Türkmenistanda döwleti mundan beýläk-de ösdürmegiň 30 ýyllyk maksatnamasyny işläp taýýarlamaga girişilýär

Türkmenistanda döwleti mundan beýläk-de ösdürmegiň 30 ýyllyk maksatnamasyny işläp taýýarlamaga girişilýär

Geçen hepdäniň wakalarynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan, halk hojalyk toplumyny depginli ösdürmegiň ylmy taýdan esaslandyrylan strategik maksatnamalarynyň yzygiderli amala aşyrylmagy özüniň aýdyň beýanyny tapdy.Bu maksatnamalar Diýarymyzyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň täze üstünliklere tarap öňe gitmegine kuwwatly itergidir. 3-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz uçuş wagtynda ýurdumyzda çap edilýän metbugat neşirleriniň mazmuny bilen tanyşdy.Metbugat makalalarynda bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň ilaty “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýen özboluşly mazmunly şygar astynda başlanan ýylda wajyp ýeňişleri gazanmak ugrunda öndürijilikli zähmet çekýär. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow uçuşyň dowamynda telefon arkaly Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň ýolbaşçysyna “Türkmenhowaýollary” agentliginiň işini kämilleşdirmek, onuň işine dünýäniň ösen tejribesini ornaşdyrmak bilen baglanyşykly meselelere degişli tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz Mary welaýatynyň dolandyryş merkeziniň howa menzilinden dikuçarda tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýe bolan iri “Galkynyş” gaz känine tarap ugrady.Döwlet Baştutanymyza sebitiň geljegi uly känleriniň çyzgylary görkezildi, şeýle hem ulgama daşky gurşawa zyýan ýetirmezden iri möçberli taslamalary durmuşa geçirmek hem-de ekologik taýdan arassa energiýany işlemekde iň öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmak barada habar berildi.

Uglewodorod serişdeleriniň baý gorlaryny öwrenmek hem-de özleşdirmek, ýurdumyzyň gaz pudagynyň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak, tebigy gazyň daşary ýurt bazarlaryna iberilýän ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, täze nebit we gaz guýularyny burawlamak, hünärmenleri taýýarlamak meselelerine garaldy.

Hormatly Prezidentimiz maslahatyň jemini jemläp, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biriniň — ýangyç-energetika toplumynyň işiniň döwletimiziň ykdysady özygtyýarlylygyny pugtalandyrýandygyny, pudakdaky maýa goýum taslamalarynyň bolsa özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam edýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, geljegi uly hasaplanylýan “Günorta Mary” meýdançasyny özleşdirmegiň wajypdygy aýratyn nygtaldy.

Döwlet Baştutanymyz geologik-gözleg we buraw işlerini işjeň alyp barmagyň, täze nebitgaz känlerini senagat taýdan özleşdirmegi güýçli depginlerde dowam etdirmegiň zerurdygyna ünsi çekip, “Ýaşlar” we “Garaköl” ýataklary bilen bilelikde umumy gorlary 27,4 trillion kub metr hasaplanan “Galkynyş” gaz käniniň tapgyrlaýyn esasda, uzak geljegi nazarlaýan anyk taslamalar arkaly özleşdirilýändigini belledi. Şol bir wagtyň özünde Diýarymyzyň beýleki gaz känleri hem düýpli özleşdirilýär.

Milli Liderimiz iş saparynyň dowamynda Mary welaýatynyň çägindäki öri meýdanlarynyň ýagdaýy bilen tanyşdy hem-de Ýolöten etrabynyň “Azatlyk” daýhan birleşigine degişli çopan goşuna geldi.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çopany Täze ýyl bilen gutlady hem-de özara söhbetdeşlikde onuň gündelik iş-aladalary, dowarlaryň gyşladylyşy we öňde boljak owlak-guzy möwsümi bilen baglanyşykly işler, netijeli zähmet çekmek üçin döredilýän şertler bilen gyzyklandy. 4-nji ýanwarda Mary welaýatynda iş saparynda bolan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow saparyň jemlerine bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi.

