Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli çäreler geçirildi

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli çäreler geçirildi

Türkmenistanyň Oba hojalyk toplumynyň edara binasynyň mejlisler zalynda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy hem-de Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli “Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň ýurdumyzda daşky gurşawy goramak we ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek boýunça döwlet syýasaty: ýetilen sepgitler we wezipeler” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Bu foruma, şol sanda wideoaragatnaşyk arkaly ýurdumyzyň tebigaty goraýyş düzümleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Milli Geňeşiň, ylmy jemgyýetçiligiň, ýokary okuw mekdepleriniň we jemgyýetçilik guramalarynyň, abraýly halkara hem-de sebit guramalarynyň — BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň, BMG-niň daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň, BMG-niň Çagalar gaznasynyň, BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň, Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň, Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa meseleleri boýunça merkeziniň, Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatda edilen çykyşlarda ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, baý tebigy serişdelerini netijeli peýdalanmak we artdyrmak, ata Watanymyzy gülläp ösýän mekana öwürmek boýunça Türkmenistanda alnyp barylýan köptaraply işler hemmetaraplaýyn beýan edildi.

Milli tokaý maksatnamasynyň çäklerinde, häzire çenli Türkmenistanda agaç nahallarynyň 115 million düýpden gowragy ekildi.El bilen döredilen tokaý zolaklary bu gün Köpetdagyň eteklerini, paýtagtymyzy, welaýat we etrap merkezlerini, beýleki şäherlerdir obalary bezeýär.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy dabaraly bellenilen 2020-nji ýylda ýurdumyzda pürli, saýaly we miweli nahallaryň 25 million düýbi oturdyldy. Şu ýyl bolsa Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň hormatyna ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň gatnaşmagynda agaç nahallarynyň ýene-de 30 million düýbi oturdylar.

Maslahata gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, Garagum sährasynda döredilen “Altyn asyr” Türkmen köli ýaly giň gerimli ykdysady taslamanyň amala aşyrylmagy diňe biziň ýurdumyz däl-de, eýsem, tutuş sebit üçin aýratyn möhüm ähmiýete eýedir. Şonuň bilen birlikde, aýratyn goralýan tebigy çäkleriň milli ulgamyny ösdürmek boýunça uly işler geçirilýär. “Bereketli Garagum” döwlet tebigy goraghanasy şonuň mysalydyr.

Maslahatda Türkmenistanyň halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygynyň dürli ugurlary boýunça bu çärä daşary ýurtly gatnaşyjylaryň çykyşlary diňlenildi. Bilelikdäki tebigaty goraýyş maksatnamalarynyň hem-de taslamalarynyň, hususan-da, çölleşmä we ýerleriň zaýalanmagyna garşy göreş, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak, bioköpdürlüligi gorap saklamak babatdaky gatnaşyklar barada aýdyldy.

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde “Türkmenistanda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde bilim we ylym ulgamynyň ähmiýeti”, Daşoguz şäherindäki Türkmen oba hojalyk institutynda bolsa “Aralýaka sebitiniň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmagyň meseleleri” atly mowzuklaýyn maslahatlar hem geçirildi. “Türkmenistanyň suw-batgalyk ýerleriniň ekologiýa babatda ähmiýeti”, “Türkmenistanyň çöl ekoulgamlaryny gorap saklamakda we ylmy taýdan öwrenmekde “Bereketli Garagum” döwlet tebigy goraghanasynyň ähmiýeti”, “Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde talyplara ekologiýa bilimini we terbiýäni bermegiň usuly aýratynlyklary”, “Altyn asyr” Türkmen kölüniň ýurdumyzyň biodürlüligini baýlaşdyrmakdaky ähmiýeti” hem-de beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Daşoguz şäherindäki Türkmen oba hojalyk institutynda “Aralýaka sebitiniň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmagyň meseleleri” atly maslahat geçirildi.Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň alyp barýan işleri, sebitiň döwletlerinde howanyň üýtgeýän şertlerinde Aral deňziniň sebitiniň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak hem-de suw serişdelerini toplumlaýyn peýdalanmagy gowulandyrmak üçin geçirilýän işler, suw hojalyk, ekologiýa we durmuş-ykdysady meseleleri çözmek boýunça halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda hem-de Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde “Türkmenistanyň ekologiýa diplomatiýasy” boýunça çykyşlary guraldy. Şeýle çykyşlar hepdäniň dowamynda ýurdumyzyň beýleki ýokary okuw mekdeplerinde hem geçirildi.

Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününiň öň ýanynda Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň, Daşoguz welaýatynyň häkimliginiň hünärmenleri, Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymlary hem-de talyplary Bötendag belentligine iş saparyny amala aşyryp, şol ýerde Aralyň täsir edýän zolagynda tokaýlyklary döretmek boýunça işleriň barşy bilen tanyşdylar. Paýtagtymyzyň Botanika bagynda guralan söhbetdeşlik hem şanly senä bagyşlanyldy.

Ýene degişli makalalar

Aralýaka sebitde hyzmatdaşlyk ösdürilýär
Lebap welaýat tokaý hojalygy tarapyndan pürli we ýaprakly agaçlaryň nahallarynyň müňlerçe düýbi ýetişdirildi
Güýzki köpçülikleýin bag ekmek dabarasyna taýýarlyk görülýär
Döwrüň derwaýys meselesi
Daşoguzly tokaý hojalykçylary şu ýyl 8 müň gektar ýere sazak ekdiler
Türkmen alymlary Aralyň kynçylyklarynyň netijelerini azaltmagyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar