Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Kararyna laýyklykda, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň gurluşy tassyklanyldy.
Bellenilişi ýaly, bu resminama “Kiberhowpsuzlyk hakynda” Türkmenistanyň Kanunynda we “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda” göz öňünde tutulan wezipeleriň we maglumat howpsuzlygyna degişli işleriň durmuşa geçirilmegini doly üpjün etmek hem-de Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň gurluşyny kämilleşdirmek maksady bilen kabul edildi.