“Türkmenistanyň Hronikasy” ýurduň dermanhanalaryndaky nyrhlaryň üýtgeýşine syn etmegini dowam etdirýär.
Dört aýyň netijeleri boýunça soňky çap eden synymyzdan soň bahalaryň ýokarlanmagy düýpli ýokarlandy.
Eger-de 2017-nji ýylyň birinji ýarymynda bahalar ortaça 18-20% ösen ýolsa, ýylyň bu gezekki degişli döwründe dermanlaryň bahalary eýýäm 50-55% gymmatlady.
2018-nji ýylyň fewralyndan bäri dermanlaryň käbir görnüşleriniň bahalarynyň üýtgeýşi:
Gerbion (podorožnik (ýyllyk çemen oty) siroby, 150 mg) 31 manatdan 49 manada çykdy (+59%)
Flokimazol (kapsulalar, 150mg) 2,50 manatdan 6 manada (+140%)
Trimol (ýerli önüm, 10 tabletka) 3,30-dan 6,60 manada (+100%)
Lidokain (10 ampul) 18-den 19 manada (+5,5%)
Panangin Forte (50 tabletka) 46-dan 70-e (+53%)
Wiferon-3 1000000ME 105-den 304-e (+190%)
Analgin (10 ampul) 15-den 19-a (+28%)
Naklofen (5 ampul) 22-den 35-e (+59%)
Ketonal (10 ampul) 47-den 97-ä (+106%)
Tetrasiklon mazy 1% (3g.) 5-den 26-a (+420% !!)
Trok Ýu (10 tabletka) 12-den 17-ä (+42%)
Gulaga damdyrylýan Lewoksimed 0,5% (5ml) 97-den 150-ä çykdy (+56%).
TH-nyň habarçylarynyň bellemeklerine görä, barha köp adamyň özüne zerur bolan dermanlary satyn almaga gurby çatmaýar we olar soňuna çenli dermansyz mydar etmäge çalyşýarlar.
Dirilik üçin möhüm bolan dermanlary tanyşlaryndan ýa-da bildiriş tagtalaryndan gözleýärler. Gutudaky dermanlaryň ählisini ulanmadyk adamlar olaryň galanyny satýarlar. Köplenç artan dermanlaryň dermanhanalardak garanda örän arzan bahadan satylýandygy, käte bolsa diňe sagbola berilýändigi baradaky bildirişler duşýär. Şeýdip adamlar ol dermanlary dol