Türkmenistanda COVID-19 bilen bagly ýagdaýlar çylşyrymlaşdy

Türkmenistanda COVID-19 bilen bagly ýagdaýlar çylşyrymlaşdy

Türkmenistanda COVID-19 bilen ilteşikli ýagdaýlar hasam ýaramazlaşdy.

“Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylarynyň maglumatyna görä,15-nji awgustda Lebap welaýatynyň Saýat etrabynda 7 adam jaýlandy. Bular koronawirus keselinden ýa-da onuň bilen bagly saglyk ýagdaýlarynyň ýaramazlaşmagy sebäpli aradan çykdylar. (Olaryň atlary redaksiýada bar).

Saýat etrabynyň 50 orunlyk ýokanç keseller hassahanasynda ýer galmady. Hut şeýle ýagdaýlar welaýatyň beýleki etraplarynda hem bar.

Saýat häkimliginiň ýolbaşçylary koronawirus keseliniň hasam möwjändigi üçin oba ýaşulylaryndan, müftilerinden we arçynlaryndan goňşy etraplardaky we obalardaky jynazalara hem sadakalara gatnaşmazlygy talap edýärler. Şeýlede olaryň oba ilatynyň goňşy ýaşaýyş merkezlerine gitmezligine gözegçilik etmegi hem tabşyryldy.

Şol bir wagtda, Mary welaýatynda hem ýagdaýlar öwerlikli däl.

Bu welaýatda koronawirus keseliniň giň ýaýrandygy üçin Mary-Serhetabat demir ýolunyň ugrundaky Ymambaba obasy ýapyldy.

Oba geçişler we demir ýol menziliniň, ýol gözegçilik gullugynyň merkezleri Serhetabad we Tagtabazar taraplaryndan ýapyk.

COVID-19 ýokanjy bilen kesellänleriň käbiri Ýolötendäki hassahana ýerleşdirildi. Galanlary öýlerinde bejergi alýarlar.

“TH-niň” habarçylarynyň maglumatlaryna görä,14-nji awgustda Çoganlydaky ýokanç keselleri hassanada COVID-19 ýokançly 50-den gowrak adam bardy. Bütin maşgala agzalarynyň keselhana ýerlerşdirilen ýagdaýy hem bar.

Garaşsyz çeşmeler hem ýurtda koronawirusyň giň ýaýrandygyny habar berýärler.

“Azatlyk” radiosynyň maglumatlaryna görä, 14-nji awgustda Mary welaýatynda 3 keselhana we 1 oba karantina alyndy.

12-nji awgustda “Türkmen.news” neşiri Türkmenabatda köpugurly keselhananyň karantina ýapylandygyny habar berdi. Mundan owal hassahananyň käbir bölümleri yzly-yzyna ýapylypdy. Häzir lukmanlaryň keselhanadan çykmagy gadagan edildi.

Farap etraby karantina ýapyldy we otlylaryň Türkmenabad-Aşgabat gatnawlary togtadyldy.

Çoganlydaky ýokanç keselleri hassahana müşterilerden doly we onda çagalar hem bejergi alýarlar.The post Türkmenistanda COVID-19 bilen bagly ýagdaýlar çylşyrymlaşdy first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Maryda ýene güýçli tozanly ýel turdy
“Lebapgazçykaryş” 12 milliard kubmetrden gowrak “mawy ýangyç” öndürdi
Asyryň taslamasyna uly gyzyklanma
Çeşme: Marydaky un ýetmezçiligine Owganystana ynsanperwer kömeginiň ugradylmagy sebäp boldy
Güýçli ýagyş paýtagtyň ençeme köçesinde jaýryklary emele getirdi; garaşsyz neşir Mara sil gelmek howpunyň abanýandygyny aýdýar
19.11.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistandaky inçekeselli näsaglar hassahanada berilýän naharlaryň ugursyzlygyndan şikaýat edýärler