Oňa ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň düzümleriniň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri, sebitiň häkimi gatnaşdylar.Iş maslahatynyň dowamynda ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny mundan beýläk-de ösdürmegiň, welaýatda bar bolan känlerde gazyň çykarylyşyny artdyrmagyň, Türkmenistanyň dünýäniň energetika bazarlarynda eýeleýän ornuny pugtalandyrmagyň meselelerine garaldy. Şunuň bilen baglylykda, gaz senagatynyň desgalaryny döwrebaplaşdyrmak we sanly ulgama geçirmek, maýa goýumlary özleşdirmek, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek hem-de önümçiligiň ekologik tarapy barada aýdyldy.

Geljegi uly uglewodorod meýdançalarynda geologik-gözleg işlerini geçirmek, bu ulgamyň ylmy-tehnologik kuwwatyny pugtalandyrmak meselelerine aýratyn üns berildi. Şeýle hem “Galkynyş” gaz käninde “mawy ýangyjy” çykarmak, gaýtadan işlemek we ibermek boýunça ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn işler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanymyz degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk görkezmeleri berip, iň gowy dünýä tejribesiniň öwrenilmelidigine, pudaga öňdebaryjy usullaryň ornaşdyrylmalydygyna hem-de guramaçylykly çemeleşilmelidigine, daşary ýurtlaryň iri ýokary okuw mekdepleri, ylmy merkezleri bilen hyzmatdaşlyk etmek we tejribe alyşmak esasynda hünärmenleriň taýýarlanylmalydygyna ünsi çekdi. Ýangyç-energetika toplumynyň, şol sanda geologik-gözleg edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, zerur bolan ýagdaýynda önümçilik desgalarynyň durkuny täzelemek hem-de täze taslamalary durmuşa geçirmäge maýa goýumlary çekmek boýunça anyk teklipleri taýýarlamak zerurdyr. Şol gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçarda Lebap welaýatyna ugrap, şol ýerdäki “Malaý” gaz känine baryp gördi we bu ýerde ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň Maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek, “Malaý” gaz känini döwrebaplaşdyrmak, onuň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak bilen bagly meseleler boýunça maslahat geçirdi.

Döwlet Baştutanymyza gaz känleriniň önüm berijiligini artdyrmak boýunça alnyp barylýan ylmy-barlag işleri, täze guýulary gözlemegiň we ýüze çykarmagyň netijeleri barada hasabat berildi.Mary we Lebap welaýatlarynyň çäklerinde täze ýüze çykarylan meýdançalarda ägirt uly möçberde gaz gorlarynyň bardygy çaklanylýar. Şeýle hem türkmen topragynyň gümmez gatlagyndan alynýan tebigy gaz ýokary halkara görkezijilere laýyk gelýän, ekologik taýdan iň arassa gaz hökmünde ykrar edildi.

Bu bolsa dünýä bazarlarynda türkmen tebigy gazyna bolan gyzyklanmanyň artmagyny şertlendirýär.Täze ýüze çykarylan gaz meýdançalarynyň senagat taýdan özleşdirilmegi netijesinde, ýurdumyzyň gaz gorlarynyň mukdary 126 milliard kub metr artar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň öňünde üç esasy wezipäniň durýandygyny, olaryň nebitgaz pudagyny senagatlaşdyrmakdan, içerki sarp edijileri degişli önüm bilen üpjün etmekden hem-de eksport mümkinçiliklerini artdyrmakdan ybaratdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, pudaga häzirki zaman ylmynyň gazananlarynyň ornaşdyrylmagyna, ylym babatda halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi.

