Türkmenistanda Buddanyň heýkelini rejelemek işlerine badalga berildi

Türkmenistanda Buddanyň heýkelini rejelemek işlerine badalga berildi

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Muzeý gymmatlyklaryny rejelemek işi: dünýä tejribesi we ýetilen sepgitler atly brifing-maslahat geçirildi.

7-nji fewralda geçirilen maslahat wideoslaýdly çykyşlar we sorag-jogap görnüşinde bolup, oňa ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işgärleri, daşary ýurtly alymlar, Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky Milli müdirliginiň hünärmenleri, muzeý işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistan gazetinde habar berilýär.

Maslahatda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mettýu Stiwen Klimou çykyş etdi.Ol Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan Medeni mirasy gorap saklamak baradaky ilçiniň gaznasy atly maksatnamanyň çäklerinde yglan edilen bäsleşikde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi tarapyndan hödürlenip, ýeňiji bolan taslama, ýagny Buddany şekillendirýän monumental gadymy heýkeli rejelemek işlerine ýaňy-ýakynda badalga berlendigi we bu ugurda alnyp baryljak işler barada gürrüň berdi.

Ýene degişli makalalar

ABŞ-nyň Senaty Elizabet Ruduň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky ilçisi wezipesine dalaşgärligini tassyklady
Maryda amerikan ýazyjylary bilen tanyşdyrylyş çäresi geçirildi
Aşgabatdaky Mukamlar köşgüniň sahnasynda brodweý sazlary ýerine ýetirildi
Balkan welaýat kitaphanasynda türkmen-amerikan kitap festiwaly guraldy
ABŞ ilçisi Garaşsyzlygyň 30 ýyllygy bilen gutlap, Türkmenistanyň iň uly hazynasynyň adamlarydygyny aýdýar
Türkmenistan medeni ýadygärliklerini goramak üçin ABŞ-dan 29-njy granty aldy