Türkmenistanda çagalar “hökümetiň ýalňyş ykdysady we sosial syýasatyndan ejir çekýär”

Türkmenistanda çagalar “hökümetiň ýalňyş ykdysady we sosial syýasatyndan ejir çekýär”

1-nji iýunda dünýäniň ençeme ýurdunda, şol sanda Türkmenistanda Halkara çagalar güni bellenilýär. Türkmen häkimiýetleri “bagtyýar çagalaryň” rahat dynç alyp, okap, öwrenip, döretmegine gönükdirilen maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylýandygyny tekrarlaýar.

Azatlyk Radiosynyň Balkan welaýatyndaky habarçysy bilen söhbetdeş bolan ýaşaýjylar häkimiýetleriň “öwgüli öňe sürmeleriniň” döwlet metbugatyndaky reportažlarda tamamlanýandygyny, çagalaryň “hökümetiň ýalňyş ykdysady we sosial syýasatyndan ejir çekýändigini” aýdýarlar.

“Türkmenistanda çaga bolmak agyr. Ýüz müňlerçe çaganyň iň ýönekeý kadaly naharlanmak mümkinçiligi ýok. Aýda bir sapar-da etli nahar iýmeýän hojalyklar köp. Köçelerde bişmedik miweleri iýip, tut agajynyň tudanalaryny iýip, garnyny doýurýan aç çagalar köp” diýip, balkanly bir ýaşaýjy anonim şertde gürrüň berdi.

Ol bäbekleriň iki hepde iýmitlenmegine ýetýän bir guty emeli süýdüň bahasynyň 550 manatdygyna, şol bir wagtda, ýurtda çaga üçin berilýän döwlet kömek pulunyň bolsa, aýda 300 manatdygyna ünsi çekýär.

“Döwletiň kömek puluna bäbegiň diňe iki hepdelik emeli süýdi hem düşmeýär. Onsoň nädip ýurtda adamyň, çaganyň aladasy edilýär diýip bolar? Bu gapma-garşylyk, aýlyk girdejiniň azlygy maşgalalaryň dargamagyna, jübütleriň aýrylyşmagyna, ene-atalaryň çagalaryny eklemek üçin, olary taşlap, daşary ýurtlara zähmet migrasiýasyna gitmegine, çagalaryň diri ýetim galmagyna getirýär” diýip, balkanly ýaşaýjy sözüne goşdy.

Galyberse-de, ýaşaýjylar giň ýaýran işsizlik we maşgala sebedine girýän girdejiniň pesligi sebäpli, çagalaryň aglabasynyň tomusky dynç alyş möwsüminde dürli işlerde işlemäge mejbur bolýandygyny aýdýarlar.

“Oba ýerlerinde çagalar gowaça otamak, pile ýetişdirmek, mal bakmak, adamlaryň gök bakjasyny, otagyny otap pul gazanýarlar. Şäher ýerlerinde 5-nji klasdan uly çagalar awto ýuwalgalarda, hususy dükanlarda, gurluşyk işlerinde gazanç edýärler ýa-da bazarlarda araba sürýärler” diýip, balkanly ýaşaýjy belledi.

Ol bu işleri tapan çagalaryň özlerini “bagtly” saýýandygyny, sebäbi bu işleri tapyp bilmedik köp çaganyň dilegçilik edip ýa-da zibil dörüp, plasmassa gaplary ýygnap, olary ujypsyz pula satyp, maşgalasyna kömek etmeli bolýandygyny aýdýar.

“Türkmenbaşy şäheriniň 1-nji, 2-nji, 3-nji we 4-nji etrapçalarynda, Janga ýaşaýyş toplumynda dilegçilik edýän, zibil dörýän ýa-da bazarlarda araba sürýän çagalaryň köplüginden ýaňa şäherde dilegçilik etmeýän, zibil dörmeýän, arabakeşlik etmeýän çaga barmyka diýen pikire gelýäň” diýip, balkanly başga bir ýaşaýjy belledi.

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler kabinetiniň 17-nji maýda geçirilen mejlisinde tomusky dynç alyş möwsüminde Gökderede we “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda, welaýatlardaky çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezlerinde çagalaryň we ýetginjekleriň mynasyp dynç almagyny guramagy wise-premýere tabşyrdy.

Balkanlylaryň ençemesiniň tassyklamagyna görä, ene-atalar çagany gürrüňi edilýän merkezlere 20 günlük ibermek üçin azyndan 4500-5000 manat çykdajy etmeli bolýar.

“Bu puluň 2500 manadyna ýollanma satyn alynýar, galan bölegine egin-eşikleri we beýleki zerurlyklary satyn almaly. Ýurtda bir mugallymyň aýlygy takmynan 2000 manada barabar mahaly, bu merkezlere ýurduň diňe ujypsyz gatlagynyň çagalary gidip bilýär” diýip, balkanly ene belledi.

Türkmen häkimiýetleri we mediasy ýurtda çagalaryň “bagtyýar durmuşda ýaşaýandygyny we olaryň tomusky dynç alyş möwsüminde öz wagtyny boş geçirmezligi üçin ähli şertleriň döredilýändigini” aýdýarlar, ýöne ýokarda gürrüňi edilýän ýagdaýlar barada mesele gozgamaýarlar.

Türkmenistan çagalaryň ýaşaýşyny, goraglylygyny we ösüşini üpjün etmek boýunça Bütindünýä Jarnamasyna, Birleşen Milletler Guramasynyň çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýasyna, Çagalaryň halkara derejede ogurlanmagynyň raýat jähetleri boýunça Gaaga Konwensiýasyna goşuldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Düýpli abatlaýyş işlerine mätäç turbalardan gaz syzýar, ilatly ýerlerde gazyň basyşy ymykly peselýär
Polisiýa institutyna giren oglum boýuny 200 müň manada 'uzaltdyrdy' - şaýat
Gazak halkynyň görnükli şahsyýetlerinden biri, döwlet adamsy, türki dünýäniň ýazyjysy Tölen Abdikuly
Nepalda 5 rus alpinist ýogaldy
Balykçylar deňizden kowulýar, bazarda esgerleriň tutan balyklary satylýar - çeşme
Lebapawtoulag — sebitiň ulag kuwwaty