Türkmenistanda doglan kosmonawt türk kosmonawtyny garşy aldy

Türkmenistanda doglan kosmonawt türk kosmonawtyny garşy aldy

Türkmenistanda doglan meşhur rus kosmonawty Oleg Kononenko häzirki wagtda Halkara kosmos stansiýasynda işleýär. Ýakynda ABŞ-nyň “SpaceX” kompaniýasy tarapyndan döredilen we arasynda ilkinji türk kosmonawty Alper Gezerawçi hem bolan “Axiom Space” topary halkara kosmos stansiýasyna baryp ýetdi.

Bu ýerde Türkmenistanyň Gahrymany we Russiýanyň kosmonawtlar toparynyň başlygy Oleg Kononenko olary garşy aldy.Bu barada atavatan-turkmenistan.com habarlar saýty habar berýär.

Oleg Kononenko 1964-nji ýylyň 21-nji iýunynda Türkmenistanyň Türkmenabat şäherinde (öňki Çärjew) dünýä indi. Harkow awiasiýa institutyny tamamlady. Şondan bäri kosmonawtika ugrundan işleýär.

O.Kononenko Halkara kosmos stansiýasyna ilkinji uçuşyny 2008-nji ýylda amala aşyrdy. 2009-njy ýylda Russiýanyň Gahrymany “Altyn ýyldyz”, 2014-nji ýylda “Watana eden hyzmatlary üçin” ordeniniň 4-nji derejesi, 2011-nji ýylda bolsa “Kosmosda tapawutlanan hyzmatlary üçin” medaly bilen sylaglandy.

2019-njy ýylda Oleg Kononenko Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan "Türkmenistanyň Gahrymany" diýen belent at berildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy kosmonawt Oleg Kononenko gutlag iberdi
Türkmenistanyň Prezidenti Oleg Kononenkony Kosmonawtika güni bilen gutlady
Kosmonawtika güni bilen gutladylar
Türkmenistanyň Prezidenti Oleg Kononenkony Kosmonawtika güni mynasybetli gutlady
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI O.KONONENKONY KOSMONAWTIKA GÜNI BILEN GUTLADY
12-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal