Türkmenistanda dekabrdan mekdep okuwçylaryny FLEX programmasyna gatnaşmak üçin seçmek başlanýar

Dekabrda Türkmenistanda ýokary klas okuwçylaryny Birleşen Ştatlaryň FLEX (Future Leaders Exchange) student alyş-çalşygy programmasy boýunça seçip-saýlamak üçin nobatdaky ýyllyk synaglar/testler başlanýar, bu barada American Counsils saýtynda habar berilýär.

Bu ýyl programma gatnaşmaga 2001-nji 15-nji marty bilen 2003-nji ýylyň 31-nji maýy aralygynda doglan mekdep okuwçylary goýberilýär. Emma, anyklaşdyrylmagyna görä, 11-nji klasda okaýan okuwçylar, harby gulluga gitmeli bolsalar, bu seçgä gatnaşyp bilmeýär.

Bäsleşik okuwçynyň iňlis dilini bilşini barlamak üçin 15 minutlyk testden (Birinji tur), iňliçse düzme ýazmakdan (Ijinji tur) we söhbetdeşlikden (Üçünji tur) ybarat.

Synaglardan üstünlikli geçen okuwçylar 2019-20-nji okuw ýylynda ABŞ-a okamaga gitmäge mümkinçilik alýar. Programma gatnaşyjylara öýünden ABŞ-daky barmaly ýerine çenli we soň yzyna gelmegi üçin ýol harajatlary tölenilýär, aýlyk stipendiýa berilýär.

Bu ýyl synaglar Türkmenistanyň ýedi şäherinde geçiriler:

Daşoguzda synaglar 2-nji dekabrda, ir sagat 9-da №2- mekdepde başlanýar;

Maryda 9-njy dekabrda ir sagat 9-da №19 mekdepde;

Türkmenabatda 16-njy dekabrda ir sagat 9da №2 mekdepde;

Тürkmenbaşyda 6-njy ýanwarda ir saga 9-da №10 mekdepde;

Бalkanabatda 13-nji ýanwarda ir sagat 9-da №3 mekdepde;

Tejende 20-nji ýanwarda ir sagat 9-da №3 mekdepde;

Аşagabatda 27-nji ýanwarda ir sagat 9-da №20 mekdepde.

Welaýatlarda ýaşaýan we we haýsydyr bir synaga gatnaşyp bilmedik mekdep okuwçylary bäsleşige gatnaşmak üçin Aşgabada gelip bilerler. Synaga diňe bir gezek gatnaşmak mümkin.

Ýatladýarys, Türkmenistanyň häkimiýetleri geçen ýyl bir aýdan gowrak test-synag geçirmäge rugsat bermediler. Ahyr netijede rugsat alyndy, ýöne ýurduň ähli okuwçylary üçin synaglar diňe Aşgabatda geçirildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Arkadag medalyny döretmek hakyndaky Kanuna gol çekdi, Aşgabatda Ýaşulularyň halkara güni bellenildi, türkmenistanly kuraş ussatlary Aziýa oýunlarynda iki medal gazandylar we beýleki habarlar
Lebabyň mekdep okuwçylaryna ABŞ-nyň bilim programmasyna gatnaşmazlyk 'maslahat berilýär'
Flex maksatnamasynyň başlanjak senesi mälim edildi
Türkmenistanyň häkimiýetleri FLEX testleriniň geçirilmegine heniz rugsat bermedi
Aşgabatda türkmen-amerikan hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy
Türkmenistanda Flex synaglarynyň geçiriljek wagty mälim edildi
Türkmenistanyň häkimiýetleri FLEX boýunça synag geçirmäge rugsat berdiler, ýöne diňe Aşgabatda