Türkmenistanda buýan köküni gaýtadan işläp, arassalanmadyk glisirrizin öndürýän kärhana gurlar

Türkmenistanda buýan köküni gaýtadan işläp, arassalanmadyk glisirrizin öndürýän kärhana gurlar

Türkmenabat şäherinde Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň “Türkmendermansenagat” birleşiginiň S.A.Nyýazow adyndaky “Buýan” obasenagat toplumynyň buýan köküni gaýtadan işläp, arassalanmadyk glisirrizin turşusyny öndürýän kärhanasy gurlar. Bu baradaky degişli Karara Hökümetiň 14-nji ýanwarda geçirilen mejlisinde türkmen Lideri gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň “Türkmendermansenagat” birleşiginiň S.A.Nyýazow adyndaky “Buýan” obasenagat toplumynyň buýan köküni gaýtadan işläp, ýylda 390 tonna arassalanmadyk glisirrizin turşusyny öndürýän kärhanasyny ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada “Mizemez gadam” hususy kärhanasy bilen şertnamany, kärhana üçin elektrik, aragatnaşyk, gaz, suw üpjünçiliginiň hem-de lagymyň meýdançadan daşarky eltiji inžener ulgamlarynyň we desgalarynyň taslamalaryny düzmek, durkuny täzelemek ýa-da täzelerini gurmak hem-de olary umumyşäher ulgamyna birikdirmek işlerini ýerine ýetirmek şertinde baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2022-nji ýylyň ýanwar aýynda başlamak we kärhanany 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda owal Covid-19 bejermäge teklip edilen buýan ekstrakty gatylan çöregi we mineral suwy çykarmaga başladylar
Saglygym baýlygym
Türkmenistanda raýatlara Buýanly çörek önümleri hödürlenilýär
Köpugurly sergi ösüşlere badalga
Türkmenistanda azyk senagatynda buýany ulanmagyň tehnologiýasy işlenilip düzüldi
Türkmenistanyň döredijilik we parahatçylyk söýüjilik kuwwatynyň artmagy Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň esasydyr
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi