lerini iberdi.
Häkimiýetler bolup geçýän ýagdaýlaryň sebäpleri barada aç-açan düşündiriş bermeýär. Ýöne bu çäreler ýurtda häkimiýetleriň raýatlara, hususan-da, aýal-gyzlaryň daşky keşbine gözegçiligi ozal görlüp-eşidilmedik derejede güýçlendiren mahaly bolýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.