Soňra milli Liderimiz awtoulagda bu ýerden Garagum sährasynyň jümmüşine tarap ýola düşdi. Ýylyň bu paslynda Garagum sährasynda özboluşlylyk bar.Siňňin ýagan ýagşa ezilen sähranyň ösümlik dünýäsinde özüne çekijilik duýulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýolugra düýe sürüsiniň ýanynda saklandy.Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň “Ýeňiş” daýhan birleşiginiň düýe çopany milli Liderimizi gadyrly garşylady.Döwlet Baştutanymyz düýe çopany bilen salamlaşyp, onuň işi, mallarynyň, öri meýdanlarynyň ýagdaýy hem-de çopanyň maşgala durmuşy bilen gyzyklandy.

Sarwan kärende usulynda işleýändigini, onuň örän bähbitlidigini guwanç bilen aýtdy hem-de ähli oba hojalyk işgärleri, maldarlar üçin döwlet tarapyndan ýeňillikli şertleriň döredilýändigini aýratyn belledi we munuň üçin milli Liderimize hoşallyk bildirdi.

Ol düýedarçylykdan döwlet tapandygyny, maşgala agzalary bolup bagtyýar durmuşyň hözirini görüp ýaşaýandyklaryny uly buýsanç bilen aýtdy. 5-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatyna guralan saparyň jemlerine bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi.

Oňa Türkmenistan bilen ýakyn hyzmatdaşlyk edýän Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) wekilleri-de gatnaşdylar. Ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň düzümleriniň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, pudaga häzirki zaman ylmynyň gazananlaryny ornaşdyrmak, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, içerki sarp edijileri degişli önümler bilen doly üpjün etmek, nebitgaz senagatynyň eksport kuwwatlyklaryny artdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hususan-da, “Malaý” we “Naýyp” gaz känlerine ýanaşyk çäklerde täze känleriň ýüze çykarylandygy hem-de “Malaý” gaz käninde çuňlugy 4 müň metr we “Demirgazyk Derwüş” meýdançasynda çuňlugy 3 müň 200 metr bolan gözleg hem-de barlag guýularyny gazmagyň meýilleşdirilýändigi barada habar berildi.

Bagajanyň kükürtli gazy arassalaýan we suwuklandyrylan gazy öndürýän desgasy doly kuwwatlylygynda işledilende, gaz kondensatynyň, suwuklandyrylan gazyň möçberleriniň artdyrylmagyna, tebigy gazyň bir gije-gündizde 2 million kub metr goşmaça möçberiniň çykarylmagyna garaşylýar.

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde, “Galkynyş” gaz käniniň özleşdirilmegi hem-de Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy dowam etdirilýär.Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, taryh üçin uzak bolmadyk döwrüň içinde türkmen tebigy gazyny dünýä bazarlaryna diwersifikasiýa ýoly bilen çykarmak boýunça ägirt uly işler amala aşyryldy.

Häzirki döwürde hem bu hyzmatdaşlyk oýlanyşykly, işjeň we maksada okgunly alnyp barylýar.Bu ugurda dünýäniň birnäçe döwletleri we iri kompaniýalary bilen netijeli işler ýola goýulýar. Şol hyzmatdaşlaryň arasynda Hytaý Halk Respublikasyna aýratyn möhüm orun berilýär.

Döwlet Baştutanymyz strategik häsiýetli türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň geljekde hem uzak möhletleýin esasda dürli ugurlar boýunça ösdüriljekdigini nygtady.Biziň maksadymyz ýurdumyzyň gymmatly baýlygy bolan uglewodorod serişdelerini Ýer ýüzünde parahatçylygy pugtalandyrmagyň, halklaryň abadan durmuşda ýaşamagynyň we gülläp ösmeginiň bähbidine ulanmakdyr diýip, milli Liderimiz aýtdy. 6-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçeni kabul etdi.

Diplomat HHR-niň Başlygy Si Szinpiniň döwlet Baştutanymyza mähirli salamyny we Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli gutlag hatyny gowşurdy. Şeýle hem milli Liderimize Pekinde 2022-nji ýylyň 4 — 20-nji fewralynda geçiriljek XXIV Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmaga çakylyk haty gowşuryldy.

