Türkmen paýtagtynda belli Crocs aýakgap brendiniň ilkinji resmi dükanynyň açylyşy boldy.
Dükanyň haryt görnüşleri oňaýly aýakgaplary halaýanlary begendirse gerek. Bu ýerde çagalar, erkekler hem-de zenanlar üçin aýakgap nusgalarynyň giň saýlawy ýetirilýär. Aýakgaplaryň ölçegleriniň 21-den başlap, 46-njy ölçege çenli bolmagy köp sanly müşderileriň isleglerini doly kanagatlandyrýar.
Crocs aýakgaplary barada aýdylanda, olar diňe bir aýaga oňaýlylygy bilenem däl-de, eýsem adaty bolmadyk göwrümleri we nusgalary bilen tapawutlanýar. Mysal üçin, brende öz gezeginde aýratyn meşhurlygy jibitsler — aýakgaplarda ulanylýan aýryp-dakylýan bezeglik element getirdi diýsek hem ýalňyş bolmasa gerek. Bu aksessuar täze dükanyň assortimentinde hem satyn almak üçin elýeterlidir.
Crocs dükany Berkarar söwda we dynç alyş merkeziniň 1-nji gatynda, #В71 seksiýasynda (aýlawda) ýerleşýär.
Goşmaça gyzyklandyrýan maglumatlary almak üçim alyjylar şu telefon belgisine jaň edip habarlaşyp bilerler: (+993 65) 80 65 51. Sosial media ulgamyndaky sahypasy.