Türkmenistanyň Hökümetiniň 18-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde wise-premýer T.Atahallyýew ýurduň oba hojalygy pudagynda işleriň barşy hem-de welaýatlarda möwsümleýin işleriň geçirilişi barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi. Bu barada TDH ýazýar.
Hasabatda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurduň welaýatlarynda bugdaý ekişi dowam edýär.Ekişde oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallaryň netijeli işledilmegine aýratyn üns berilýär.Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar.
Dowam edýän pagta ýygymy möwsüminiň çäklerinde ýetişdirilen hasyly ýygnap almak, kabul ediş harmanhanalarynda kabul etmek, pagta arassalaýjy kärhanalarda gaýtadan işlemek boýunça degişli işler alnyp barylýar.Ekerançylyk meýdanlarynda güýzlük ekilen azyklyk ekinleriň hasylyny ýygnap almak, sowadyjy ammarlara ýerleşdirmek hem-de bu önümler bilen bazarlary üpjün etmek boýunça zerur çäreler görülýär.
Daşoguz, Lebap welaýatlarynda şaly hasylyny ýygnamaga, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyrynyň ýygymyna başlamaga taýýarlyk görülýär. Şeýle hem wise-premýer Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli geçiriljek dabaraly çärelere görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi we onuň işini kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagyň möhümdigini belledi.
Döwlet Baştutany möwsümleýin oba hojalyk işlerine ünsi çekip, bugdaý ekiş möwsümini talabalaýyk alyp barmak, bu işlerde oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanmak, pagta ýygymy möwsümini guramaçylykly geçirmek, ýygnalýan hasyly kabul etmek, gaýtadan işlemek boýunça degişli işleri alyp barmagy wise-premýere tabşyrdy. Şeýle-de oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde ýurtda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmek babatda tabşyryk berildi.