Duşuşygyň barşynda iki ýurduň köp ýyllaryň dowamynda ykdysadyýetiň esasy pudaklarynda, şol sanda energetika, ulag we kommunikasiýa, dokma hem-de himiýa senagaty ýaly möhüm ugurlarda üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändigi nygtaldy.Nebitgaz pudagy däp bolan ykdysady gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň biridir.

Onda bilelikdäki wajyp taslamalaryň birnäçesi durmuşa geçirildi. Şol bir wagtyň özünde hormatly Prezidentimiz mümkinçilikleriň köpdügine ünsi çekip, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny bilelikde işläp taýýarlamagyň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý komitetine, şeýle hem onuň kiçi komitetlerine möhüm ornuň degişlidigi nygtaldy.

Bu düzümleriň netijeli işi ykdysady we maýa goýum gatnaşyklarynyň täze ugurlarynyň ýüze çykarylmagyna kömek edýär. 6-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) ýurdumyzdaky wekilhanasynyň wezipä täze bellenen ýolbaşçysy Mohammad Faýýazini kabul etdi.

Ol milli Liderimize ynanç hatyny gowşurdy.Döwlet Baştutanymyz we BMG-niň Çagalar gaznasynyň wekilhanasynyň ýolbaşçysy köpýyllyk ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hem-de ony mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar. ÝUNISEF-niň wekili Türkmenistanda döwlet derejesinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan saglygy goraýyş ulgamyna, aýratyn hem enäniň we çaganyň saglygyny goramaga uly üns berilýändigini kanagatlanma bilen belledi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapynyň Merkezi Aziýada epidemiologiýa, wirusologiýa we bakteriologiýa sebit merkezini döretmek baradaky başlangyjynyň hem-de Türkmenistanda Epidemiologiýa, wirusologiýa we bakteriologiýa ylmy-önümçilik merkezini gurmak baradaky çözgüdiniň uly ähmiýete eýedigi nygtaldy.

Bu çözgüt Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça halkara forumda beýan edildi. Şeýle hem saglygy babatda mümkinçiligi çäkli çagalary goldamak boýunça alnyp barylýan işler, milli bilim ulgamyna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de üstünlikli hyzmatdaşlygyň beýleki ugurlary barada aýdyldy. 7-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň täze ýylda geçiren ilkinji mejlisinde döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hususan-da, döwletimiziň hukuk we demokratik esaslaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin ykdysady, maliýe we bank toplumlarynyň Iş meýilnamalaryny ylalaşmak boýunça görülýän çäreler, Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda serhetýaka söwdany ýola goýmak, 2024-nji ýylda Parižde (Fransiýa Respublikasy) geçiriljek XXXIII Tomusky Olimpiýa hem-de XVII Paralimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryny taýýarlamak barada maglumatlardyr hasabatlar berildi. Ýangyç-energetika ulgamyndaky işleriň ýagdaýyna aýratyn üns berildi.

Habar berlişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda ekologik taýdan arassalygy bilen has tapawutlanýan we Euro-6 standartlarynyň hil talaplaryna doly laýyk gelýän, A-98 kysymly täze awtoulag benzini öndürilip başlandy.

Niderlandlar Patyşalygynyň “Saybolt” kompaniýasynyň halkara barlaghanasynda geçirilen barlaglaryň netijesinde, bu önüme K5 ekologik talaplarynyň we Euro-6 standartlarynyň kadalaryna laýyk gelýändigi barada kepilnamalar berildi.Häzirki wagtda A-98 kysymly awtoulag benzinini nebit önümleriniň täze görnüşi hökmünde “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugy tarapyndan döwlet reýestrine girizmek hem-de laýyklyk sertifikatyny resmileşdirmek boýunça işler alnyp barylýar.

Döwlet Baştutanymyz täze tehnologiýalaryň, nou-haularyň hem-de dünýäniň ösen tejribesiniň ornaşdyrylmagy netijesinde, ekologik taýdan arassa täze önümiň çykarylyp başlanandygy baradaky habary kanagatlanma bilen kabul etdi hem-de munuň bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijesidigini aýratyn nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz türkmen topragynyň örän baý tebigy-çig mal serişdelerinden islegli önümleriň öndürilişiniň yzygiderli depginini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda ösümlikleri goramagyň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň hödürlenen taslamasynyň wajypdygyny belledi.Bu maksatnamanyň çäklerinde amala aşyrylmaly çäreleriň ylmy esaslaryny işläp düzmek, ösümlikleri goramagyň agrotehniki, himiki we biologik usullaryny ulanmagy kämilleşdirmek, ösümlikleri goramagyň serişdelerini synagdan geçirmek we hasaba almak göz öňünde tutulýar.

Döwlet Baştutanymyz ony ýene-de bir gezek täzeden seljermegi hem-de degişli düzümler bilen ylalaşmagy tabşyrdy.Milli Liderimize Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Algap” hususy kärhanasy bilen bilelikde döredilen “Senagattehnologiýalary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň aýna owuntyklaryndan öndüren kompozit armaturasynyň nusgalary görkezildi. Önümiň nusgalyk tapgyryna degişli döwlet edaralaryndan hil, laýyklyk we howpsuzlyk güwänamalary alyndy.

Geljekde paýdarlar jemgyýeti tarapyndan polat görnüşiniň ornuny tutýan dürli ölçegdäki kompozit armaturasynyň önümçiligini has-da giňeltmek meýilleşdirilýär.Mundan başga-da, bu pudaklar tarapyndan bazalt çig malyndan kompozit armaturasyny öndürmek boýunça hem guramaçylyk işleri alnyp barylýar.

Döwrebap tehnologiýalary ulanmak arkaly kwars çägesinden aýna süýümini we ondan dürli ölçegdäki kompozit gurluşyk armaturasyny öndürmek meýilleşdirilýär.Milli Liderimiz ýerli çig maldan kompozit gurluşyk armaturasynyň nusgalary bilen tanşyp, ekologiýa taýdan arassalygy, ykdysady taýdan elýeterliligi bilen tapawutlanýan önümçiligiň ýola goýulmagynyň daşary ýurtlardan getirilýän polat armaturanyň möçberini azaltmaga hem-de täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berjekdigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz ýerli çig maldan täze önümiň synag hökmünde çykarylandygy baradaky habary kanagatlanma bilen kabul edip, ugurdaş edaralar bilen bilelikde kompozit armaturasynyň berkligini synap görmegi hem-de ýokary hiliniň tassyklanan ýagdaýynda, bu işe hususy telekeçileri hem işjeň gatnaşdyryp, onuň giň önümçiligini ýola goýmagy çaltlandyrmagy tabşyrdy.

Türkmen alabaýyny wasp edýän milli nagyşlary ylmy taýdan öwrenmek boýunça alnyp barylýan işler mejlisde garalan meseleleriň biri boldy.Slaýdlardan peýdalanmak arkaly gadymy türkmen halylarynyň gölleri hem-de ýurdumyzyň dürli künjeklerinde geçirilen arheologik işleriň dowamynda tapylan alabaýyň we tazynyň şekilleri görkezildi.

Bellenilişi ýaly, alnyp barylýan işleriň netijeleri türkmen alabaýynyň dünýäde şan-şöhratyny artdyrmaga ýardam berer. Şeýle hem türkmen alabaý itlerini terbiýelemegiň we köpeltmegiň milli aýratynlyklary babatda hödürnamany ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna goşmak üçin taýýarlanýan maglumatlaryň üstüni ýetirer.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasynyň has düýpli öwrenilmegine we aýawly goralyp saklanylmagyna, ýaş nesle geçirilmegine ýardam berýän ylmy-barlaglaryň yzygiderli dowam etdirilmeginiň möhümdigini nygtady hem-de amaly sungatyň bu ugruny öwrenmek üçin ýokary okuw mekdepleriniň, aýratyn-da, ynsanperwer ugurly mekdepleriň okuw maksatnamasyna girizmegi, bu gymmatly mirasy gorap saklamak işlerine alymlary, şeýle hem Milli Geňeşiň agzalaryny çekmegi tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyza Türkmenistanyň Halkara elektroaragatnaşyk birleşigi (HEB) bilen birnäçe anyk ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek hem-de 2022-nji ýyl üçin degişli Iş meýilnamasyny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berildi.

