Türkmenistanda dermanlaryň bahalaryna syn

“Türkmenistanyň Hronikasy” ýurtda derman bahalarynyň ýütgeýiş depginine syn etmegi dowam etdirýär.

2019-njy ýylyň üç aýynda dermanlaryň bahalary ortaça 5% ösdi. Emma dermanlaryň aglaba böleginiň bahalary öňküligine galdy. Geçen ýylyň degişli döwründe bahalar 20% ösdi. Bu ýyl dollaryň “gara bazardaky” nyrhlarynyň degişlilikde durnukly bolmagy bilen baglylykda bahalarda beýle böküş görünmeýär.

Soňky üç aýdaky üýtgeşmeler:

Gerbion (atgulak toşaby 150 mg) bahasy üýtgemedi we 54 manatdan satylýar.

Flokimazol (kapsula 150 mg) 5-den 4 manatda 5 manada çenli gymmatlady(-25%).

Trimol (10 tabletka, Türkmenistan) baha üýtgemedi 6,6 manat (0%).

Lidokain (sanjym üçin derman. 20mg/2mg, 10 ampul) 19 manatdan 20 manada galdy (+5.26%).

Panangin Forte (60 tabletka) 130 (0%).

Wiferon (1.000.000 ME 10 supp.) 260-dan 304 manada galdy (+17%).

Analgin (sanjym üçin derman. 500mg/2mg, 10 ambul) 20 manat (0%).

Naklofen (sanjym üçin derman. 75ml/3ml, 5 ampul) 42 manat (0%).

Tetrasiklin mazy (1%, 3gr) 17-dem 23 manada galdy (+35.3%).

Trok-Ýu (10 tabletka) 16 (0%).

Lewoksimed (damjalar 0,5%, 5ml) 151-den 156 manada çykdy (+3,3%).

Sigma -ST (10 tabletka) 30 manatdan 42 manada galdy (+40%).

Abatkal (400mg 10 tabletka) 67 (0%).

Sintomisin Leniment (10% 25gr, Nižfarma) 33-den 30-a düşdi (-9.10%).

Metoklopramid Arena (10 ml/10 tabl.) bahasy 7-den 7.2-ä galdy (+2.9%).

Kartan (1gr/5ml, 5 ampul) 205-den 249-a galdy (+21.5%).

Kuka (maz 20 gr) 26 (0%).

Geksoral (Aerozol 0,02%, 40 ml) 56-den 104-e çykdy (+85.7%).

Gee Baralgin (10 tabl., Hindistan) 10-dan 12-ä galdy (+20%).

Asiklostad (tabl. 200mg/1.) 4-den 5,2-a galdy (+30%).

Ýene degişli makalalar

Merkezi Aziýa Ukrainada uruş tamamlanandan soň: Hytaý sebitden Russiýany gysyp çykararmy?
“Volvo Cars” ýarymgeçirijileriň ýetmeýändigi sebäpli Şwesiýadaky önümçiligi togtadýar
Geely 2021-nji ýylda bazarda 1,32 milliondan gowrak awtomobil satdy
Samsung Galaxy M33 5G çykarmak üçin tassyklandy
Volvo kompaniýasy täze ykjam elektrik krossowerini çykarar
Şanhaý awtoulag sergisi öz işine başlady