Türkmenistanda çörege glisirrizin turşusy goşulyp başlandy

Türkmenistanda çörege glisirrizin turşusy goşulyp başlandy

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň barlaghanasynda azyk önümlerini taýýarlamakda buýan köküni ulanmagyň tehnologiýasy işlenilip taýýarlanyldy. Glisirrizin turşusy bilen baýlaşdyrylan ilkinji önüm iň köp isleg bildirilýän hem-de her gün iýmit hökmünde ulanylýan azyk harydy bolan çörek boldy. Hünärmenler şeýle hem bu serişdäni Berzeňňi mineral suwuna goşmagy meýilleşdirýärler.

Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda ilkinji we dünýäde dördünji bolup, halkara ölçeglere laýyklykda duzuň ýodlaşdyrylmagyny üpjün eden ýurt hökmünde resmi taýdan ykrar edilendigini bellemek gerek.

Türkmenistan täze ýokanç kesele garşy işjeň göreşip, ýurdumyzyň çäginde koronawirus hem-de beýleki howply ýokançlaryň ýüze çykmagynyň we ýaýramagynyň öňüni almak boýunça toplumlaýyn çäreleri amala aşyrýar.Hususan-da, döwlet Baştutany glisirrizin turşusynyň adam bedeninde ýokanja garşy täsiriniň, onuň iş ýüzünde ulanylmagynyň düýpli barlaglarynyň geçirilmeginiň başyny başlady. Şunuň bilen baglylykda, 2020-nji ýylyň dekabrynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçysyna hem-de saglygy goraýyş we derman senagaty ministrine bu ugurda barlaglary geçirmegi tabşyrdy.

Alymlar buýan kökünden hem-de onuň düzüminde ep-esli mukdarda bolan glisirrizin turşusyndan öndürilen derman serişdeleriniň bejeriş-öňüni alyş täsirini tassykladylar.

Çörek we çörek önümleri iň köp sarp edilýän iýmit önümleriniň hataryna girýär hem-de adam ömri üçin zerur bolan ähli maddalary öz içine alýar.Buýan köküniň toşabyny goşmak esasda çörek we çörek önümlerini öndürmegiň tehnologiýasyny işläp taýýarlamak maksady bilen, ýurdumyzda ilkinji gezek buýan köküniň toşabynyň goşulmagynyň ygtybarly mukdaryny kesgitlemek üçin toplumlaýyn barlaghana işleri geçirildi. Şunuň bilen birlikde, çörek we çörek önümlerini taýýarlamagyň ylmy taýdan esaslandyrylan usullary işlenip düzüldi.

Bular köpçülikleýin önümçilik üçin Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň “Bereketli” söwda merkezine teklip edildi.Häzirki wagtda bu ýerde täze önüm taýýarlanylýar we ýerlenilýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda azyk senagatynda buýany ulanmagyň tehnologiýasy işlenilip düzüldi
Türkmenistanda glisirrizin turşusynyň önümçiligi ýola goýuldy
Glisirrizin turşusy islegli önüm
Köpugurly sergi ösüşlere badalga
Türkmenistanda raýatlara Buýanly çörek önümleri hödürlenilýär
Putin we Szinpin G20-ligiň maslahatyna gatnaşar