Türkmenistanyň Milli kiberhowpsuzlyk strategiýasynyň hem-de ony amala aşyrmagyň Hereketler meýilnamasynyň taslamalaryny taýýarlamak teklip edildi. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň birinji ýarymynda HEB bilen Türkmenistanyň degişli döwlet edaralarynyň arasynda olaryň işini kämilleşdirmek meseleleri boýunça yzygiderli maslahatlaşmalary geçirmek, milli kiberhowpsuzlyk türgenleşiklerini guramak hem-de sebit derejesinde geçirilýän kibertürgenleşiklere gatnaşmak, ilatyň arasynda kiberhowpsuzlyk meseleleri boýunça düşündiriş işlerini geçirmek teklip edildi.

Munuň özi ýurdumyzyň Halkara elektroaragatnaşyk birleşigi tarapyndan dolandyrylýan Global kiberhowpsuzlyk indeksi boýunça tutýan ornuny ýokarlandyrmaga ýardam eder. Şunuň bilen baglylykda, “Elektron hökümetiň” ýola goýulmagy milli ykdysadyýetimiziň sanly ulgama geçirilmeginiň esasy ugry bolup durýar.

Birleşigiň bu babatda toplan tejribesine esaslanyp, 2022-nji ýylyň birinji çärýeginde HEB-niň hünärmenleriniň gatnaşmagynda pudagara duşuşyklary geçirmek meýilleşdirilýär. Ýurdumyzyň degişli hünärmenleri, tehniki işgärleri we talyplary üçin aýratyn okuw maksatnamasyny işläp taýýarlamak teklip edildi.

Bu maksatnama halkara maglumat, kommunikasiýa we aragatnaşyk ulgamlarynda dünýä derejesinde toplanan tejribeler bilen tanyşmak we döwletimizde ornaşdyrmak üçin okuw çärelerini öz içine alar.Milli Liderimiz Halkara elektroaragatnaşyk birleşigi bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça beýan edilen teklipleri makullap, bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz awiasiýa işini ygtyýarlylandyrmak baradaky Düzgünnamany tassyklady hem-de 8-9-njy ýanwarda Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetini syýasy we ykdysady meseleler boýunça netijeli gepleşikleri geçirmek üçin, Eýran Yslam Respublikasyna gulluk iş saparyna ibermek baradaky Buýruga gol çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň jemini jemläp, Hökümetiň agzalarynyň ünsüni öňde duran gaýragoýulmasyz wezipelere çekdi. Şu ýyl biz köp sanly iri desgalary ulanmaga bermeli. Şolaryň arasynda biziň üçin uly we möhüm bolan Ahal welaýatynyň edara ediş merkezi hem bar.

Bu ýerde işler tamamlanyp barýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şoňa görä-de, göz öňünde tutulan işleri bellenen möhletde hem-de ýokary hilli tamamlamak maksady bilen, milli Liderimiz ýüze çykýan soraglara gyssagly seretmek we çözmek üçin, bu ýerde her hepdede maslahat geçirmegi degişli ýolbaşçylara tabşyrdy hem-de degişli toparyň düzümi baradaky çözgüdi beýan etdi.

Hormatly Prezidentimiz ýangyç-energetika toplumynyň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň örän möhüm pudaklarynyň biridigini aýdyp, şoňa görä-de, täze ýyly Mary we Lebap welaýatlaryna iş saparyndan başlandygyny belledi.Döwlet Baştutanymyz ýakyn wagtda ýurdumyzyň beýleki welaýatlaryna hem baryp görmegi göz öňünde tutýandygyny belläp, mähriban halkymyzyň bähbidine Garaşsyz, Bitarap ýurdumyzyň ägirt uly gorlary bolan uglewodorod serişdelerini özleşdirmek üçin, ähli zerur şertleriň döredilýändigini we geljekde hem dörediljekdigini nygtady.

Milli Liderimiz Derweze sebitindäki gaz krateriniň ýangynyny söndürmek boýunça çäreleri görmegi tabşyrdy.Bu ýerde köp ýyllaryň dowamynda tebigy gazyň uly möçberi ýanyp dur, bu bolsa ekologiýa hem-de golaýyndaky ýaşaýan adamlaryň saglygyna ýaramaz täsir edýär.

Mundan başga-da, eksport edip halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin ep-esli möçberde girdeji alyp boljak çig malymyz ýitirilýär.Döwlet Baştutanymyz bu meseläni çözmäge alymlary, eger gerek bolsa, daşary ýurtly geňeşdarlary hem çekmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýene-de bir uly maksatnamanyň üstünde işlemegiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda biz mähriban Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramyny giňden belläp geçdik.

Garaşsyzlyk biziň gazanan beýik üstünliklerimiziň binýadydyr.Geçen 30 ýylyň içinde ýurdumyzda örän köp işler bitirildi, taryhy taýdan şu gysga döwürde biz ägirt uly üstünlikleri gazandyk diýip, milli Liderimiz nygtady.

Umuman, biz Täze Galkynyş we beýik özgertmeler zamanynda hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe giň gerimli durmuş, syýasy we ykdysady özgertmeleri durmuşa geçirdik.Syýasy taýdan durnukly we agzybir jemgyýetimizde mähriban halkymyz öz bellän maksatlaryny ynamly amala aşyrdy diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy hem-de şeýlelikde, durnukly syýasy, ykdysady we durmuş taýdan ösüşi gazanmagyň başardandygyny belledi.

Biz döwletimiziň ykbaly, nesillerimiziň geljegi üçin uly jogapkärçilik çekýäris. Şoňa görä-de, indi biziň öňümizde şeýle uly wezipe durýar: biz döwletimizi we onuň institutlaryny geljek 30 ýylda ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitlemelidiris hem-de düzmelidiris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz fewral aýynyň başynda Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisini geçirmegi teklip etdi.

Mejlisde geljek 30 ýylda ýurdumyzy ösdürmegiň maksatnamasyna seretmeli we ony tassyklamaly. Şeýle hem 2021-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemlerini jemläp, şu ýyl üçin wezipeleri kesgitlemeli diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň degişli tabşyrygyna laýyklykda, 8-9-njy ýanwarda türkmen wekiliýeti Eýran Yslam Respublikasynyň Tähran şäherine iş saparyny amala aşyrdy we şol ýerde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlary boýunça duşuşyklary geçirdi.

Umuman, “Halkyň Arkadagly zamanasy” şygary astynda başlanan 2022-nji ýylyň birinji iş hepdesiniň wakalary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň dünýä bileleşigi bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmeginiň durnukly ulgamyny kemala getirmäge, milli ykdysadyýetimizi yzygiderli pugtalandyrmaga, halkymyzyň hal-ýagdaýyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga, ata Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine durmuşa geçirilýän özgertmelere gönükdirilen syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary barada hemmetaraplaýyn maglumat berdi.

Ýene degişli makalalar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy - 2019-njy ýyl: nebitgaz toplumy
Türkmenistan gaz pudagynyň tehniki kuwwatyny artdyrýar
Türkmenistan gaz pudagynyň tehniki kuwwatyny artdyrýar
12.02.2020 | Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy - 2019-njy ýyl: nebitgaz toplumy
15.01.2021 | Türkmenistan gaz pudagynyň tehniki kuwwatyny artdyrýar
Türkmenistanda döwleti mundan beýläk-de ösdürmegiň 30 ýyllyk maksatnamasyny işläp taýýarlamaga girişilýär